No menu items!
23/09/2020 14:16
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Şadyýan Tereziler kimler
Aýbölek Abdyrasulowa
«Watan» gazetiniň jemgyýetçilik we halkara gatnaşyklary bölüminiň redaktory. Aýbölek Abdyrasulowa Geldimyradowna 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetini tamamlady.

Şadyýan Tereziler kimler

Umumy häsiýetnama

Tereziler (Mizan, 24.09 —23.10) “diplomat”, çeper dilli we akyllydyr. Halaýan reňki — gök. Üstünlik getirýän daşy ýakutdyr. Güli — bägüldir. Bu ýyldyzyň astynda doglanlar gözellige duýgur. Olar islendik bäsleşikde ýeňiş gazanmak üçin gaýratly we erjellik bilen hereket edýärler. Hemme zada baha bermegi halaýarlar, deňligi talap edýärler. Işde-de, söýgüde de talap edijidirler. Islendik meselede ikirjiňlenmek we şübhelenmek gylygy bardyr.

Bu ýyldyzyň astynda doglanlar owadan, ýakymly we tertiplidirler. Olary adalat üçin gödek, gaharjaň bolup bilýärler. Mizanlar diplomat, kazy we aklawjy ýaly wezipelerde zähmet çekseler üstünlik gazanarlar. Mizanlar ygtybarlydyr we döredijilik güýjüne eýedirler.

Tereziler ajaýyp guramaçydyrlar, olar dolandyryjylar, kanun çykaryjylar, aklawçylar, suratkeşler we kinorežissýorlar. Fiziki taýdan çydamly tereziler ussat türgenler bolup bilerler. Tereziler ylym işi bilen hem meşgullansalar, uly üstünlik gazanarlar.

Olar şadyýan, gürrüňçil we göwnaçyk adamlardyr. Mizanlar artist ýa-da sungat ussady hem bolsalar, ussatlyk derejesine ýetip bilerler. Emma bu ýyldyzyň astynda doglanlaryň köplenç özüne bolan ynamy pes bolýar.

Artykmaçlyklary we kemçilikleri

Bu ýyldyzyň astynda doglanlar gözelligi halaýarlar. Şeýle-de olar özüne üns çekdirmegi gowy görýärler. Duýgur terezileriň iki dürli häsiýetleri bardyr. Olaryň käbiri juda tertipli, deňagramlylygyny saklap bilýän adamlar, käbiri bolsa, hiç bir meselede netije çykaryp bilmeýän adamlardyr. Mizanlar üçin daş-töweregiň pikiri wajypdyr. Islendik işe baş goşmazdan öň “iller näme diýer” diýen soragy özüne berýär.

Söýgüde

Bu ýyldyzyň astynda doglanlar söýgi meselesinde köplenç kararsyzdyrlar. Öz saýlan ýarynyň kemçiliklerini erbet kabul edýärler. Käwagtlar mizanlaryň kararsyzlygy hem hut şu sebäp bilen baglydyr. Emma olar “kemsiz gözeliň” bolmaýandygyna düşünmeli ahyryn. Islendik meselede diňe öz pikirlerine daýanýar. Başgalarynyň pikirleri mizan üçin möhüm däl.

Gatnaşyklarda öz şahsy durmuşyny gizlin saklamaýarlar, köpçülikde meselelerini gürrüň edip bilerler. Olar Seretan, Akrap we Jedi bilen durmuş gursalar bütin ömrüni bagtly durmuşda ýaşap bilerler.

Romantik tereziler öz duýgularyny beýan edende hem gözellik bilen ýerine ýetirýärler. Mizan Sünbüle bilen oňuşmaýar.

Saglygy

Bu ýyldyzyň astynda doglanlaryň bil, oňurga, böwrekleri gowşak ýerleridir. Olar arassa howada köpräk dynç almalydyrlar. Yzygiderli özüni taplamak üçin dürli maşklary etmek maslahat berilýär. Mizanlar kompýuteriň başynda işleseler hem, aram-aram gözlerine dynç bermelidirler.

Halaýan ýurtlary

Hytaý, Ýaponiýa, Argentina, Birma, Awstriýa, Gawaýi, Müsür, Angliýa.

Şäherleri: Pekin, Kopengagen, Wena, Antwerpen, Ýohannesburg, Sankt-Peterburg.

Meşhur mizanlar

Mahatma Gandi, Marina Swetaýewa, Walentin Ýudaşkin, Armen Jigarhanýan, Nikolaý Baskow, Sergeý Bezrukow, Mihail Lermontow, Will Smitt, Maýkl Duglas, Sergeý Ýesenin, Wladimir Putin, Reý Çarlz, Jan-Klod Wan Dam, Mett Dýmon, Margaret Tetýer, Brijit Bardo, Marion Kotiýaýr, Romi Şnaýder, Monika Belluçi, Gwen Stefani, Toni Brekston, Enni Leýbowis.

Siz şeýle hem aşakdaky degişli suratlaryň üstüne basyp özüňize degişli ýyldyzlar baradaky maglumatlary okap bilersiňiz. Awtorymyz iň gysga wagtda ähli ýyldyzlar baradaky seljermeleri tamamlamany meýilleşdirýär.

Guzy :Müneçjimleriň aýtmagyna görä….Size gowulyk garaşýar

Sowur (Öküzçe 21.04 — 20.05)

Bilesigeliji Ekizekler (Jöwza) kimler?

Duýgur leňňeçler kimler

Maksadaokgunly Esetler kimler

Owadan Sünbüleler kimler

 

telekeçilik bilen meşgullanmak isleýänler üçin gyzykly täzelikleri we maglumatlary,

IŇ TÄZE HABARLAR

2024-nji ýylda 2 sany kosmonawt Aýa iberiler

NASA-nyň habar bermegine görä, täze “Artemis” taslamasy taýýarlandy. Taslamanyň çäklerinde 2024-nji ýylda erkek we aýal kosmonawtyň (jemi 2 sany) Aýa iberiljekdigi habar berildi. NASA-nyň...

Taryhda şu gün – 23-nji sentýabr

23-nji sentýabr ýylyň 266-njy güni. Geliň, taryhda 23-nji sentýabrda bolup geçen taryhy wakalar, dünýä inen adamlar we aradan çykanlar bilen gysgaça tanyş bolalyň. Taryhy wakalar: 1908...

Kaka, ejem nirede?!

(Hekaýa) Ýer ýaly ýuwaş diýilýän ortanjy gyzynyň howsalaly sesi irden işe ugran Atdany duşaklanan ýaly etdi. Sakga saklandy-da, hyrra yzyna öwrüldi. Öwrülişi ýaly-da haýdaşlap ugrady. —...

Ata mähri

Eziz, kyblam, mähriban atam!  Elime galam alyp, siz barada ýazasym geldi. Dogry, dünýäniň diregi, mährem ýürekli eneler hakynda kän ýazylýar. Mähriban käbeler barada näçe...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Pikirler düwünçegi

Söýülmezlik diňe şowsuzlyk, söýmezlik betbagtlykdyr. Albert Kamus Durmuşy söýüň, durmuş hem sizi söýer. Adamlary söýüň, adamlar size söýgi bilen jogap bererler. Anton Grigoriýewiç Rubinşteýn Söýginiň diňe bir serişdesi...

Birža paýdarlar jemgyýetine öwrüler: Paýnamalar hususy tarapa satylar

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasyny paýdarlar jemgyýetine öwürmek göz öňünde tutulýar. Bu ugurda geçirilýän işler baradaky hasabat Ministrler Kabinetiniň mejlisinde garaldy. Döwlet biržasynyň işini...

Tokaý zolaklarynyň azalmagy…

Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatlaryna görä, soňky 20 ýylyň dowamynda dünýäde tokaý zolagynyň 100 million gektary ýok bolup gitdi. Bu barada “European Data News Hub”...

Türkmenistanda zenanlaryň ýantorbalary öndürilip başlar

Gökdepäniň gön zawodynyň hünärmenleri teletinden gyz-gelinleriň ýantorbalaryny çykarmagyň üstünde işleýär. Bu ugurda daşary ýurt tejribeleri içgin öwrenilýär. «Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, bu kärhanada şu...