SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

29-nji iýul ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ!   Egerde  araňyzda  daşary ýurtda  bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň  terjimesi üçin  “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55

E: Mail :   makulhyzmat@gmail.com 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size  29-njy  iýuldaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Uly meýilnamalaryňyz hakda pikir ediň. Olary durmuşa geçirip başlamak üçin garaşyp oturmaň. Şeýle-de bolsa, hereket etmezden ozal hakykatdanam gowy taýýarlandygyňyza göz ýetiriň. Indi improwizasiýa edip bilmersiňiz. Diňe öňünden işlenip düzülen algoritm boýunça ynamly ädimler ätmelisiňiz. Ýakyn geljekde söýgi frontundan gowy habar hem bolup biler. Ünsli boluň, söýgiňiz juda ýakynda bolmagy ähtimal!
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
 Sizde köp problema bar, emma siz bulara üns bermezlik kararyna gelýärsiňiz. Käwagt, bu hakykatdan-da zerur. Wagtlaýyn arakesme, zähmetiň özünden ýüz esse peýdaly bolup biler. Şonuň üçin, özüňize bir gün dynç beriň. Ýatdan çykaran hobbileriňiz bilen meşgullanyň. Kelläňize beter agram salmaň. Häzir güýjüňizi dikeltmek zerur.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Ýyldyzlar jöwzalary dogruçyllyga çagyrýarlar. Hemmeler – kärdeşleriňiz, dostlaryňyz we ýakynlaryňyz bilen açyk boluň. Bu diňe bir durmuş üçin gowy maslahat däl, eýsem adamlaryň hoşniýetliligini gazanmagyň usulydyr. Hakykaty aýdyň we duýgularyňyzy gizlemäň. Zatlara we gymmatlyklara ünsli boluň: häzirki wagtda möhüm bir zady ýitirmek howpy ýokary.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

 Seretanlar üçin zähmetiniň miwesini ýygnamagyň wagty geldi. Siz gaty gowy iş etdiňiz we ykrar edilmäge mynasyp bolduňyz. Arkaýyn boluň, goşandyňyz ünsden düşmez. Kärdeşleriňiz we ýolbaşçylaryňyz, elbetde, umumy iş üçin nädip zähmet çekendigiňizi gördüler. Şonuň üçin üstünligiňizi kabul ediň.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Käwagt diňe özüň bilen wagt geçirmek, dynç almak zerur. Halaýan tagamyňyzdan iýiň, gowy görýän sazlaryňyzy diňläň we söýgüli kitabyňyza göz aýlamaň. Bu öz-özüňizi söýmekmi ýa-da höweslendirmekmi? Bu ikisindenem azajyk, çünki aram-aram bulary edip durmaly. Özüňize hiç bir zady gysganmaň.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Sünbüleler, siz soňky ýyllarda gaty köp bilim we tejribe gazandyňyz! Olary boş ýere goýbermäň. Ussatlygy gazanmagyň iň gowy usuly, bilimleriňizi beýlekiler bilen paýlaşmakdyr. Özüňize ynanyň we has köp zada ukyplydygyňyzy görüň. Tejribäňiziň gymmatyna şübhelenýärsiňizmi? Bu biderek şübhedir. Siz häzir mynasyp görelde bolarsyňyz.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Mizanlar, siz özüňize dogry baha bermeýärsiňiz. Soňky döwürde negatiw pikirlere sezewar bolduňyz, şowsuzlyklara aşa baha berersiňiz. Bu bolsa siziň geljege bolan ynamyňyzy ýitirer. Beýle bolmagyna ýol bermäň. Üstünlikleriňize aç-açan serediň, sada boluň. Siz muňa mynasypsyňyz!

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

 Durmuşyňyzda garaşylmadyk we düýpli üýtgeşmeler bolup biler. Belli bir işiň ýa-da gatnaşyklaryň ajaýyp üýtgeşmelere sezewar bolmagy mümkin we bu prosesi duruzyp bilmersiňiz. Alada etmäň we ýatda saklaň – hemme zat gowudyr. Täzesine şu wagt taýynlyk görüp başlaň, geljegiňizi kabul etmek has aňsat bolar.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      
Kowuslara aşa çynlakaý we çalt gaharlanmazlyk maslahat berilýär. Ýagdaý eliňizden çyksa-da, bolup geçýän zatlara degişme bilen serediň. Ahli şowsuzlyklaryňyz gymmatly tejribä öwrüler, näme üçin ownuk zatlardan ejir çekýärsiňiz? Ýüzüňi-de ýylgyryş bilen batyrgaý boluň!
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

 Her kim biziň kimdigimiz we bu durmuşda näme gazanyp boljakdygymyz hakda pikir edýär. Ýöne käwagt bu çykyş bolmaýan türmä öwrülýär. Päsgelçilikleri ýeňip geçmek üçin çeýe bolmaly, şowsuzlyklara çydap bilmeli. Ähli meýilnamalar amala aşyp duranok we munuň jeza däl-de, bereketdigine düşünmeli.

Daluw (gowa 21.01-20.02)
Daş-töweregiňizde köp gybat bar. Käbirlerini özüňiz hem bilýärsiňiz, beýlekiler hakda welin bilmeýärsiňiz. Emma olar hakda alada etmäň. Abraýyňyza sizden başga hiç kim zyýan bermez! Hakykatdanam, myş-myşlar gysga möhletli, şonuň üçin olar hakda alada etmäň, möhüm hasaplaýan işiňi ynam bilen dowam etdiriň. Üstünligiňiz bilen göripleri jezalandyryň!
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Hutlar, häzirki wagtda siz aragatnaşygyňyzy ýitirdiňiz. Siz öz duýgyňyzy, içki sesiňizi diňlemeýärsiňiz. Bularyň bolsa, siziň wepaly ýoldaşlaryňyz we dostlaryňyzdyr. Tebigy instinkt elmydama näme etmelidigiňizi aýdýar, şonuň üçin akyl sesini özüňizde gark etmäň. Daş-töweregiňizdäkileriň hemmesi ters diýse-de öz içki sesiňize görä hereket ediň.

Ýene-de okaň

16-njy Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

15-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

14-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

13-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

12-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (10-njy -16-njy iýun)

Ata Watan Eserleri