SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

22-nji iýul ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ!   Egerde  araňyzda  daşary ýurtda  bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň  terjimesi üçin  “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55

E: Mail :   makulhyzmat@gmail.com 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size  22-nji iýuldaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Biraz garaşyň, haýallaň. Duýgularyňyza göz aýlaň. Ähli zadyň gowy we erbet taraplaryny üns bilen ölçäň. Karar bermezden ozal her tarapdan ýagdaýy bahalandyryň. Bu size we töweregiňizdäkilere laýyk gelýän zady etmäge kömek eder. Gatnaşykda käbir kynçylyklaryň täzeden ýüze çykmagy ähtimal. Häzirki wagtda öňüni alyp bolmajak käbir gepleşikler bar. Dogruçyl boluň. Obýektiw pikirlenmegi başaryň.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Bu gün täze pikirleriň we ylhamyň, döredijilik potensialyňyzy ulanmagyň we täze pikirleri dünýä hödürlemegiň wagtydyr. Özüňize girizilen çäklendirmeleriň ýüküni taşlap, iň batyrgaý taslamalary meýilleşdiriň.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Jöwzalar üçin irdenden başlap şatlyk-şowhun etmek, bellibir wakany bellemek üçin sebäp bar! Şatlyk we gülki şu gün hemişelik bolmaga söz berýär. Mundan başga-da, käbirleriňiz nikalaşmak, ýubileý ýa-da çaganyň dünýä inmegi ýaly möhüm wakany bellärsiňiz. Emma dynç almak hem möhümdir. Şagalaňlardan soň arkaýyn dynjyňyzy alar ýaly özüňize ähli mümkinçilikleri dörediň.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Şu gün öz abadançylygyňyzy gurban edip başgalaryň durmuşyny gowulaşdyrmakdan ägä boluň. Gorag kemeriňizi ilki bilen özüňize dakylýandygyny ýatdan çykarmaň. Bu döwürde paýhasyňyza şübhelenip bilersiňiz. Içerki sesiňize gulak asyň.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Esetler, şuny bilip goýuň, arzuw etmek gaty peýdalydyr. Esasanam häzir we esasanam esetler üçin. Ýatlatma: häzir siz ykbalyňyzy döredýärsiňiz. Şeýlelik bilen, hemişe özüňizde bolan güýji peýdalanyň, özüňize mümkin däl zatlara ynanmaga mümkinçilik beriň. Arzuwyňyzy amala aşyrmak üçin bar güýjüňuz bilen işläň. Hawa, ýene bir zat! Siz käbir adamlar üçin “beter güýçli” bolup galjakdygyňyzy biliň.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Arzuw edýän meýilnamaňyzy amala aşyrmagyň wagty geldi. Bu taslamanyň üstünlikli bolmagy üçin kiçijek, emma diýseň zerur zatlarda ünsi jemlemek möhümdir. Dogry ýa-da ýalňyş ýoluň ýokdugyny ýadyňyzdan çykarmaň. Içki sesiňize eýermek iň gowusydyr. Bu gün özüňize seretmek möhümdir. Güýçli berhizlere eýermegiň ýa-da gündelik durmuşyňyza aşa üýtgeşmeleri girizmegiň ýerine ýeňil maşklary we deňagramly menýuny göz öňünde tutuň.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Käwagt oňaýsyz ýagdaýlara girmegi näçe ýigrenseňizem, bu gün siz ygtybarly dost bolmaly. Biraz haýallaň, daş-töweregiňize serediň. Özüňizi görkezmek häzir zerurdyr. Şeýle hem bu wagt pikirleriňizi ýazga geçirmek maslahat berilýär. Gündelik ýüze çykýan esasy soraglara jogap ýazyň. “Gündelik durmuşymda has köp şatlyk we dynç üçin nädip boş ýer tapyp bilerin? Öz güýjümi peýdalanmak bilen dünýä nädip hyzmat edip bilerin?” ýaly soraglara bu gün mizanlar jogap tapmaly bolarlar. Mizanlaryň käbir wekilleri ykbal tanyşlygyna garaşýar, taýyn boluň!

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Elmydama bir aýagy gapyň aňyrsynda bolana ýüregiňizi berdiňiz. Bu gün öňki söýginiň sizi ýatdan çykarmandygyny görüp bilersiňiz. Emma, köne ýollara gaýdyp barmak meýliňizden ägä boluň. Bu emosional duzaklar size hiç hili peýda getirmez.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Biziň hemmämiz içki boşlugymyzy doldurmak, şähdimizi açmak, ähli ýaman zatlary ýadymyzdan çykarmak üçin dürli usullardan peýdalanýarys. Käbirleri buzgaýmak iýmek bilen, käbirleri aýdym diňlemek bilen özlerini köşeşdirýärler. Häzirki wagtda kowuslar üçin daşarky dünýäde hiç kimiň içki boşlugyňyzy dolduryp bilmejekdigini we diňe özüňiziň şatlygyň we bagtyň çeşmesidigiňizi bilmek zerurdyr. Bu size häzirki çylşyrymly döwürde ýoluňyzy mynasyp dowam etdirmäge kömek eder

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Şu gün sizi dawa-jenjeliň energiýasy gurşap alýar. Öz pikirleriňizi diňletmek size kyn bolar. Pikiriňizi beýleki adamlara düşündirmäge synanyşmak bolsa, has kyndyr. Munuň ýerine size güýç berýän, şatlyk getirýän zatlary ediň. Ýene-de dünýä çykmagyň wagtynyň gelendigine düşünersiňiz.

Daluw (gowa 21.01-20.02)
Köne durmuş ýolundan dynmagyň wagty geldi. Özü-de derrew! Ýyldyzlar bu babatda size söýgi we beýleki gatnaşyklarda üýtgeşme girizmegi maslahat berýärler. Arzuw etmegi bes etmäň. Saglygyňyza we iýmitiňize üns beriň.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)

 Özüňizi çüňke dykyp, bütin dünýä size garşy duran ýaly duýmak aňsatdyr. Kyn ýeri, göreşmekdir. Siz häzir gorky sebäpli aragatnaşykdan daşlaşýarsyňyz. Hondanbärsiligi taşlaň. Kömek soraň we ony almaga rugsat beriň. Bu işde hemme zadyň göz öňüne getirişiňiz ýaly kyn däldigine düşünersiňiz.

Ýene-de okaň

16-njy Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

15-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

14-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

13-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

12-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (10-njy -16-njy iýun)

Ata Watan Eserleri