PEÝDALY MASLAHAT

Maşgala gatnaşyklary bilen baglanşykly peýdaly maglumatlar

Är-aýalyň her biriniň eýeçiligi diýip haýsy zatlar hasaplanylýar?

Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň resmi saýtynda bellenilşine görä, Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 54-nji maddasyna laýyklykda, nika baglaşylmazdan öň, är-aýala degişli bolan emläk, şonuň ýaly-da olaryň nikaly döwründe sowgat görnüşinde ýa-da miras almak tertibinde alan emlägi olaryň her biriniň öz eýeçiligi bolup durýar. Är-aýalyň nikaly döwründe umumy serişdeleriniň hasabyna edinen şahsy peýdalanýan zatlary (geýim, aýakgap we ş.m.), olardan peýdalanan äriniň (aýalynyň) eýeçiligi bolýar, ýöne gymmat bahaly we beýleki zynat zatlar muňa degişli bolmaýar.

Ata-enesinden çagany ekläp-saklamak üçin tutulýan alimentiň möçberi nähili?

Çagany ekläp-saklamak üçin aliment ata-enesinden (olaryň birinden) her aýda şu möçberde tutulyp alynýar: 1) bir çaga üçin – girdejiniň dörtden biri; 2) iki çaga üçin – girdejiniň üçden biri; 3) üç we şondan köp çaga üçin – girdejiniň ýarysy. Eger aliment tölemäge borçly atanyň (enäniň) kämillik ýaşyna ýetmedik başga çagalary bolup, şu maddada bellenilen möçberde aliment alynýan mahalynda şol çagalaryň maddy taýdan üpjünçiligi aliment alýan çagalaryňkydan az bolsa, şeýle hem aliment töleýän ata (ene) I ýa-da II topar maýyplygy bolan adam bolup durýan halatlarynda, ýa-da çagalar işleýän we olaryň ýeterlik girdejisi bar bolsa, ýa başga esasly sebäpler bolanda, aliment tölemegiň şol bellenilen möçberleri kazyýet tarapyndan azaldylyp bilner. Eger çagalar doly döwlet üpjünçiliginde saklanylýan bolsalar, kazyýet alimentiň möçberini azaltmaga ýa-da ata-enäni aliment tölemekden boşatmaga haklydyr. (Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 144-nji maddasy).

 

Administratiw hukuk bozulmalar barada peýdaly maglumatlar

 

 

Ýene-de okaň

DW (Grin Kard): resminamalar kabul edişlik başlady

«Daýhanbank» banky: «Talyp karzy» bank karzyny hödürleýär

Sürüjilik kurslaryna e.gov.tm ýazylmak mümkinçiligi

Aşgabatda awtobus sürüjileri işe çagyrylýar

Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz müdirliginiň binasyny üçin bäsleşik

Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ýolagçy gatnatmak hyzmatyny hödürleýär