SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

17-nji iýul ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ!   Egerde  araňyzda  daşary ýurtda  bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň  terjimesi üçin  “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55

E: Mail :   makulhyzmat@gmail.com 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size  17-nji   iýuldaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Hawa, ýakynlaryňyzdan uzakda bolmak kyndyr. Ýöne negatiw duýgulara çümmegiň ýerine, şatlyk we döredijilik üçin güýç toplamak has gowudyr. Şu gün dostlaryňyz we garyndaşlaryňyz bilen habarlaşmaga synanyşyň – iň bolmanda internetiň kömegi bilen. Hatda mekdep ýa-da uniwersitet dostlaryňyz bilen gepleşip bilersiňiz.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

 Soňky döwürde bütin dünýä size garşy ýaly duýýarsyňyz. Şeýdibem ýüregiňizi has-da gysdyrýarsyňyz. Hawa, durmuşyňyzy gowulaşdyrmak üçin edilen islendik synanyşyk köp päsgelçilikleri döredip biler. Emma mümkin häzir siz nädogry ýoldasyňyz. Şonuň üçin her bir kynçylyklaryň soňunyň haýyrdygyna ynanyň.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Daşyňyzdan güýçli we gaýduwsyz görünip, gözýaşlaryňyzy gizleýändigiňiz geň dälmi? Hawa, öz emosiýalaryňyzy daşyna çykarmaly däl. Şeýle-de bolsa, duýgularyňyzy boýun almak we olary ejizligiň alamaty hökmünde görmezlik möhümdir. Ýadyňyzdan çykarmaň, özüňize näçe ejiz bolmaga ýol berseňiz, başgalara aç-açan güýç berersiňiz.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Köplenç belli bir pikir sebäpli hereket edýärsiňiz. Şeýle-de bolsa, soňabaka bu pikir manysyny ýitirýär. Seretanlar, wagtal-wagtal lapykeç bolmak gowy. Duýgulardan gaçmagyň ýerine onuň bilen ikiçäk galyň. Siz ulaldyňyz we kynçylyklar bolup biler. Esasy zat olardan sapak almak we ýoluňyzy dowam etdirmekdir.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Esetler, täze başdan geçirmeleri we üýtgeşik işleri boýnuňyza almagy gowy görýärsiňiz. Şeýle-de bolsa, her gün täze meýilnama boýunça hereket etseňiz, gowy netije gazanarsyňyz öýdýärsiňizmi? Öňüňizdäki günler sizden sabyr we erjellik talap edýär. Dogry çemeleşmek bilen, bar bolan taslamalaryňyzy ýokary derejä çykaryp bilersiňiz.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

 Ýalňyşmak durmuşyň soňy däl. Ýadyňyzdan çykarmaň, biz “Ýalňyşmazlyk üçin ýalňyşýas”. Umytdan düşmäň. Siz dogry ýoldasyňyz. Özüňiňiziňem bu ýoly ýeňiş bilen tamamlamak ähtimallygyňyz ýokary. Bu gün ýyldyzlar size öňküsinden has köp işlemegiňizi maslahat berýärler.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Täze işe ýa-da taslama başlamak üçin bu gün töwekgelçilikli pursat. Emma mizanlar, bu gün siziň işleriňiziň şowly bolmak ähtimallygy-da ýokarydyr. Ýyldyzlar köp işleseňiz taslamaňyzyň üstünlik gazanjakdygyny kepillendirýärler. Şeýle-de bolsa, ýadyňyzdan çykarmaň: diňe pul gazanmaga synanyşmak size başga zat getirmez. Uzak möhletli üstünlik üçin bolsa, bu gaty azdyr.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
 Akraplar, siz özüňizi ýene-de şol ýalňyşlygy goýberen ýaly duýýarsyňyz. Siz ýüzlerinden geçip bilmän hemmelere “hawa” diýip jogap berdiňiz, soňunda bolsa wagty bilen boýnuňyza alan işiňizi edip bilmän aljyradyňyz. Ýyldyzlar biraz säginnegi we häzirki ýagdaýy täzeden gözden geçirmegi maslahat berýär. Başga adamlara hiç zady subut etmegiň zerurlygy ýok. Pursatdan lezzet almaga synanyşyň.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Käwagt tutuş dünýä gysga wagtlaýyn dynç alýan ýaly bolup biler. Şeýle-de bolsa, siz işjeň hereketde bolmagyňyzy dowam etmelisiňiz. Geljekki günler hakyky üstünlikler üçin örän amatly bolar. Adamlara garşy çykmakdan gorkmaň. Goý hiç kim siziň meýilnamalaryňyzy bilmesin. Diňe dogry hasaplaýan we edip biläýjek zadyňyzy ýerine ýetiriň.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

 Täze tejribeleri yzarlamagy gowy görýärsiňiz. Ýöne wagtyňyzy we ünsüňizi talap edýän köne taslamalar hem bar. Dogry çemeleşmek bilen, indi siz uly üstünlikleri gazanyp bilersiňiz. “Sabyr” we “tutanýerlilik” sözlerini ýakyn günlerde esasy sözleriňize öwürmelidir.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Daluwlar, öz gowy görýän adatlaryňyz haýsylar? Akylyňyza, bedeniňize we ruhyňyza gowy täsir edän amallar, meselem aromaterapiýa ýa-da meditasiýa sessiýasy? Şularyň iň bolmanda birini ýa-da hemmesini birbada etmegiň wagty geldi. Biraz wagtlap iş prosesini taşlamakdan gorkmaň. Häzir size dynç gerek.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Hutlar, duýgularyň artykmaçlygy size agyr düşýär. Jogapsyz soraglar kän, ýöne bir zat anyk: gatnaşyklaryňyz gutardy. Emma gynanmaň, häzirki wagtda duýmasaňyzam, öňüňizde ajaýyp geljegiňiz garaşýar. Ähli wagtyňyzy geçmiş hakda alada edip, geljegiňizi sypdyrmaň.

Ýene-de okaň

16-njy Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

15-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

14-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

13-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

12-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (10-njy -16-njy iýun)

Ata Watan Eserleri