BILIM

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Mary şäherindä-ki jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebi

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

  1. Buh­gal­ter­çi­lik ha­sa­ba al­ny­şy.
  2. Yk­dy­sa­dy­ýet we me­ýil­na­malaş­dy­ryş (pu­dak­lar bo­ýun­ça).
  3. Suw üp­jün­çi­li­gi we la­gym suw­la­ry­ny ak­dy­ryş.
  4. Se­na­gat we ra­ýat bi­na­la­rynyň elekt­rik ab­zal­la­ry­ny gur­namak, saz­la­mak we ulan­mak.
  5. Iş ka­gyz­la­ry­nyň do­lany­şy­gyny gu­ra­mak we ar­hiw işi.
  6. Bag-se­ýil­gäh we land­şaft gur­lu­şy­gy.
  7. Se­na­gat we ra­ýat jaý gur­lu­şy­gy.
  8. Mag­lu­ma­tlary iş­läp taý­ýar­lama­gyň we do­lan­dyr­ma­gyň aw­tomat­laş­dy­ry­lan ul­gam­la­ry.
  9. Goz­gal­ma­ýan em­läk­le­riň eks­per­ti­za­sy we do­lan­dy­ry­ly­şy.
  10. Se­na­gat en­jam­la­ry­ny gurna­mak we teh­ni­ki taý­dan ulanmak (pu­dak­lar bo­ýun­ça).

Or­ta hü­när okuw mek­de­bi­ne Türk­me­nis­ta­nyň umu­my or­ta bi­lim­li, ýa­şy 35-den geç­me­dik ra­ýat­la­ry gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça bäsle­şik esa­syn­da ka­bul edil­ýär.

Oku­wyň möh­le­ti hü­nä­ri­ne gö­rä degiş­li­lik­de 2 ýa-da 2,5 ýyl hem-de tö­leg­li.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry Ma­ry şä­herin­dä­ki je­ma­gat ho­ja­ly­gy or­ta hü­när okuw mek­de­bin­de 2020-nji ýy­lyň 6-njy iýu­ly — 8-nji aw­gus­ty ara­ly­gynda ka­bul edil­ýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:

— bel­le­ni­len nus­ga­da di­rek­to­ryň ady­na ýa­zy­lan ar­za;

— bel­le­ni­len nus­ga­da­ky so­wal­nama (an­ke­ta);

— umu­my or­ta bi­lim ba­ra­da resmi­na­ma­nyň asyl nus­ga­sy;

— Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy gora­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistrli­gi ta­ra­pyn­dan bel­le­ni­len nus­ga­da­ky sag­lyk ke­pil­na­ma­sy;

— soň­ky okan ýe­rin­den (iş­län ýe­rinden, har­by bö­lüm­den) hä­si­ýet­na­ma;

— bel­le­ni­len nus­ga bo­ýun­ça okuw üçin tö­le­gi öz wag­tyn­da amal et­megiň ke­pil ha­ty;

— 3×4 sm öl­çeg­dä­ki se­kiz sa­ny fo­to­su­rat;

— iş­le­ýän­ler üçin zäh­met dep­derçe­si­niň tas­syk­la­nan gö­çür­me­si;

— gi­riş sy­nag­la­ryn­dan üs­tün­likli ge­çen ýag­da­ýyn­da ar­tyk­maç­lyklar­dan peý­da­lan­ýan oku­wa gir­ýän ýy­lyn­da mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň ders­ler bo­ýun­ça döw­let bäs­le­şi­giniň ýe­ňi­ji­le­ri, umu­my­bi­lim ders­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra bäs­le­şik­le­ri­ne gatna­şan Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy topa­ry­nyň ag­za­la­ry şol ýag­daý­la­ry tassyk­la­ýan de­giş­li res­mi­na­ma­nyň asyl nus­ga­sy­ny tab­şyr­ýar­lar.

Bu­lar­dan baş­ga-da, oku­wa gir­mäge is­leg bil­dir­ýän­ler ýo­kar­da gör­ke­zilen res­mi­na­ma­lar bi­len bir­lik­de resmi­na­ma­la­ry ka­bul ed­ýän iş to­pa­ry­na aşak­da­ky­la­ry gör­kez­ýär­ler we nusga­la­ry­ny tab­şyr­ýar­lar:

— şah­sy pas­por­ty­ny;

— Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýçle­rin­de har­by gul­lu­gy ge­çen­ler harby şa­ha­dat­na­ma­sy­ny, har­by gul­lu­gy geç­me­dik ýi­git­ler ýa­zy­lyş şa­ha­datna­ma­sy­ny we ýa­şa­ýan ýe­ri bo­ýun­ça har­by we­kil­lik­den gü­wä­ha­ty­ny.

Da­laş­gär ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan peý­da­lanýan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýan beý­le­ki resmi­na­ma­la­ry gör­ke­zip bi­ler.

Nä­dog­ry ber­len mag­lu­mat­lar we res­mi iş ka­gyz­la­ry üçin da­laş­gär şahsy jo­gap­kär­çi­lik çek­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry we oku­wa ka­bul edil­mek 2020-nji ýy­lyň aw­gust aýynyň 11-12-si, 14-i we 15-i gün­le­rin­de Ma­ry şä­he­rin­dä­ki je­ma­gat ho­ja­ly­gy orta hü­när okuw mek­de­bin­de ge­çi­ril­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry äh­li hü­när­ler boýun­ça fi­zi­ka, ma­te­ma­ti­ka, Türk­me­nista­nyň ta­ry­hy ders­le­rin­den ge­çi­ril­ýär.

Ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň or­ta mek­dep­le­ri­niň okuw mak­sat­na­ma­la­ry­nyň esa­syn­da ge­çi­ril­ýär.

Ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry döw­let di­lin­de dil­den ge­çi­ril­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ter­ti­bin­de belle­nen wagt­da sy­na­ga esas­syz sebäp­le­re gö­rä ge­lip bil­me­dik­ler ýa-da ders­le­riň bi­ri bo­ýun­ça sy­nag­dan geçip bil­me­dik­ler soň­ky sy­nag­la­ra goýbe­ril­me­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri boýun­ça deň muk­dar­da ba­ha alan­lardan ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan aşak­da görke­zi­len­ler peý­da­lan­ýar­lar:

— saý­lan hü­nä­ri bo­ýun­ça 2 ýyldan az bol­ma­dyk iş tej­ri­be­si bo­lan­lar;

— ça­gy­ryş bo­ýun­ça har­by gul­lu­gy ge­çen­ler.

Türk­me­nis­ta­nyň Gur­lu­şyk we bi­na­gär­lik mi­nistr­li­gi­niň Ma­ry şä­he­rin­dä­ki je­ma­gat ho­ja­ly­gy or­ta hü­när okuw mek­de­bi­niň sal­gy­sy: Ma­ry ş., Baý­ram han kö­çe­si, 1, tel.: 5-05-38, 5-13-58, 5-07-73.

Ýene-de okaň

Ylymlar gününde geçiriljek çäreler

Ýaponiýa talyp hakly okuw maksatnamalaryna çagyrýar

Türkmen wekiliýeti “THE Aziýa baýragy- 2024” sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

ÝB Türkmenbaşy şäherinde energiýany iň köp tygşytlaýan mekdebi sylaglady

Hýubert Hamfri adyndaky maksatnama kabul edişlik başlaýar

“Çoganly” ýaşaýyş toplumynda täze mekdep gurlar