SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Stambul 5 million syýahatçy kabul etdi

Türkiýäniň meşhur şäheri Konstantinopol daşary ýurtly syýahatçylaryň iň meşhur ýeri bolmagyny dowam etdirýär. Üç imperiýanyň taryhy paýtagty Stambula syýahatçylaryň akymy şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 12% ýokarlandy.

Stambulyň Medeniýet we syýahatçylyk bölüminiň habaryna görä, ilkinji 5 aýda Stambula gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 5 million adama ýetdi. Geçen ýyl bu görkeziji 4,8 million adam bolupdy.

Şu ýylyň aprel-maý aýlarynda iň uly türk şäherleriniň birine daşary ýurtly syýahatçylaryň akymy 2023-nji ýylyň şol aýy bilen deňeşdirilende 15% ýokarlandy – 1,289,903 adamdan 1478.218 adama ýetdi.

Şol bir wagtyň özünde daşary ýurtly myhmanlaryň 83% -i (takmynan 1 000 000 adam) howa ýoly bilen Stambula geldi, ýene 19,135 adam deňiz gatnawyny makul bildi.

Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň resmi statistikalaryna görä, geçen ýyl Türkiýä takmynan 50 million daşary ýurtly myhman gelipdi.

Ýene-de okaň

Jons Hopkins uniwersitetiniň lukmançylyk mekdebi mugt bolar

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitap pars diline terjime ediler

Türkiýäniň Ysparta şäherine hasyl möwsüminde baryp görüñ!

Ata Watan Eserleri

Yslam ösüş banky Türkmenistandaky onkologiýa merkezleriniň gurluşygyny maliýeleşdirer

«Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasyna «Hil ulgamynyň laýyklyk sertifikaty» berildi

«Türkmenhowaýollary» agentligi Kuala-Lumpur şäherine ýolagçy gatnawyny artdyrýar