SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

THY: Dekabrda adaty uçar gatnawlarynyň sanyny artdyrýar

Türkiýäniň “Türk howa ýollary” awiakompaniýasy,  2022-nji ýylyň dekabr aýyndan başlap Türkmenistan ugurly adaty uçar gatnawlarynyň sanyny artdyrýar. “Türk howa ýollary” awiakompaniýasyndan Atavatan TV You Tube kanalyna gelıp gowşan täze maglumata görä, THY, dekabr aýyndan başlap, hepdede 3 gezek Türkmenistan ugruna uçar. Bu awiakompaniýa, Türkmenistan ugruna adaty uçar gatnawlaryna üstümizdäki ýylyň noýabr aýynyň 2-sine başlapdy we häzirki ýagdaýda hepdede 2 gezek Türkmenbaşy ugruna adaty uçar gatnawlaryny amala aşyrýar. Bu meýilnama 2022-nji ýylyň dekabr aýynyň 2-sinden 2023-nji ýylyň mart aýynyň 24-ne çenli döwür üçin kesgitlenen.

Uçuşlar bellenen günlerde ýerli wagt bilen sagat 11:00-de Stambuldan Türkmenbaşa uçar we Türkmenbaşy halkara howa menziline sagat 15:55-de gonar. Türkmenbaşydan Stambula bolsa ýerli wagt bilen 17:25-de uçar we Stambula sagat 18:50-de gonar.

Täze maglumata görä, Türkiýäniň “Türk howa ýollary” awiakompaniýasy, 2022-nji ýylyň dekabr aýyndan başlap bolsa, duşenbe, çarşenbe we anna günlerinde adaty uçar gatnawlaryny amala aşyrar.  Ýokaryda hem belläp geçişimiz ýaly, noýabr aýyndan başlap  şeýle gatnaw, hepde-de iki gezek, hepdäniň çarşenbe we perşenbe günlerinde amala aşyrylýar.

 

Al FlNo Start End Pattern Orig STD STA Dest
TK 396 02.DEC.2022 24.MAR.2023 1.3.5.. IST 11:00 15:55 KRW
TK 397 02.DEC.2022 24.MAR.2023 1.3.5.. KRW 17:25 18:50 IST

 

Türkmenistan-Türkiýe ugruna hepdede 7 uçar gatnawy

“Türkmenistan” awiakompaniýasy hem  her hepdäniň duşenbe, çarşenbe, anna we ýekşenbe günleri, ýagny hepdede 4 gezek adaty tertipde amala aşyrylar. Şeýlelikde, häzirki ýagdaýda Türkmenistan-Türkiýe ugruna hepdede 7 uçar gatnawy amala aşyrylýar.

Uçar gatnawlary hepdäniň haýsy günlerinde?

Duşenbe güni : “Türkmenistan” awiakompaniýasy we “Türk howa ýollary” awiakompaniýasy

Çarşenbe güni : “Türkmenistan” awiakompaniýasy we “Türk howa ýollary” awiakompaniýasy

Anna güni   : “Türkmenistan” awiakompaniýasy we” Türk howa ýollary” awiakompaniýasy

Ýegşenbe güni : “Türkmenistan” awiakompaniýasy

 

Agzalan uçar gatnawlarynyň biletleriniň bahasy 400 amerikan dollaryndan başlaýar. Has anyk maglumaty Türk howa ýollarynyň öz kassalaryndan alyp bilersiňiz! Türkmenistana uçmak we Türkmenistandan uçmak üçin soňky 48 sagadyň dowamynda alynan  PCR negative testiniň netijenamasy gerek!

Türk howa ýollary Aşgabada uçýarmy?

 

Häzirki maglumatlara görä, “Türkmenistan” awiakompaniýasy we “Türk howa ýollary” awiakompaniýasy Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugurlaryna adaty uçar gatnawlaryny amala aşyrýar. Emma “Türk howa ýollary” awiakompaniýasy noýabr aýynda jemi 4 sany ýörite uçar gatnawyny Stambul-Aşgabat-Stambul ugruna amala aşyrar.

Aşgabat ugruna  uçar gatnawlary haçan?

 

Täze gelip gowşan maglumatlara görä,  “Türk howa ýollary” awiakompaniýasy Noýabr aýynyň 14-ne, 19-ne, 21-ne  we 26-syna Aşgabat-Stambul ugruna ýörite uçar gatnawlaryny amala aşyrar. Bu gatnawlar paýtagtymyz Aşgabat şäherinden sagat 18:45-de uçar we Stambulyň howa menziline sagat 20:55-de gonar.

 

Al FlNo Orig STD STA Dest
TK 4913 ASB 18:45 20:55 IST

 

Türkiýe gitmek üçin wiza?

Türkiýe gitmek üçin wiza düzgüniniň girizilen döwründen bäri Türkmenistan raýatlarynyň ýüzlerçesi gelmek isleýän maksatlaryna laýyk wiza alyp Türkiýä gelip gidýärler. Şeýle hem, öň Türkiýede kanuna laýyk bolýan, ýagny wagtlaýyn ýaşamak üçin ýa-da zähmet çekmek üçin rugsatnamasy bolan raýatlarymyz Türkmenistana giden wagty, gaýtadan Türkiýe gelmek üçin wiza almazdan gelip bilýärler.

Öň hem habar berişimiz ýaly, transit geçýän raýatlarymyz hem bellenen ýagdaýda wiza almazdan Türkiýäniň üsti bilen beýleki ýurtlara gidip bilýärler.

Wiza almak we bular bilen baglanşykly gas giňişleýin maglumatlary saýtymyzdan we You Tube kanalymyzdan tapyp bilersiňiz. Wiza almak üçin gerekli resminamalaryň toplumyny Aýtakow-Ýubileýniý çatrygynyň ugrunda, Rysgal bankyň ýanyndaky A blok binasynda ýerleşýän Makul Hyzmat Terjime merkezinden terjime edip hem biljekdigňizi ýatlatmak isleýäris.  Habarlaşmak üçin : 863 78 96 73 / 96 48 55 makulhyzmat@gmail.com 

 

Fewral aýynda uniwersitede başlamak isleýänlere: Özýegin uniwersiteti

 

Türk howa ýollary: Ilkinji adaty uçar gatnawyny şu gün amala aşyrýar

Ýene-de okaň

Türkmenistanyñ syýahatçylyk agentlikleriniñ wekilleri Türkiýä saparlarynda Şanlyurfa we Gaziantepe baryp gördüler

Çagalaryň saglygy — döwletiň gymmatly baýlygy

Aşgabat-London ugurlaryna petekler onlaýn satuwa çykarylýar

Aşgabatdan Kuala Lumpura hepdede iki gatnaw ýola goýuldy

Aşgabat-London-Aşgabat gatnawy hepdede iki gezege çykaryldy

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň iň iri dag-lyža şypahanasy gurlar