PEÝDALY MASLAHAT

Ýaşaýyş jaý gatnaşyklary bilen baglanşykly peýdaly maglumatlar

Ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek meselesi boýunça haýsy edara ýüz tutmaly?

Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň resmi saýtynda bu soraga şeýle jogap berilýär. Ýagny, döwlet ýaşaýyş jaý gaznasy ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we Geňeşleriň ygtyýaryndaky döwlet ýerli ýaşaýyş jaý gaznasyndan ybarat bolup durýandygy sebäpli, döwlet ýaşaýyş jaý meseleleri boýunça degişliligi boýunça Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimliklerine we etrap, etrap hukukly şäher häkimliklerine ýüz tutmaly.

Raýatlary ýazga goýmak meselesi boýunça haýsy edara ýüz tutmaly?

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 2-nji sentýabryndaky 1875 belgili karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň raýatlaryny ýaşaýan ýeri boýunça ýazga almagyň Tertibine» laýyklykda, degişlilikde Aşgabat şäher häkimliginiň ýanyndaky Jemgyýetçilik toparyna we Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň Ilaty pasportlaşdyrmak we hasaba almak birliklerine ýüz tutmaly.

Ýaşaýyş jaý hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan jedeller haýsy edara tarapyndan çözülýär?

Ýaşaýyş jaý hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan jedeller kazyýet tertibinde çözülýär. (Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksiniň 9-njy maddasy)

Ýaşaýyş jaýlaryndan nähili ýаgdаýdа çykarylýаr?

Ýaşaýyş jaýyndan çykarmaga diňe kanunda bellenilen esaslarda ýol berilýär. Ýaşaýyş jaýyndan çykarmak kazyýet tertibinde geçirilýär. Ýaşaýyş jaýynyň baş-başdak eýelenen ýa-da ýykylmak howpy astynda durýan jaýlarda ýaşalýan aýratyn halatlarda ýaşaýyş jaýyndan prokuroryň karary bilen çykarylmagyna ýol berilýär. Türkmеnistаnyň jenaýat iş ýörediş kodeksinde başgaça görkezilmedik bolsa, ýaşaýyş jaýyndan çykarylanda raýatlara Türkmenistanyň kanunçylygynda bildirilýän talaplara laýyk gelýän başga ýaşaýyş jaýy berilýär.

Habarlary gyzgyny bilen okamak üçin şu ýere basyň we Applikasiýamyzy mugt ýükläp alyň! @atavatanhabar Instagram hasabymyzy hem yzarlamagy unutmaň!

 

Raýat gatnaşyklarynda ýüze çykyp biljek soraglar

 

 

 

Ýene-de okaň

Döwlet mekdebe çenli çagalar edaralaryna çagalary kabul etmek

“Petronas” işe çagyrýar

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda taksi awtoulaglaryna sürüjiler kabul edilýär

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda biometrik pasport nokady açyldy

Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda biometrik pasport nokady açyldy

Lebap welaýatynyň Darganata etrabynda biometrik pasport nokady açyldy