No menu items!
8.9 C
Istanbul
13/08/2020 14:58
No menu items!
Home BILIM Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty

2020/2021-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri we bakalawrlary taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

Hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ma­gyň ugur­la­ry (hü­när­leri):

  1. In­for­ma­ti­ka we ha­sap­la­ýyş teh­ni­ka­sy (hü­när­ler: mag­lu­mat ul­gam­la­ry we teh­no­lo­gi­ýala­ry; prog­ram­ma in­že­ner­li­gi; komp­ýu­ter ul­ga­mynyň prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi; ha­sap­la­ýyş tor­la­rynyň prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi).
  2. Mag­lu­mat howp­suz­ly­gy (hü­när­ler: maglu­mat howp­suz­ly­gy; te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­gamla­ry­nyň mag­lu­mat howp­suz­ly­gy).
  3. Elekt­ro­ni­ka, ra­dio­teh­ni­ka we ara­gat­naşyk ul­gam­la­ry (hü­när­ler: ara­gat­na­şyk tor­la­ry we kom­mu­ta­si­ýa ul­gam­la­ry; köp­ka­nal­ly te­lekom­mu­ni­ka­si­ýa ul­gam­la­ry; ra­dioa­ra­gat­na­şyk, ra­dio­ýaý­lym we te­le­wi­de­ni­ýe; in­fo­kom­mu­ni­kasi­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry; se­na­gat elekt­ro­ni­ka­sy; elekt­ron howp­suz­lyk ul­gam­la­ry).
  4. Ma­şyn­gur­lu­şyk (hü­när: önüm­çi­li­giň we teh­no­lo­gi­ýa pro­ses­le­ri­niň aw­to­mat­laş­dy­ry­ly­şy).
  5. Teh­ni­ki ul­gam­lar­da do­lan­dy­ryş (hü­när: aw­to­ma­ti­ka we teh­ni­ki ul­gam­lar­da do­lan­dy­ryş).
  6. Yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş (hü­när­ler: kärha­na­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti we do­lan­dy­ry­ly­şy; lo­gis­ti­ka).

Ba­ka­lawr­la­ry taý­ýar­la­ma­gyň ug­ry:

  1. In­for­ma­ti­ka we ha­sap­la­ýyş teh­ni­ka­sy (taý­ýar­ly­gyň ug­ry: aw­to­mat­laş­dyr­ma we ama­ly in­for­ma­ti­ka).

Ins­ti­tut­da aw­to­mat­laş­dyr­ma we ama­ly infor­ma­ti­ka taý­ýar­ly­gyň ug­ry bo­ýun­ça okuw­lar iň­lis di­lin­de al­nyp bar­lar.

Iňlis dilinde okadyljak bakalawrlaryň taýýar­lanyl­ýan ugrunda okuwyň möhleti 5 ýyl; 1 ýyl — dil taý­ýarlygy, 4 ýyl — hünär taýýarlygy.

Ins­ti­tu­ta Türk­me­nis­ta­nyň umu­my or­ta ýa-da or­ta hü­när bi­lim­li, ýa­şy 35-den geç­me­dik ra­ýatla­ry gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça bäs­leşik esa­syn­da ka­bul edil­ýär.

Ins­ti­tut­da okuw­lar tö­leg­li esas­da al­nyp bar­lar.

 Res­mi iş ka­gyz­la­ry we­la­ýat mer­kez­le­rin­de we Aş­ga­bat şä­he­rin­de 2020-nji ýy­lyň 6 — 19-njy iýu­ly ara­ly­gyn­da ka­bul edil­ýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:

— bel­le­ni­len nus­ga­da rek­to­ryň ady­na ýa­zylan ar­za;

— bel­le­ni­len nus­ga­da­ky so­wal­na­ma (an­ke­ta);

— umu­my or­ta (ýa-da or­ta hü­när) bi­lim ba­rada­ky res­mi­na­ma (asyl nus­ga­sy);

— Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we derman se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan bel­le­ni­len nus­ga­da­ky sag­lyk ke­pil­na­ma­sy;

— soň­ky okan ýe­rin­den (iş­län ýe­rin­den, harby bö­lüm­den) hä­si­ýet­na­ma;

— 3×4 sm öl­çeg­dä­ki se­kiz sa­ny fo­to­su­rat;

— iş­le­ýän­ler üçin zäh­met dep­der­çe­si­niň tassyk­la­nan gö­çür­me­si;

— gi­riş sy­nag­la­ryn­dan üs­tün­lik­li ge­çen ýagda­ýyn­da ar­tyk­maç­lyk­lar­dan peý­da­lan­ýan oku­wa gir­ýän ýy­lyn­da mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň ders­ler bo­ýun­ça döw­let bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri, umu­my bi­lim ders­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra bäs­le­şik­le­ri­ne gat­na­şan Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry şol ýag­daý­la­ry tas­syk­la­ýan de­giş­li resmi­na­ma­nyň asyl nus­ga­sy­ny tab­şyr­ýar­lar.

Bu­lar­dan baş­ga-da, oku­wa gir­mä­ge is­leg bil­dirýän­ler ýo­kar­da gör­ke­zi­len res­mi­na­ma­lar bi­len bir­likde, res­mi­na­ma­la­ry ka­bul ed­ýän iş to­pa­ry­na aşak­daky­la­ry gör­kez­ýär­ler we nus­ga­la­ry­ny tab­şyr­ýar­lar:

— şah­sy pas­por­ty­ny;

— Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­rin­de harby gul­lu­gy ge­çen­ler har­by şa­ha­dat­na­ma­sy­ny, har­by gul­lu­gy geç­me­dik ýi­git­ler ýa­zy­lyş şa­hadat­na­ma­sy­ny we ýa­şa­ýan ýe­ri bo­ýun­ça har­by we­kil­lik­den gü­wä­ha­ty­ny.

Da­laş­gär ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tykmaç hu­kuk­dan peý­da­lan­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýan beý­le­ki res­mi­na­ma­la­ry gör­ke­zip bi­ler.

Nä­dog­ry ber­len mag­lu­mat­lar we res­mi iş kagyz­la­ry üçin da­laş­gär şah­sy jo­gap­kär­çi­lik çek­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry we oku­wa ka­bul edil­mek ins­ti­tut­da (Aş­ga­bat şä­he­ri) aşak­da­ky möh­let­lerde ge­çi­ril­ýär:

Aş­ga­bat şä­he­ri — iýul aýy­nyň 22-23-24-i, 27si we 29-y gün­le­ri;

Ahal we­la­ýa­ty — iýul aýy­nyň 25-26-sy, 28-i we 30-y gün­le­ri;

Ma­ry we­la­ýa­ty — iýul aýy­nyň 31-i, aw­gust aýy­nyň 2-si we 4-i gün­le­ri;

Le­bap we­la­ýa­ty — aw­gust aýy­nyň 1-i, 3-i we 5-i gün­le­ri;

Bal­kan we­la­ýa­ty — aw­gust aýy­nyň 6-sy, 8-i we 10-y gün­le­ri;

Da­şo­guz we­la­ýa­ty — aw­gust aýy­nyň 7-si, 9-y we 11-i gün­le­ri.

Gi­riş sy­nag­la­ry äh­li ugur­lar bo­ýun­ça ma­tema­ti­ka, fi­zi­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy ders­le­rinden ge­çi­ril­ýär.

Aw­to­mat­laş­dyr­ma we ama­ly in­for­ma­ti­ka taý­ýar­ly­gyň ug­ry bo­ýun­ça da­laş­gär­ler bi­len, giriş sy­nag­la­ry­ny üs­tün­lik­li tab­şy­ran­la­ryn­dan soňra, iň­lis di­lin­den söh­bet­deş­lik ge­çi­ril­ýär.

Ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry Türk­me­nista­nyň or­ta mek­dep­le­ri­niň okuw mak­sat­na­ma­lary­nyň esa­syn­da ge­çi­ril­ýär.

Ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry döw­let di­linde dil­den ge­çi­ril­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ter­ti­bin­de bel­le­nen wagt­da sy­na­ga esas­syz se­bäp­le­re gö­rä gelme­dik­ler ýa-da ders­le­riň bi­ri bo­ýun­ça sy­nagdan ge­çip bil­me­dik­ler soň­ky sy­nag­la­ra goý­beril­me­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça deň muk­dar­da ba­ha alan­lar­dan ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan aşak­da gör­ke­zi­len­ler peý­da­lan­ýar­lar:

— saý­lan ug­ry bo­ýun­ça 2 ýyl­dan az bol­madyk iş tej­ri­be­si bo­lan­lar;

— ça­gy­ryş bo­ýun­ça har­by gul­lu­gy ge­çen­ler.

Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş., Oguz­han kö­çe­si, 13, tel.: 49-35-86, 49-44-21.

IŇ TÄZE HABARLAR

Russiýa halkara uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Koronowirus pandemiýasy sebäpli, ara düşen uzak arakesmeden soňra, Russiýa Federasiýasy awiagatnawlary amala aşyrýan döwletleriniň sanawyny köpeltmekçi. Metbugat maglumatlaryna görä, 1-nji sentýabrdan başlap, Gazagystan, Täjigistan...

Pareho “Wilýareala” geçdi

Ispaniýanyň “La Liga” çempionatynda çykyş edýän “Wilýareal’ topary Frensis Koklendan soňra “Walensiýa” toparynyň kapitany bolan Dani Parehony öz düzümine goşdy. Pareho topar bilen 4...

Matuidi Amerika barýar

Italiýanyň “Ýuwentus” toparynyň ýarymgoragçy Bleýz Matuidi bilen şertnamasynyň tamamlanandygy mälim edildi. Taraplar özara ylalaşyk esasynda şertnamany bes etdiler. Fransuz raýaty 2017-nji ýyldan bäri “Ýuwentus”-da çykyş...

Lihtştaýner futboly taşlady

Şweýsariýa futbol federasiýasynyň resmi web sahypasyda “Ýuwentusyň” we “Arsenalyň” öňki goragçysy Ştefan Lihtştaýner özüniň futbol ýoluny tamamlandygyny habar berdi. “Eziz janköýerlerim üçin şu wagta çenli...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Türkmen-owgan onlaýn duşuşygy

2020-nji ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Merkezi Bankynyň Başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Ajmal Ahmadi bilen gepleşikleri geçirdi....

Çempionlar ligasynda gyzykly oýunlar garaşýar

17-nji martda koronawirus sebäpli togtadylyp, awgust aýyndan täzeden bat alan Çempionlar ligasynyň duşuşyklarynyň netijeleri boýunça çärýek finala çykan toparlar belli boldy. Bilşimiz ýaly, şenbe güni...

COVID-19 pandemiýasyna garşy göreş: BSGG Baş direktory bilen duşuşyk

Şu gün, zähmet rugsady tamamlanandan soň, ilkinji iş güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş direktory Tedros Gebreisus bilen wideoaragatnaşyk boýunça...

Türkiýede orta mektepleriň başlaýan wagty belli boldy

Türkiýäniň Milli  Bilim ministri Ziýa Selçuk orta mektepleriň başlaýan wagtyny yglan etti. Ministr Selçukyň sözlerine görä orta mektepler Türkiýede  31 awgust 2020 senesinde onlaýn...