SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Biletler Stambulda satylyp başlandy

Şu gün habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň “Türkmenistan” awiakompaniýasy Türkiýe Respublikasyna adaty uçar gatnawlaryny amala aşyrmaga başlaýar. Oktýabr aýynyň 5-inden Türkiýe Respublikasyna adaty gatnawlar ýola goýulýar.

Bu baradaky habarymyzdan soňra köp sanly sowallar gelip başlady. Şol sowallaryň biri hem biletler nireden almaly?

Şu gün Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde bu adaty uçar gatnawlary üçin biletler satylyp başlandy. Biletleri Stambul şäheriniň halkara howa menzilindäki “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň kassalaryndan satyn almak bolar.

Biletiň bahasy barada aýdylanda bolsa, ekonom klasyň bahasy 403 ABŞ-nyň dollary, biznes klassyň bahays bolsa 753 ABŞ-nyň dollaryna deňdir.

Bu adaty halkara uçar gatnawlary barada has giňişleýin maglumaty biletleri satyn alan wagty sorap öwrenip bilersiňiz.

Alnan maglumatlar esasynda, şu ýylyň 5-nji oktýabryndan başlap, her hepdäniň duşenbe, çarşenbe, anna we ýekşenbe günleri adaty tertipde Stambul ugry boýunça halkara gatnawlar amala aşyrylar.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyñ syýahatçylyk agentlikleriniñ wekilleri Türkiýä saparlarynda Şanlyurfa we Gaziantepe baryp gördüler

Çagalaryň saglygy — döwletiň gymmatly baýlygy

Aşgabat-London ugurlaryna petekler onlaýn satuwa çykarylýar

Aşgabatdan Kuala Lumpura hepdede iki gatnaw ýola goýuldy

Aşgabat-London-Aşgabat gatnawy hepdede iki gezege çykaryldy

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň iň iri dag-lyža şypahanasy gurlar