BILIM

Hýubert Hamfri adyndaky maksatnama kabul edişlik başlaýar

Hýubert Hamfri adyndaky maksatnama 2025-2026-njy okuw ýyly üçin ýüz tutmalary kabul etmäge başlady. Alymlyk derejesini almaga degişli bolmadyk bu 10 aýlyk maksatnama jemgyýetçilik pudagynda işläp ýören karýerasynyň orta gürpünde bolan ýolbaşçy wezipesindäki hünärmenler üçindir.

Tabşyrmagyň soňky möhleti: 10-njy iýun, 2024

ABŞ-da okuw we hunär işini aşakda görkezilen ugurlar boýunça ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär:

  • Ykdysady ösüş
  • Maliýe we bank işi
  • Jemgyýetçilik syýasatynyň analizi we döwleti dolandyrmak
  • Tehnologiýalar barada syýasat we dolandyryş
  • Aragatnaşyk we žurnalistika
  • Kanun we adam hukuklary
  • Oba hojalygyny we oba ýerlerini ösdürmek
  • Tebigy baýlyklar/Daşky gurşaw syýasaty/Klimatyň üýtgemegi
  • Şäher ýerlerini we sebiti meýilnamaşdyrmak işi
  • Jemgyýetçilik saglygy syýasaty we dolandyryş
  • Bilim ulgamyny dolandyrmak, meýilleşdirmek we bilim syýasaty

Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:

  • Dalaşgärler döwlet gullugyna ygrarlydygyny we hünär derejesini ýokarlandyrmak mümkinçiligini görkezen ýolbaşçy wezipelerdäki orta derejeli hünärmenler bolmaly.
  • Dalaşgärler özleriniň bu maksatnama gatnaşmaklarynyň zerurlygyny, şeýle hem programmadan aljak amaly peýdalarynyň mümkinciligini görkezmelidirler. Olar talaba laýyk gelýän tejribäni we başarnyklary, şeýle hem Hamfri stipendiýasy bolmadyk ýagdaýynda alyp bolmajak bilimlerini bu meýilnama arkaly nähili usulda alyp biljekdiklerini subut etmelidirler.
  • 2023-nji ýylyň awgust aýyndan öň azyndan bäş ýyl iş tejribesi. Bellik: Ýokary okuw jaýyny gutarmazdan öň geçilen tejribe işi, mugallymçylyk we iş tejribesi hasaba alynmaz.
  • Dalaşgärler ýokary bilimli bolmalydyr.
  • Iňlis dilinde ýazuw we gepleşik ukyplary suwara bolmaly, ýagny TOEFL synagy boýunça azyndan 525 (kagyz usuly synagda) bal toplamaly. Pes ballara eýe bolan güýçli dalaşgärler iňlis dilini intensiw usulda öwredilýän 8 ýa-da 16 hepdelik meýilnamalaryna gatnaşdyrlyp bilerler.

Talaplar:

  • Ýokary okuw jaýy tarapyndan berlen diplom we degişli bolan bahalar;
  • Dalaşgäriň hünär taýdan kämilligine güwä geçip biljek üç adamdan hödürnama,
  • Doldurlan arza.

Üns beriň:

Ýüklenen resminamalaryň ählisiniň iňlis dilindäki resmi terjimesi bolmalydyr;

Resminamalar kagyz görnüşinde kabul edilmez.

Anketany internet arkaly şu ýerde tabşyryp bilersiňiz: https://apply.iie.org/huberthhumphrey

Goşmaça maglumat üçin AshgabatEducation@state.gov  elektron salgysy arkaly ýüz tutup bilersiňiz

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni giňden belleniler

Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görülýär

Ylymlar gününde geçiriljek çäreler

Ýaponiýa talyp hakly okuw maksatnamalaryna çagyrýar

Türkmen wekiliýeti “THE Aziýa baýragy- 2024” sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

ÝB Türkmenbaşy şäherinde energiýany iň köp tygşytlaýan mekdebi sylaglady