No menu items!
23/09/2020 12:30
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Hepdelik täleýnama (7-13 sentýabr)

Hepdelik täleýnama (7-13 sentýabr)

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Hamallar geljek hepdede şahsy meseleleri bilen ýüzbe-ýüz bolup bilerler. Bu esasan hem ýaşaýan ýeriňiz ýa-da wezipe bilen bagly bolup biler. Şeýle hem uly jogapkärçilik astynda ýadap bilersiňiz. Arkaýyn boluň. Aýgytly ädimleriňizi dowam ediň. Özüňizi alyp barşyňyza ünsli çemeleşiň. Şonda siz uly üstünliklere ýetip bilersiňiz. Söýgi durmuşuňyzda hem uly özgerişlikler bolup biler. Özüňizi rahat dolandyrmagy başaryň.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Öňümizdäki hepdede sowurlar maşgalasy bilen hezil wagt geçirip bilerler. Bu bolsa iş hem-de maşgala durmuşynda şowlulyklara getirip biler. Sowurlaryň öz kemçiliklerine seretmegiň wagty gelendigini ýyldyzlar duýdurýarlar. Diňe şeýle edilende sowur ýyldyzy astynda doglan adamlar uly üstünliklere ýetip biler. Köpçülik ýerinde özüňizi alyp barşyňyza üns beriň. Adamlara gödek çemeleşmäň.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Geljek hepdede jöwzalar öňünde goýan maksatlaryna ýetip bilerler. Jemgyýetçilik torlarynda işjeňligi artar. Saglygyňyza üns bermegiň wagty geldi. Özüňizi höweslendirýän kitaplary okamagyň wagty gelendigini ýyldyzlar duýdurýarlar. Söwda we tehniki işler bilen meşgullanýan jöwzalar geljek hepdede goşmaça gazanç gazanyp bilerler. Öňümizdäki hepde ýakynlaryňyz bilen oňat wagt geçirip bilersiňiz.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Öňümizdäki hepdede seretan ýyldyzy astynda doglan adamlar käbir kiçijik kynçylyklara taýýar bolmalydyrlar. Ýöne ruhubelent boluň. Çünki ýyldyzlar durmuşda her hili kynçylyk bolaýan ýagdaýynda-da sabyrly we akylly ýol bilen alyp çykmalydygyny duýdurýarlar. Ýokary wezipeli adamlar bilen gatnaşyklaryňyz artyp, işiňiz ugryna bolup biler. Pul meselesinde hem ynamly bolup bilersiňiz. Isleýşiňiz ýaly sarp etmek islärsiňiz.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Geljek hepdede esetler ýakynlaryndan uly itergi duýup bilerler. Durmuş ýoluňyz çalt hereket edýän bu döwürde hereketleriňizi togtatmazlyk gerek. Kärdeşleriňiziň arasynda abraýyňyz ýokarlanyp, işiňiz ugryna bolar. Aşa, köp işlemeklik saglygyňyza ters täsir edýändigini unutmaly dälsiňiz. Geljek hepdede eserler hoş habar alyp bilerler. Dynç almaga hepdäniň belli bir günini gün tertibine goýuň.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Geljek hepdede sünbüleler maliýe meselesine üns bermelidirler. Ýoldaşyňyzyň ýa-da ýakynyňyzyň maddy ýagdaýynda çekýän kynçylyklary paýlaşyp bilersiňiz. Ünsli hereket ediň. Ýogsa garaşylmadyk çykdajylara duşup bilersiňiz. Şu ýagdaýy parasatly alyp çyksaňyz, abraýyňyz has-da ýokarlanyp, size bolan sylag artar. Hiç zady alada etmäňde suwy akýan tarapynda akdyryň. Durmuşda we söýgüde uly üstünliklere ýetip bilersiňiz.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Geljek hepdede mizanlar ýanýoldaşy ýa-da iş durmuşy bilen bagly käbir meselelere duşup bilerler. Bir söz bilen aýdylanda mizanlar geljek hepdede örän başagaý bolarlar. Işjeňligiňizi saklap, özüňize erk ediň. Geljekdäki meýilnamalaryňyz ugryna gidip biler. Ýakynlaryňyz bilen oňat wagt geçirmäge amatly wagt aýyryň. Saglygyňyz adatdakylar ýaly gowy.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Geljek hepdeden başlap akrap saglyk ýagdaýyna aýratyn üns bermelidirler. Esasanam “akyl” saglygyny goramaly. Hemme zada kelläňizi agyrdyp ýörmegi bes etmegiň wagty geldi. Geljek hepdede akraplar özlerini köpçülikde görkezip, minnetdarlyk gazanyp bilerler. Bilim ulgamynda zähmet çekýän akraplara uly jogapkärçilikli işler garaşýar. Saglygyňyzyň aladasyny ediň.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)         

Öňümizdäki hepdede kowus ýyldyzy astynda doglanlar maşgalasy bilen bagly käbir kararlary yglan edip biler. Söýgi durmuşyňyz çalt we bökdençsiz barýar. Maliýe meselesinde jogapkärçiligiňiz artyp biler. Içki dünýäňizde täzeden dolanyp, özüňize ideg etmegiň wagty geldi. Mundan başga-da geljek hepdede tolgundyryjy we lezzetli wagt geçirip bilersiňiz.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Geljek hepdede jediler öý we maşgala durmuşynda kiçiräk meseleler olary darykdyryp biler. Ýyldyzlar diňe öz ýüregiňiz bilen geňeşip, hereket etmegiňizi duýdurýar. Mundan başga-da jedileriň iş durmuşynda jogapkärçiligi artyp, işjeň halda bolmagyna garaşylýar. Gündelik özüňize höweslendiriji mowzuklary goýuň we şolar esasynda işiňizi alyp baryň. Saglygyňyz oňat.

Daluw (gowa 21.01-20.02 )

Geljek hepdede daluwlar başagaý halda bolup geçerler. Ýöne olaryň saglygynyň gowulygy, başagaýlygy kän bir bildirmez. Ýöne şonda-da islendik bir işe oýlanşykly çemeleşmegi ýyldyzlar duýdurýarlar. Maşgalaňyz bilen oňat wagt geçirmegiň wagty geldi. Siz hezil pursatlary daşdan däl-de öýüňiziň içinde maşgalaňyzdan gözlemelisiňiz. Islendik wagt maşgalaňyzyň size goldaw berjekdigini unutmaly dälsiňiz.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Öňümizdäki hepdede hut ýyldyzy astynda doglanlar maliýe kynçylyklaryna gabat gelip bilerler. Çykdaýjylaryňyzy bellige alyp, pullaryňyzy tygşytly we ýerlikli ulanmaga başlaň. Hutlar bu hepdäni asuda we akymly geçirmegi başarmalydyrlar. Ozal ýerine ýetiren işleriňiziň hözirini görüp bilersiňiz. Geljek hepdede hutlara hoş habar garaşýar. Iş gözleýänler iş görüşme tekliplerini alyp bilerler. Saglygyňyz gowy.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin.

Janyňyz sag, işiňiz ugryna bolsun!

IŇ TÄZE HABARLAR

Kaka, ejem nirede?!

(Hekaýa) Ýer ýaly ýuwaş diýilýän ortanjy gyzynyň howsalaly sesi irden işe ugran Atdany duşaklanan ýaly etdi. Sakga saklandy-da, hyrra yzyna öwrüldi. Öwrülişi ýaly-da haýdaşlap ugrady. —...

Ata mähri

Eziz, kyblam, mähriban atam!  Elime galam alyp, siz barada ýazasym geldi. Dogry, dünýäniň diregi, mährem ýürekli eneler hakynda kän ýazylýar. Mähriban käbeler barada näçe...

Türkmenistandan senagat desgasy üçin halkara bäsleşik

Balkan welaýatynda kaustik soda, hlor we hlor önümlerini öndürmek üçin zawod toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de gurmak üçin halkara bäsleşik yglan etdi. Bäsleşige teklipler 2020-nji ýylyň...

Milli Liderimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý mejlisine gatnaşyjylara wideoýüzlenmesi

Hormatly jenap Başlyk! Hormatly jenap Baş sekretar! Ilki bilen jenap Wolkan Bozkyry Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň başlygy wezipesine saýlanylmagy bilen gutlamaga hem-de oňa...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Ýedi ýyldan soň… ilkinji gezek akordy üýtgetdi

Dünýäniň iň haýal saz kompozisiýasy ýedi ýyldan soň ilkinji gezek akordyny üýtgetdi. 2020-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda çap edilen Soprano Anohanna Wargas we kompozitor Julian...

Söýgülimiň romaly

oýlanma      ...Ol hut meniň ýüregimiň üstünde dur. Bu kalba öz mährini çaýyp duran hem bolsa, ol wagtynda ömrümiň iň uly gorkusy bolupdy. Emma... Söýgi —...

Paýtagtymyzda täze dokma dükanlary açyldy

Ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyz Aşgabatda Oguz han köçesiniň ugrunda «Nusaý», «Gala», «Altyn asyr çagalar dünýäsi», «TG aýakgaplar», «Bürgüt» atly täze...

26 ýyllyk sport rekordy täzelendi

Ýeňil atletika boýunça geçirilen “Göwher Liga” atly ýaryşyň çäklerinde 26 ýyllyk rekord täzelendi. Rim şäherindäki ýaryşda syrykly bökmekde 26 ýyl mundan ozal Sergeý Bubkanyň...