TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Sanawdaky Özyegin Uniwersiteti Türkmen talyplaryna  “talyp haky” hödürleýär!

Türkiýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan diplomy ykrar edilýän Özýegin Uniwersiteti Türkmenistanly talyplara bölekleýin “talyp haky” hödürleýär. Talyp haky aýlyk pul möçberinde däl-de, okuw töleginden 40-45 göterime çenli möçberde arzanladyş görnüşinde amala aşyrylar! Bu okuw töleginde arzanladyş görnüşindäki “talyp hakyndan” peýdalanmak üçin Atavatan Danışmalık LTD kompaniýasyna ýüz tutup bilersiňiz!

Habarlaşmak üçin : + 90 532 401 71 52 & +90 530 251 36 73

E: Mail :   atavataninternational@gmail.com

Dünýä standartlarynda bilim

Talyplara dünýä standartlarynda  bilim almak üçin ähli mümkinçilikleri özünde jemleýän Özýegin Uniwersiteti bilen Atavatan Danışmalık LTD kompaniýasynyň arasynda gol çekilen “Ygtyýarly Wekil” şertnamasyna laýyklykda Özýegin uniwersiteti Türkmen talyplaryna  ýörite talyp maksatnama hödürleýär we ýokary derejede bilim almak isleýän ýaş Türkmen oglan-gyzlaryna garaşýar!  Uniwersitet bilen tanyşmak üçin https://www.ozyegin.edu.tr/ saýtyna girip bilersiňiz!

Uniwersitetde häzirki döwürde jemi 72 döwletden 1000-den gowrak daşary ýurtly talyp bilim alýar. Uniwersitetde Biznes, Inženerçilik, Hukuk, Jemgyýetçilik ylymlary, Binägärçilik – dizaýn we Awiasiýa  fakultetinden ybarat bolan jemi 6 fakultet bilen bilim berýär. Uniwersitetiň Umumy ýaşaýyş jaýy hem hereket edýär we isleýän talyplar bu hyzmatdan tölegli peýdalanyp bilerler.

Halkara tejribe mümkinçiligi

Özýegin uniwersitetiň talyplary diňe bir Türkiýede däl, eýsem, dünýäniň dürli künjeginde hem gysga wagltaýyň bilim almak we tejribe edinmek mümkinçiligine eýe bolup biler. Özýegin uniwersiteti häzirki wagtda  38 döwletiň 140 sany uniwersiteti bilen jemi  141 sany Erasmus şertnamasyna we 35 sany Global alyş-çalyş maksatnamasynyň tarapy bolup durýar.

Eýsem, Özýegin uniwersitetiniň talyby bolmak üçin näme etmeli? Ilki pasport, 3 ýyllyk baha we attestatyňyzyň terjimesi üçin Makul Hyzmat Terjimesine ýüz tutup bilersiňiz. (Habarlaşmak üçin:  +993 63 789673,    makulhyzmat@gmail.com  )

Soňra bu resminamalaryňyz bilen Atavatan Danışmanlık Ltd kompaniýasyna ýüz tutýarsyňyz. Kompaniýa resminamalaryňyzy Uniwersitete hödürleýär. Uniwersitet Siziň Attestat bahalaryňyza seredýär we talaba laýyk bolsa, Size okuw jaýyna kabul edýär.

Ýene-de okaň

Ýurdumyzda italýan dili öwredilýär

Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi gurlar

Türkmenistanyň wekiliýeti “Bilimi özgertmek boýunça sammite” gatnaşýar

Teswirle