TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝETTESWIRLER

Täleýnama — ýyldyzlar näme diýýär

Her gün millionlarça adamlar «ýyldyzlar näme diýýär» diýen gyzyklanma bilen gazet-žurnallaryň ýa-da elektron saýtlaryň sahypalaryny gözden geçirýärler. Göçme manyda aýdylan, halk arasynda ulanylýan bu düşünje aslynda näme manyny aňladýar? Ýyldyzlaryň täsiri astynda adamyň doglan senesine laýyklykda düzülen çyzga goroskop diýilýär. Bu söz türkmen dilinde täleýnama diýip terjime edilýär.

Irki döwürlere göz aýlasak, täleýnama düşünjesi biziň eýýamymyzdan öň V asyrda Mesopotamiýada ýüze çykypdyr. Şol döwürler ilkinji gezek täleýnama bilen bagly tejribeler synanşylypdyr. Eýýäm biziň eýýamymyzdan öň II-I asyrda Müsürde goroskopiki astrologiýa ylmynda anyk ädimler ädilipdir.

Goroskopiki astrologiýa ylmynda zodiak düşünjesi hem gabat gelýär. Eýsem ol näme? Zodiak latyn sözünden gelip çykyp, «haýwanlardan ybarat bolan halka» manysyny berýär. 12 sany zadiagyň umumy häsiýetnamasyny Size ýetirmegi makul bildik.

1.Hamal (Guzy 21.03—20.04)

Hamallar ähli zady gowulyga ýorýarlar. Bu ýyldyzyň astynda doglanlaryň arasynda pälwanlar köp gabat gelýär. Hamallar kesirlilik edip, öz diýeninden gaýtmaýarlar. Bu ýyldyzyň astynda doglanlar şol bir iş bilen köp wagtlap meşgullanyp bilmeýär. Olar söýmegi başarýarlar. Emma duýgulary uzak wagt dowam etmeýär. Şonuň üçin täze duýgularyň gözlegine çykýarlar.

2.Sowur (Öküzçe 21.04—20.05)

Bu ýyldyzyň astynda doglanlar özüniň bu dünýä diňe gowulyklary peşgeş bermek üçin ýaradylandygyna ynanýarlar. Köplenç halatlarda olar mamla. Olaryň ähli ugurlardan başy çykýar. Olaryň ukyp-başarnyklary we mümkinçilikleri ýokary bolýar. Sowurlara iş buýurdyňmy, onuň iň ussatlyk bilen ýerine ýetiriljekdigine ynanaý. Sowurlar baran ýerine diňe şatlyk getirýär. Olar ýakynlaryna, dogan-garyndaşlaryna juda wepaly.

 

3.Jöwza (Ekizekler 21.05—21.06)

Ekizekler juda akylly, ugurtapyjy we şadyýan adamlar. Olar bilen wagtyň örän gyzykly we şagalaňly geçýär. Olaryň asuda wagtyna az gabat gelinýär.  Köneçil pikirleri asla halamaýarlar. Ekizekler döwrebap bolup, olaryň arasynda aýdymçylar, sungat we döredijilik işgärleri köp gabat gelinýär.

 

  1. Seretan (Leňňeç 22.06—22.07)

Bu ýyldyzyň astynda doglan adamlar inçe duýgulara eýedirler. Olar ähli zada ýürekden ýapyşýarlar. Seretanlar gödekligi halamaýarlar we durmuşdaky barlyk düşünjeleri olary az gyzyklandyrýar. Owadan we göze gelimli geýinmegi halaýarlar. Maşgala seretanlar üçin ilkinji orundadyr. Ýakynlarynyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin jan edýärler.

 

  1. Eset (Ýolbars 23.07—23.08)

Esetlere üns bermezlik mümkin däl. Baran ýerinde üns merkezinde bolmagy halaýarlar. Gymmatbahaly we owadan eşikleri geýinmegi halaýarlar. Eseti söýmän bolar, emma onuň gözelligine maýyl bolmazlyk mümkin däl. Ähli zada garamazdan, olar kiçigöwünlidirler.

 

  1. Sünbüle (Gyz 24.08—23.09)

Müneçjimleriň aýtmagyna görä, bu ýyldyzyň astynda doglan zenanlar, juda zehinli bolýarlar. Olar diňe bir oýlanyşykly hereket etmän, özi üçin peýdaly bolmadyk duýgulara garşy çykyp bilýärler. Sünbüleler özlerine erk edip bilýärler. Olaryň köpüsi berk we agzybir maşgala gurýar.

 

  1. Mizan (Terezi 24.09—23.10)

Mizanlar elmydama oý-pikirde. Şeýlelikde islendik meselede «ýedi ölçäp, bir kes» diýlen nakyla eýerýärler. Olar islendik meselede oýlanyşykly hereket edip, beýleki ýyldyzlaryň pikir etmeýän taraplaryny hem göz öňünde tutýarlar. Olar hoşniýetli we dostana adamlar.  Olaryň aňsat-aňsat keýpi gaçmaýar.

 

  1. Akrap (Içýan 24.10—22.11)

Akraplar – agyr häsiýetli, emma göze gelimli adamlar. Olar özleriniň hereketleri we owadanlygy bilen islendik adamy haýrana goýmagy başarýar. Olaryň köplenç şahsy durmuşy gowy bolýar. Emma kähalatlarda ynamdan gaçyp hem bilýär. Sebäbi bu ýyldyzyň astynda doglan adamlar ynamdar hasaplanmaýar.

 

  1. Kowus (Keman 23.11—21.12)

Kowuslaryň durmuşda belli maksatlarynyň bolmagy zerurdyr. Şol sanda maksatlaryny hem dogry saýlamaklygy möhümdir. Sebäbi bu ýyldyzyň astynda doglan adamlar maksadyna ýetmek üçin dyrjaşýar. Kowuslar durmuşdaky kynçylyklardan ýa-da şowsuzlyklardan gorkmaýar we ruhdan düşmeýär. Bu ýyldyzyň astynda doglan adamlaryň dosty bolmak örän ýakymly. Kowuslaryň daşynda elmydama özüne wepaly ynsanlar bardyr.

 

  1. Jedi (Owlak 22.12—20.01)

Zähmetsöýüjilik, oýlanyşykly hereket etmek — jedileriň üstünlikleriniň açarydyr. Hut şu häsiýetler bu ýyldyzyň astynda doglan adamlara kynçylyklary ýeňip geçmeklerine we maksatlaryna ýetmeklerine ýardam berýär.

 

  1. Daluw (Gowa 21.01—20.02)

Daluwlar özgäniň pikirine bagly bolman, özbaşdak hereket etmegi halaýarlar. Elbetde, bu ýyldyzyň astynda doglan adamlaryň dostlary, deň-duşlary, garyndaşlary, ýakynlary bar, emma olaryň hiçisi daluwlara doly düşünmeýär. Olaryň öňdengörüjilik duýgulary has ýokary.

 

  1. Hut (Balyk 21.02—20.03)

Hutlaryň örän ýakymly häsiýetleri bar. Olar duýguçyl, romantik. Olaryň ýanynda özüňi rahat duýýarsyň. Özüniň ajaýyp gylyk-häsiýeti, üns-hemaýaty bilen söýgüde «doň ýürekleri hem eredip bilýär». Olar işde üstünlikli bolup, islendik kynçylykdan ugur tapmagy başarýar.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Azerbaýjanyň Eýrandaky ilçihanasyna edilen hüjümi ýazgardy

Täjigistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini sapar bilen gelmäge çagyrdy

Ata Watan Eserleri

Dalaşgärleri hödürlemek möwsümi başlady

1 teswir

Aman 2022-10-14 at 23:23
Taleynama

Daluwlara 15 oktyabrda nameler garaşýar

Teswirle