TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Fewral aýynda uniwersitede başlamak isleýänlere: Özýegin uniwersiteti

Türkiýede bilim almak isleýän talyplar üçin goşmaça mümkinçilik! Mälim bolşy ýaly 2022-nji ýyl üçin Türkiýede okuwa kabul edişlik möwsümi tamamlandy. Emma Siz Türkiýede okamak üçin 2023-nji ýylyň Sentýabr aýyna çenli garaşmak islemeýär bolsaňyz, onda dünýäniň abraýly uniwersitetleri sanawynda öz mynasyp ornuny tapan Özýegin uniwersiteti Size garaşýar.

Özýegin Uniwersitetden Atavatan Danışmanlık ve Tercüme LTD kompaniýasyna gelip gowşan täze maglumata görä,  2023-nji ýylyň Fewral aýynda  okuwa başlamak üçin resminamalar kabul edişlik başlady. Resminamalar 31 Dekabr 2022 senesine çenli kabul edilýär.

Bu okuw töleginde arzanladyş görnüşindäki “talyp hakyndan” peýdalanmak üçin Atavatan Danışmalık LTD kompaniýasyna ýüz tutup bilersiňiz!

Habarlaşmak üçin : + 90 532 401 71 52 & +90 530 251 36 73

E: Mail :   atavataninternational@gmail.com

Halkara tejribe mümkinçiligi

Özýegin uniwersitetiň talyplary diňe bir Türkiýede däl, eýsem, dünýäniň dürli künjeginde hem gysga wagltaýyň bilim almak we tejribe edinmek mümkinçiligine eýe bolup biler. Özýegin uniwersiteti häzirki wagtda  38 döwletiň 140 sany uniwersiteti bilen jemi  141 sany Erasmus şertnamasyna we 35 sany Global alyş-çalyş maksatnamasynyň tarapy bolup durýar.

Eýsem uniwersitede ýerleşmek üçin näme etmeli?

Özýegin uniwersite resminamalary gönüiden göni özüňiz online görnüşde hem ýüz tutup bilersiňiz. Egerde SIz 40-45 göterime çenli okuw töleginden arzanladyşdan peýdalanmak isleýän bolsaňyz, onda Atavatan Danışmanlık ve Tercüme LTD kompaniýasyna ýüz tutup bilersiňiz. Mälim bolşy ýaly düýn saýtymyzda ýerleşdirilen habarda hem bellenişi ýaly, Özýegin uniwersiteti 2023-nji ýyl üçin Türkiýäniň iň abraýly uniwersitetleriň sanawynda hem öz ornuny tapypdyr.

Özýegin uniwersitetine ýerleşmek üçin ilki pasport, 3 ýyllyk baha we attestatyňyzyň terjimesi üçin Makul Hyzmat Terjimesine ýüz tutup bilersiňiz. (Habarlaşmak üçin:  +993 63 78 96 73,    makulhyzmat@gmail.com  )

Soňra bu resminamalaryňyz bilen Atavatan Danışmanlık Ltd kompaniýasyna ýüz tutýarsyňyz. Kompaniýa resminamalaryňyzy Uniwersitete hödürleýär. Uniwersitet Siziň Attestat bahalaryňyza seredýär we talaba laýyk bolsa, Size okuw jaýyna kabul edýär. Okuw jaýyna kabul edileňizden soňra, Size çakylyk haty berilýär. Çakylyk haty bilen “Talyplyk wizasyny” almalydygyňyzy unutmaň!  Türkiýe wiza üçin zerur resminalaryň sanawyny saýtymyzdan tapyp bilersiňiz!

 

 

 

Sanawdaky Özyegin Uniwersiteti Türkmen talyplaryna  “talyp haky” hödürleýär!

Ýene-de okaň

Türkiýede bilim almak isleýänler üçin wajyp maglumat: ÝÖS synagy haçan?

Baş Redaktor

Talyplyga dalaşgärler harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşürip bilýär

Amerikanyň sözlügi 2022-nji ýylyň sözüni saýlady

Teswirle