Owadan Sünbüleler kimler

www.atavatan-turkmenistan.com

Umumy häsiýetnama

 Sünbüle (Gyz 24.08—23.09) owadan, guramaçylykly we mähribandyr. Kümüşsow reňkleri halaýarlar. Üstünlik getirýän daşy — hrizolit.  Günebakar gülüni halaýarlar. Bu ýyldyzyň astynda doglanlar adalatlylygyň we arassaçylygyň tarapdarlarydyr. Şeýle-de sünbüleler ähli işe birbada ýapyşman, islendik bir öz saýlan ugrundan ökde bolmaklyga, ýagny professional derejä ýetmeklige ymtylýar.   Olar bütin ömrüni öwrenip, okap geçirýärler, hat-da öwrenen we bilýän zatlaryny paýlaşmagy hem gowy görýärler.

Sünbüleler köplenç owadan bolýarlar.  Olar saza üşükli, owadan sesli adamlardyr. Şeýle-de olar egin-eşik saýlamakda hem ökdedirler. Sünbüle ähli zada seresaplylyk bilen çemeleşýär. Şonuň üçin olar saglygyna hem aýratyn üns berýärler. Olar immunitetini galdyrmak maksady bilen hem dürli bejergi we öňüni alyş çärelerini ýerine ýetirip durýarlar.

Durmuşa öz hakykaty bilen garaýarlar, ýagny arzuw-hyýallardan daşdadyrlar. Tygşytlydyrlar, diňe özüne we ýakynlaryna zerur zatlary satyn alýarlar. Olar öz ýakynlaryndan arassaçylygy talap ederler.

Artykmaçlyklary we kemçilikleri

Sünbüle örän duýgur. Goh-galmagaly halamaýar, ol ýerden gaçmak bilen bolýar. Onuň sagatma-sagat kesgitlenen gündelik işleri bardyr. Ol mizan ýaly sabyrly däldir. Umumy ýagdaýy üýtgäp durýar, keýpi durnuklylygyny saklamaýar. Gündelik aladalary, işi unutmak üçin olar ara-ýarym dynç almaga gitseler, özlerini dürsemäge, oýlanmaga mümkinçilik bolar.  Şeýle-de bu ýyldyzyň astynda doglanlaryň söwda işinden hem başy çykýar. Sünbüleler konstruktor, sazanda, ýazyjy, lukman, suratkeş, heýkeltaraş bolup bilerler.

Sünbüleler islendik işde onuň maddy girdeýjisine görä zähmet çekýärler. Emma olar üçin öz işiniň ussady bolmak möhümdir. Çydamlylyk — bu ýyldyzyň astynda doglanlaryň iň oňat gylyklarynyň biridir.

Okap bilersiňiz  Neşir işleri dowam edýär

Sünbüle maşgala durmuşyny gowy görýär. Olar ýiti zehinli, islendik tabşyrylan işi ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi halaýan,  şeýle-de oňat netijeleri gazanmagy başarýan adamlardyr. Olar gödekligi halamaýarlar.

Bu ýyldyzyň astynda doglanlar ýalňyşlyklary, biwepalygy aňsatlyk bilen bagyşlamaýarlar.

Söýgüde

 Sünbüleler söýgä ynananoklar. Gatnaşyklarda birek-birege bolan sylagyň möhümdigini gaýtalaýar. Özüne ýanýoldaş ýa-da gelin saýlanlarynda bilim derejesini, köpçülikdäki abraýyny we eýeleýän wezipesine laýyklykda saýlaýarlar. Gyzyklanmasalar, gürrüňdeşlige hem girmeýärler.

Sünbüleler üçin gatnaşyklarda birek-birege goldaw bermek, ynam, wepalylyk, pikirlere hormat goýmak möhümdir.  Zenan sünbüleler leňňeçler we akraplar bilen durmuş gursalar bagtly bolarlar. Erkek sünbülelere bolsa, balyk we ekizekler bilen durmuş gurmak maslahat berilýär.

Saglygy

Sünbüläniň ejiz ýeri — içegedir. Şonuň üçin olar köplenç berhiz saklaýarlar. Olara sport bilen yzygiderli meşgullanmak maslahat berilýär. Sünbülelerde allergiki ýagdaýlar hem gabat gelýär. Şonuň üçin ulanýan serenjam beriji serişdelerine üns bermek gerek.

Halaýan ýurtlary

Ýaponiýa, Çehiýa, Germaniýa, Koreýa, Turkiýä, Çili.

Şäherleri:

Pariž, Bagdad, Geýdelberg, Los-Anjeles, Çikago.

Meşhur sünbüleler

Bleýk Laýwli, Klaudiýa Şiffer, Zemfira, Faina Ranewskaýa, Ingrid Bergman, Kameron Diaz, Salma Haýek, Keti Topuriýa, Larisa Dolina, Emi Uaýnhaus, Agata Kristi,  Sofi Loren, Aleksandr Lukaşebko, Paulo Koelýo, Tim Berton, Maýkl Jekson, Riçard Gir, Fredi Merkýuri, Dmitriý Medwedew, Stiwen King, Bill Mýurreý.

Beýleki ýyldyzlar barada, şeýle hem hepdelik Täleýnamalar Sizi gyzyklandyrýan bolsa, onda Sizi Täleýnamalar sahypamyza garaşýarys. Täleýnamalar sahypamyzy okamak üçin gök ýazylan ýere basyň ýa-da aşakdaky surata basyň!