BILIM

HALKARA YNSANPERWER YLYMLARY WE ÖSÜŞ UNIWERSITETI

2020/2021-nji okuw ýyly üçin magistratura taýýarlygyň  «Bilimi dolandyrmak» we «Biznes-dolandyryş» ugurlary boýunça  magistrlige kabul edýändigini yglan edýär:

Uniwersitetde okuwlar tölegli esasda we iňlis dilinde alnyp barlar. Magistratura söhbetdeşligiň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde (Aşgabat şäheri) 2020-nji ýylyň 6 — 19-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň asyl nusgalary (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işleýän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— magistratura okuwyna girmeginiň maksadynyň beýany «Statement of Purpose» (beýan iňlis dilinde ýazylmaly we 500 sözden köp bolmaly däl).

Bulardan başga-da, dalaşgärler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär magistratura kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Uniwersitetiň resminamalary kabul edýän iş topary zerur bolan ýagdaýynda dalaşgärden goşmaça maglumatlary sorap biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Söhbetdeşlik we okuwa kabul edilmek Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde (Aşgabat şäheri) iýul aýynyň 30-31-i aralygynda iňlis dilinde geçirilýär.

Bellenilen wagtda söhbetdeşlige esassyz sebäplere görä gelmediklere goşmaça mümkinçilik berilmeýär.

Söhbetdeşligiň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan magistratura kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— saýlan ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler;

— Magistratura girmeginiň maksadynyň beýanyndan ýokary baha alanlar.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň salgysy:

Aşgabat ş., 1958-nji (Andalyp)

köçe, 169, tel.: 39-85-62, 39-85-25.

Ýene-de okaň

Ylymlar gününde geçiriljek çäreler

Ýaponiýa talyp hakly okuw maksatnamalaryna çagyrýar

Türkmen wekiliýeti “THE Aziýa baýragy- 2024” sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

ÝB Türkmenbaşy şäherinde energiýany iň köp tygşytlaýan mekdebi sylaglady

Hýubert Hamfri adyndaky maksatnama kabul edişlik başlaýar

“Çoganly” ýaşaýyş toplumynda täze mekdep gurlar