TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝETTESWIRLER

Ugurtapyjy akraplar (24.10 — 22.11) kimler

Umumy häsiýetnama

Akrap ýyldyzlaryň sekizinjisi bolup, olar suwy juda halaýarlar. Akraplar duýgurdyrlar. Şeýle-de olar köplenç daş-töwerekden daşlaşyp, öz duýgy dünýäsine aralaşýarlar. Akraplar özlerini juda söýýärler. Gaharlansa, garaşylmadyk hereketleri etmäge ukyply. Şol sanda olar ugurtapyjy, zehinli adamlar, hat-da olar döredijilikden hem daşda däl. Akraplaryň arasynda islendik sebäpden ruhy çöküp, durmuşda köp zady erbetlige ýorýanlary hem gabat gelýär.

Bu ýyldyzyň astynda doglanlar gönümeldirler. Olara tapawudy ýok, sen başlyk bol ýa ýakyny bol, şol pursat pikirini bolşy ýaly beýan eder. Olar üçin iň gowy dynç alyş ýeri — deňiziň kenarydyr. Olaryň suwy halaýandyklaryna ýene bir gezek şaýat bolýarys.  Daşky görnüşi boýunça örän owadan we ýakymly akraplar özlerine bolan ynamy hem ýokarydyr. Akraplaryň öňdengörüjilik ukyplary hem bar.

Mundan başga-da bu ýyldyzyň astynda doglanlar sabyrly bolmagy hem başarýarlar, ýöne çala zada gaty görüp bilýärler, ýagny akrap baryp ýatan öýkelek. Olar ukyny gowy görýärler. Gowy ukusyny almasalar, hiç bir işe başlamazlar. Şeýle-de akraplar syýahat etmegi hem halaýarlar. Akraplar guramaçy, sungat ussady, direktor wezipelerinde zähmet çekip bilerler.

Artykmaçlyklary we kemçilikleri

Akraplar ähli başlangyçlarynda deňagramlylygy saklamagy başarýarlar. Köplenç ýagdaýlarda asudalylygy hem saklaýarlar. Dostana akrap, özüneçekijiligi bilen tapawutlanýar. Şeýle-de bu ýyldyzyň astynda doglanlar özüni we köpçüligi islendik pikirde ynandyryp bilýär.

Akraplaryň kemçilikleri barada iki kelam aýtsak, onda olaryň gysga wagtda üýtgäp bilýändiklerini bellemek gerek. Kiçi zada gaharlanyp, töweregindäkileriň göwnüne degip bilýär. Akraplar az-kem ýalta.

Bu ýyldyzyň astynda doglanlar öz dostlaryna juda wepalydyrlar, emma akraplar biwepalygy kabul edip bilenoklar we netijede ýakymsyz hereket edip bilerler.

Söýgüde

Duýgur akraplar, kähalatlarda söýgüde sowukganly hereket etmegi başarýarlar. Akrap söýgüde edil “buz” ýalydyr, emma buzlary eredip hem bilýändir. Ýanýoldaş hökmünde, olar islendik ýyldyzyň astynda doglan adamy bagtly edip bilerler. Olar balyklar we leňňeçler bilen bagtly durmuş gurarlar.

Saglygy

Bu ýyldyzyň astynda doglanlaryň köplenç halatlarda süňkleri gowşak bolýar. Şonuň üçin olaryň ýa aýagy agyrýandyr ýa eli agyrýandyr…Olar iýmitine hem üns bermelidirler. Az-azdan peýdaly iýmitler bilen iýmitlenmelidirler.

Halaýan ýurtlary

Amerika, Beýik Britaniýa, Awstriýa, Belgiýa we Kipr.

Meşhur akraplar

Julia Roberts, Peter Jakson, Ethan Hawke, Kewin Klaýn, Meg Rýan, Goldie Hawn, Woopy Goldberg, Owen Wilson, Martin Balzam, Liza Bonet, Matthew McConaughey, Dewid Şwimmer,Herry Hamlin, Leonardo DiKaprio, Skarlet Ýohansson, Iwanka Trump, Keti Perri, Siara, Reýçel Makadams

Bu hepdäniň Täleýnamasyny okamak üçin

Hepdelik täleýnama (7-13 sentýabr)

Beýleki ýyldyzlary hem okap bilersiňiz!

Guzy :Müneçjimleriň aýtmagyna görä….Size gowulyk garaşýar

Sowur (Öküzçe 21.04 — 20.05)

Bilesigeliji Ekizekler (Jöwza) kimler?

Duýgur leňňeçler kimler

Maksadaokgunly Esetler kimler

Owadan Sünbüleler kimler

Şadyýan Tereziler kimler

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

Teswirle