SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

01-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ!   Egerde  araňyzda  daşary ýurtda  bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň  terjimesi üçin  “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55

E: Mail :   makulhyzmat@gmail.com 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size  01-nji  sentýabrdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

 Hammalarda iň zerur bolan  zatlaryň biri energiýasy peseler. Hatda ähli isleglerini ýerine ýetirmäge, işde-de, öýde-de ähli ýagdaýlary çözmek üçin ýeterlik güýji bolmaz! Şol sebäpli,  başdan geçirýän ýagdaýlary üçin, bu ýa-da beýleki meseläni has amatly wagta goýmak maslahat berilýär. Ähli zada habardar  çemeleşmäge meýilli bolarsyňyz. Bu alamatyň wekillerine kimdir biriniň döredijilik çäresine gatnaşmak maslahat berilýär. Belkide bu size özüňizi gowy duýmaga täsir edip biler

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
 Sowurlar bu gün ähli zada habardarlyk bilen herekete geçmegi netijesinde köp zat gazanyp bilerler, ýöne bu ony “Depressiýa”(gaýgyly, aladaly) iterip biler. Hemme zat hemişeki ýaly – gaty içgysgynç! Şonuň  üçin ýyldyzlar size ownuk üýtgeşmeler bilen begenmegi maslahat berýärler. Dostlaryňyz bilen durmuşlaryny nädip gyzyklandyrýandyklary  barada gürleşiň. Ajaýyp film, täze dükan maslahat berip bilerler, ýa-da gyzykly üýşmeleňe çagyrarlar.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Her niçigem bolsa jöwzalar üçin iň gowy saýlaw : tejribe, wagt we özleri tarapyndan synag edilen ýol. Alamatyň wekilleri , bu ugurda pikirlenmäge meýillidir, synaglarynyň islendik biriniň üstünlik gazanmagy mümkin däl. Mundan başga-da bu diňe bir synag edilen ýol bolman, eýsem olaryň aň-düşünjesiniň ýokarlygydyr. Emma öňki synag  edilen ähli gowy ýollar olar üçin açykdyr. Usully çemeleşme bilen siz has gowy netije gaazanyp bilersiňiz.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Seretanlar! Beýlekileriň size öwretjeklerine taýyn boluň! Bu gün siz birden köp içgysgynç söhbetdeşlige gatnaşmaly bolmagyňyz ähtimal. Ol ýerde siz sözsiz diňleýji we baş atyp oturmak roluny ýerine ýetirmeli bolarsyňyz. Bu gün töweregiňizdäkiler bilen täze pikirleri ýa-da meýilnamalary paýlaşmak hökman däl. Size tarap diýilýän gülkünç ýa-da ýeňil tankyt bilen ýüzbe-ýüz bolarsyňyz.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Esetler bu gün adatdakydan, has ýygy-ýygydan hemmäniň üns merkezinde bolarsyňyz. Bu siziň göwnüňize ýarar. Ähli töweregiňizdäkileri gözleri sizde bolar. Hat-da özünden başga hiçkimi görmeýänlerem bu gün siz bilen gürleşmäge meýilli bolarlar. Dostlukly ýa-da romantika bir tanyşlyk bolmagy ähtimal. Iş meselesinde adaty işler bu gün size içgysgynç we ýadaw bolup görüner. Olary bir gyra goýup, täze bir işe üns bermegi göz öňünde tutuň.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

 Bu gün aladalardan doly bir gündir. Size ilki haýsy meseläni çözüp, nämä ünsi jemlemelidigi we haýsy aladany yza süýşürmelidigi tiz mälim bolmaz. Öýde we işde ownuk düşünişmezlikler bolup biler. Şu ýagdaýda iň ansat we netijeli çözgüt elbetde olar bilen gürleşip, göwnünden turjak sözleri diýmekdir. Eger-de satyn almaly zatlaryňyz bar bolsa maliýe ýagdaýyňyza doly göz ýetirýänçäňiz, günüň ikinji ýarymyna goymak has amatly bolar. Garyndaşlaryňyz siziň beren goldawlaryňyzdan hoşal bolarlar.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Tereziler günüň başy siz üçin has ýeňil, gyzykly we ylham beriji bolar. Köp işi gowy we doly ýerine ýetirersiňiz. Öň başlan meýilnamalaryňyzy soňlamak üçin çynlakaý çemeleşmäniň zerurlygy bolmaz. Diňe maliýe tarapdan käbir kynçylyklar bolup biler. Söwda etmäge we geleşiklere howlukmaň! Biraz soňra täze zatlary öwrenmek, döredijilik üçin amatly wagt geler. Belki köne güýmenje ýadyňyza düşer we üýtgeşik duýgular gurşamagy mümkin. Dostlaryňyz sizi begendirmäge çalyşar.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Bu ýyldyzyň astynda doglanlara asuda gün garaşýar, hiç ýere howlugyp bilmersiňiz – ähli zatlar adatdakysy ýaly dowam edýär, dawa-jenjel talap etmeýär. Belki, kimdir biri gyssagly hadysalary içgysgynç hasaplap biler, ýöne Akrap muňa taýyn bolsa, wagtyny peýdaly geçirip biler. Bu alamatyň ýyldyzlary oňa bu güni bütinleý moda we gözellik pudagyna bagyşlamagy maslahat berýär. Günortanlyk üçin fitnes, günortanlyk nahar satyn almak we agşamlyk üçin rahat hammam. Täze güni doly ýaragly garşylar!

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

 Kowuslaryň işleri we pikirleri onuň ýakyn adamlary – garyndaşlary ýa-da dostlary bilen baglanyşykly bolar. Belki, olaryň käbirinde Kowuslaryň çözmäge kömek edip biljek ýa-da ruhy taýdan goldaw berip biljek kynçylyklary bar. Ýyldyzlar size  borç duýgusyny äsgermezlik etmezligi maslahat berýärler. Ertir, zerur bolsa, ýakyn adamyňy goldamak üçin şahsy wagtyňy ýa-da işleriňi pida etmeli gün.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Bu gün köp zat hakda pikirlenmek, birnäçe kyn meseläni çözmek zerur bolar. Megerem, muny irden etmeli bolarsyňyz. Şol bir wagtyň özünde garaşylmadyk ýagdaýlar sebäpli öň meýilleşdirilen mişi yza süýşürmek zerur bolar. Daş-töweregiňizde höküm sürýän dawa- jenjellere garamazdan, arkaýynlygyňyzy saklap bilersiňiz, ýalňyşlyk göýbermersiňiz. Günüň ikinji ýarymy has asuda bolar. Öň başlanan zatlaryňyzy tamamlamagyň wagty geldi. Agşam käbir maşgala meselelerini çözmäge bagyşlanmaly bolar. Söýýän adamyňyza siziň kömegiňiz zerur bolup biler.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Howluganyňyza degmez! Wakalar isleýşiňizden has haýal, ýöne netijeli bolar. Günüň birinji ýarymynda syýahat meýilleşdiren bolsaňyz, ýanyňyzda zerur zatlaryň hemmesine gaýtadan göz gezdiriň. Ýolda biraz gija glamaly ýagdaý bolup biler, taýyn boluň. Günüň ikinji ýarymynda ýakymly duşuşuklar garaşýar. Käbir daluwlar ozaldan gowy tanaýan adamy bilen has ýakyn bolmaga, dostlaşmaga mümkinçilik alarlar. Bu agşam size garaşylmadyk romantik wakalary wada berýär.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

 Bu gün pul bilen baglanşykly wakalarda bagtly bolup bilersiňiz. Isleýän zadyňyzy satyn alarsyňyz, sebäbi bu gün garaşylmadyk çeşmelerden girdeýji geler.Işiňizde näçe köp başlangyç görkezseňiz, şonça-da gowy netijeler gazanarsyňyz. Günüň ikinji ýarymy islendik mesläni çözmek üçin amatly bolar. Näme isleýändiklerini anyk bilýän balyklar üçin has amatly bolar. Galan zady bir gyra goýmagyň wagty geldi.

Ýene-de okaň

16-njy Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

15-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

14-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

13-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

12-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (10-njy -16-njy iýun)

Ata Watan Eserleri