TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
PEÝDALY MASLAHAT

Raýat gatnaşyklarynda ýüze çykyp biljek soraglar

Wezipeli adamlaryň raýatlaryň hukuklaryny bozýan hereketleri ýa-da hereketsizligi barada haýsy edara ýüz tutmaly?

Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň resmi saýtynda bu soraga şeýle jogap berilýär. Ýagny, raýatlaryň wezipeli adamynyň bikanun hereketleri bilen bagly ýüz tutmalaryna Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksiniň 280-nji maddasynyň: “Raýat, eger döwlet dolandyryş edarasynyň ýa-da wezipeli adamyň bikanun hereketleri ýa-da hereketsizligi bilen özüniň hukuklary kemsidilen diýip hasap edýän bolsa, ol kazyýete şikaýat bilen ýüz tutmaga haklydyr” diýen talabyna we “Administratiw önümçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunyň 43-nji maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda administratiw ýa-da kazyýet tertibinde şikaýat etmäge hukuklary bar.

Algy-bergi bilen bagly meseleler boýunça nirä ýüz tutmaly?

Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 10-njy maddasynyň 1-nji böleginde bozulan ýa-da dawa edilen raýat hukuklarynyň iş ýörediş kanunlarynda ýa-da şertnamada bellenilişine laýyklykda degişlilikde kazyýetler tarapyndan goralýandygy baradaky talaplaryndan ugur alyp, bu mesele boýunça kazyýete ýüz tutulmaga degişli.

Maşgala gatnaşyklary bilen baglanşykly peýdaly maglumatlar

 

 

 

Ýene-de okaň

Aşgabat şäheri boýunça awtoulaglary resmileşdirmek üçin nokatlaryň ýerleşýän salgylary

Ata Watan Eserleri

Sürüjilik şahadatnamasyny çalyşmaklyk üçin gerekli resminamalaryň sanawy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň raýatlaryna pasport resmileşdirmek üçin talap edilýän resminamalar

Ata Watan Eserleri

Teswirle