BIZNES

Hindistanyň kompaniýalary Türkmenbaşy portunyň mümkinçilikleri bilen gyzyklanýar

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň edara binasynda Agentligiň ýolbaşçylarynyň hem-de Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar deňiz ulaglary pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyny, şeýle hem, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen ýükleri üstaşyr geçirmegiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem, duşuşygyň dowamynda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ýükleri üstaşyr geçirmekde Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesinde möhüm orny eýeleýändigi bellenildi.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri hindi tarapyna porty dolandyrmakda tejribe alyşmagy babatynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip etdi.

Hindistanyň Ilçisi hindi kompaniýasynyň 30-dan gowragynyň Türkmenistana baryp görmegi we Türkmenbaşy portunyň mümkinçilikleri bilen tanyşmagy isleýändiklerini belläp geçdi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar deňiz ulag pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli tagallalaryň ediljejkdigini ylalaşdylar.

Ýene-de okaň

Özbegistan 10 milliard dollarlyk “akylly” şäher gurar

Türkmenistanda 40 milliard 230 million kubmetr tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Özbegistanyň esasy söwda hyzmatdaşy

Eýranda 1.7 million awtoulag öndüriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň serhet wekilleriniň ikinji duşuşygy

Türkmenistanda “akylly” gaz hasaplaýjy enjamlary gurnalar