СОБЫТИЯ

Duýgur leňňeçler kimler

12 ýyldyzyň 4-njisi bolan seretan (leňňeç) — (22.06 —22.07) duýgur we akyllydyr.  Halaýan reňki —mämişi. Güli ak bägüldir. Üstünlik getirýän daşy merjendir.  Müneçjimleriň aýtmagyna görä, bu ýyldyzyň astynda doglan adamlaryň töweregindäkileriň pikirini bilmek ukyplary bardyr.  Olar özüne ynamly, ýardamsöýer we wepaly adamlardyr. Töweregindäkileriň arasynda abraýa eýe bolup, özlerine boýun egdirip bilýärler. Seretanlar berk we talap ediji ýolbaşçylardyr. Ýöne muňa garamazdan iň duýgur ýyldyzlaryň biridir, emma duýgularyny köplenç töweregine belli edýän däldirler. Dost-ýarlarynyň ýa-da ýakynlarynyň keýpiniň oňat ýa-da erbetdigi olara aýan.

Leňňeçler maşgalasyna aşa wepalydyrlar. Işde öňe çykmagy halaýarlar. Olar psihologiýa ylmyna ýykgyn bolup, islendik işiň düýp meselesine aralaşyp, dogry netije çykarmagy başarýarlar. Olary aldamak kyn, emma islendik ýakymsyz ýagdaýlary göwnüne alýarlar.

Ynamly we wepaly leňňeçler uzakmöhletli gatnaşyklary ýola goýýarlar. Logiki pikirlenmek ukyby ýokary. Islendik gatnaşyklara ýa-da ýagdaýlara seresaply çemeleşýär. Ol aýralygy, şowsuzlygy agyr geçirýär, özüne bolan ynamy gaçýar.

Bu ýylydyzyň astynda doglanlar köplenç halatlarda ýolbaşçylyk wezipelerini eýeleýärler. Sebäbi leňňeçler adamy oňat tanaýarlar, olar maksadaokgunly we guramaçylykly.  Leňňeç zenanlar — hakyky ejeler. Aladaçyl zenan leňňeçler söýgüde talap edijidirler. Bu ýyldyzyň astynda doglanlaryň özüni nahili alyp barjagy diňe keýpine baglydyr.

Artykmaçlyklary we kemçilikleri

Bu ýyldyzyň astynda doglanlar ýönekeý meseleleri we kynçylyklary hem ulaldyp, çişirip bilýärler. Leňňeçleriň iki tapawutly häsiýetlileri gabat gelýär. Olaryň käbiri — liderler, käbirleri bolsa, göwniçökgün leňňeçlerdir. Emma olaryň ikisi hem adamlaryň göwnüni tapyp bilýärler. Başgalaryň göwnüni tapjak bolup, özleriniň zyýan çekýän pursatlary az gabat gelenok.

Bu ýyldyzyň astynda doglanlar  edil balyk ýyldyzy ýaly, suwy halaýarlar. Ýekeligi halaýan leňňeçler, aňsatlyk bilen köpçülige garyşyp-gatyşyp bilenoklar. Şeýle-de seretanlaryň pikiri we duýgulary üýtgäp durýar.

Saglygy

Leňňeçler köplenç öz duýgularyny töweregine hat-da ýakynlaryna bildirmeýärler. Bu olar üçin zyýan. Sebäbi ol ähli duýgularyny içine salyp, kähalatlarda nerw ulgamyna hem zeper ýetirip bilýär. Iýmegi halaýan leňňeçler, aşa semizlikden uly zyýan çekip bilýär. Seretanyň ejiz ýeri — aşgazanydyr. Zähmetsöýer leňňeçler käwagtlar dynç almagy hem unudýarlar. Bu bolsa, olaryň özlerini elmydama ýadaw duýmaklaryna getirýär.

 Söýgüde

Leňňeçler aladaçyl, ýakynyna duýgudaşlyk bildirip bilýän ýyldyzdyr. Şu oňat gylyklary sebäpli, olar söýgüde bagtly bolup bilerler. Emma olar ähli gaýgy-hasratlaryny, duýgularyny, pikirlerini daşyna çykarmaýandyklary üçin kynçylyklara duş gelip bilerler.

Ähli adamalar bilen oňat gatnaşygy saklamagy ýörelge edinýän leňňeçler sünbüle, öküzçe, balyk bilen durmuş gursa, bagtly bolarlar.

Gyzyklanýan ýurtlary

Hindistan, Nepal, Özbegistan, Merkezi Aziýa, Gollandiýa, Şotlandiýa, Daniýa, Kanada, Paragwaý, Täze Zelandiýa.

Meşhur leňňeçler

Meril Strip, Alsu, Pamela Anderson, Liw Taýlor, Tutta Larsen, Lindseý Lohan, Şazenan Diana, Zinedin Zidan, Timur Bekmambetow, Maýk Taýson, Tom Kruz, Silwester Stallone, Tom Henks, Harrison, Ford, Robin Williams, Ýegor Krid.

Beýleki Ýyldyzlary gyzyklanýanlar üçin Täleýnama sahypamyza geliň!

 

Ýene-de okaň

Туркменистан представит национальный павильон на ЭКСПО Китай–Евразия в Урумчи

Туркменистан присоединится к Протоколу об охране промышленных образцов к Евразийской патентной конвенции

В связи с Курбан байрамы 16-17-18 июня выходной перенесен на среду

Жители Дашогузского велаята нашли монеты 12-13 веков

Потенциал казахстанского экспорта в Туркменистан оценивается в $ 120 миллионов – Минторговли и интеграции Казахстана

В Стране восходящего солнца сияют огни культуры Туркменистана