TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türk howa ýollary: Ilkinji adaty uçar gatnawyny şu gün amala aşyrýar

Türkiýäniň “Türk howa ýollary” awiakompaniýasy, Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugruna global pandemiýadan soňraky ilkinji adaty uçar gatnawyny şugün amala aşyrýar.  Öň hem habar berişimiz ýaly, “Türk howa ýollary” global pandemiýa döwründe yzygiderli ýagdaýda ýörite uçar gatnawlaryny amala aşyryp geldi. Şonda, bu amala aşyrylýan ýörite uçar gatnawlarynyň sany soňky aýlarda has artdy.

Saýtymyza öň ýerleşdirilen habarymyzdan hem mälim bolşy ýaly, “Türk howa ýollary” 2022-nji ýylyň 2-nji noýabryndan başlap Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça adaty gatnawlaryna başlaýar. Stambul howa menziliniň resmi web saýtyndaky maglumata görä, ilkinji adaty uçar gatnawy şugün ýerli sagat bilen 11:30-da Stambuldan Türkmenbaşy şäherine uçýar. Uçaryň Türkmenbaşynyň halkara howa menziline ýerli wagt bilen 16:25-de gonmagyna garaşylýar. “Türk howa ýollarynyň” ilkinji adaty uçarynyň Türkmenbaşydan 17:55-de uçmagyna we Stambulyň howa menziline 19:20-de gonmagyna garaşylýar.

Uçar gatnawlary häzirlikçe hepde-de 2 gezek, hepdäniň çarşenbe we perşenbe günlerinde amala aşyrylar. Uçar gatnawlarynyň sanynyň artmagyna garaşylýar we bu barada Size goşmaça habar bereris.

 

Türkiýäniň “Türk howa ýollary” awiakompaniýasynyň bu hepdedäki ikinji uçar gatnawynyň hem ertir ýokaryda görkezilen sagatlarda amala aşyrylar.

Biletleri Türkiýeden we Türkmenistandan alyp bolar. Biletiň bahasy Stambul-Türkmenbaşy ugry boýunça 397 ABŞ dollaryndan başlaýar. Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça gatnawyň biletiniň bahasy 497 ABŞ dollaryndan başlaýar.

Türkmenistan-Türkiýe ugruna hepdede 6 uçar gatnawy

“Türkmenistan” awiakompaniýasy hem, 2022-nji ýylyň Oktýabr aýynyň 5-nden başlap, Türkmenistan-Türkiýe ugruna adaty uçar gatnawlaryna başlady. Uçar gatnawlary  her hepdäniň duşenbe, çarşenbe, anna we ýekşenbe günleri, ýagny hepdede 4 gezek adaty tertipde amala aşyrylar. Şeýlelikde, häzirki ýagdaýda Türkmenistan-Türkiýe ugruna hepdede 6 uçar gatnawy amala aşyrylýar.

Uçar gatnawlary hepdäniň haýsy günlerinde?

Duşenbe güni : “Türkmenistan” awiakompaniýasy

Çarşenbe güni : “Türkmenistan” awiakompaniýasy we “Türk howa ýollary” awiakompaniýasy

Perşenbe güni : “Türk howa ýollary” awiakompaniýasy

Anna güni   : “Türkmenistan” awiakompaniýasy

Ýegşenbe güni : “Türkmenistan” awiakompaniýasy

 

Türkiýe gitmek üçin wiza?

Häzirki wagtda  Türkmenistan raýatlary üçin Türkiýe gitmek boýunça wiza almak hökmanydyr.  Şonda öň hem bar berişimiz ýaly, Türkiýede ýaşamak üçin ýa-da zähmet çekmek üçin hereket ediş möhleti dowam edýän rugsatnamasy bar bolsa, onda Türkmenistana gelip gidýän raýatlarymyz üçin wiza almak zerur däl. Şeýle hem, käbir ýagdaýlarda transit geçmek üçin hem wiza almak zerur däldigini biz öň saýtymyza ýerleşdiripdik. Bu habarymyzy okap bilersiňiz ýa-da Atavatan TV You Tube kanalyndan tomaşa edıp bilersiňiz.

Ýokaryda agzalan ýagdaýlardan başga Türkiýe gitmek üçin wiza almak zerurdyr. Türki wiza merkeziniň wizalaryň görnüşlerine görä, zerur resminamalaryň sanawyny saýtymyza öň ýerleşdiripdik.

Wiza almak üçin gerekli resminamalaryň toplumyny Aýtakow-Ýubileýniý çatrygynyň ugrunda, Rysgal bankyň ýanyndaky A blok binasynda ýerleşýän Makul Hyzmat Terjime merkezinden terjime edip hem biljekdigňizi ýatlatmak isleýäris.  Habarlaşmak üçin : 863 78 96 73 / 96 48 55 makulhyzmat@gmail.com 

 

Ýörite uçar gatnawlaryndan adaty uçar gatnawlaryna ..

Ýokaryda hem belläp geçişimiz ýaly, 2020-nji ýylyň mart aýyndan başlap THY, Türkmenistan ugruna ýörite uçar gatnawlaryny amala aşyryp geldi. Şonda, esasan hem soňky aýlarda ýörite uçar gatnawlarynyň sany artdy. Biziň habarlarymyzy yzygiderli yzarlaýanlara mälim bolşy ýaly, ilki başda, aýda bir, soňra aýda iki ýörite uçar gatnawlary bolan bolsa, bu gatnawlar soňlygy bilen aýda 4 gatnawa çykdy.  Talyplaryň daşary ýurtlara okuw maksatly gidip başlamagy bilen bu gatnawlaryň sany has artdy.

Sentýabr aýynda  bolsa “Türkmenistan” hem-de “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy bilelikde 17 sany ýörite uçar gatnawyny amala aşyrdy.

Bu gatnawlar Oktýabr aýynda has artdy. Eger-de  “Türkmenistan” awiakompaniýasy 2-nji oktýabrda iň soňky ýörite uçar gatnawyny amala aşyran bolsa, eýýäm 5-nji Oktýabrdan başlap hepde-de 4 gezek bolmak şerti bilen adaty uçar gatnawlaryna başlady.

“Türk howa ýollary” awiakompaniýasy bolsa, Oktýabr aýynda hepde-de 3 gezek, ýagny hepdäniň duşenbe, anna we şenbe günleri üçin ýörite uçar gatnawlaryny meýilleşdirdi. THY,  2022-nji ýylyň oktýabr aýynda jemi 14 sany ýörite uçar gatnawyny amala aşyrdy. Noýabr aýyndan başlap THY hem adaty uçar gatnawlaryna başlady.

 

 

 

“Talantlaryň Gözleginde” aýdym-sazly bäsleşik : “Atavatan TV Yglan edýär!

 

 

Ýene-de okaň

THY gar ýagyşy sebäpli gatnawlaryny ýatyrdy

Kerki ― Daşoguz ― Kerki uçar gatnawy dikeldildi

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň ilkinji “Airbus” kysymly ýük uçary

Ata Watan Eserleri

Teswirle