TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türk wizasy kimler üçin hökman däl?

Türkiýe döwletiniň Türkmenistanyň raýatlary üçin wiza düzgüniniň girizmegi bilen wiza baradaky soraglara jogap gözleýänleriň sany artdy. Biz “Ata Watan” Media topary bolup, saýtymyzda we “Atavatan TV You Tube” kanalymyzda bular barada birnäçe soraglaryň jogabyny okyjylarymyza we tomaşaçylarymyza ýetirdik. Türkiýä ugruna adaty uçar gatnawynyň açylmagy bilen bu soraglaryň sany artýar. Biz media topary bolup ähli soraglara anyk jogap bermek maksady bilen käbir soraglary ygtyýarly edaralara ýetirýäris. Aşakda bize gelýän birnäçe soragyň jogabyny ýetirýäris. Biz bu soraglaryň jogabyny Türkiýäniň Türkmenistandaky Ilçihanasyndan aldyk. Bellemeli zat, bu maglumat habary saýtymyza ýerleşdirilen senede, ýagny 2022-nji ýylyň Oktýabr aýynyň 7-sindäki ýagdaýda hukuk güýjüne eýe maglumat. Kanunçylygyň üýtgäp bilýänligini hasaba alyp, syýahat etmezden ozal bu barada goşmaça maglumatlary täzeläp duruň!

 Sorag

 Türkiýede möhleti bolan wagtlaýyn ýaşamak üçin rugsatnama (ikamet) bolan ýagdaýynda, men syýahat üçin Türkmenistana gelsem, täzeden wiza almak zerurmy?

 Jogap

 Türkiýede hereket ediş möhleti dowam edýän wagtlaýyn ýaşamak üçin rugsatnamasy bolan Türkmenistanyň raýaty, Türkmenistana gelip, möhleti dolmazdan yzyna Türkiýe gitmek islese, onda Türkiýä gitmek üçin wiza almak zerurlygy ýokdur.

 Sorag

 Türkiýede zähmet çekmek üçin rugsatnamasy bolan (çalışma izni) möhleti dolmazdan Türkmenistana gelip gitmek islese , wiza almalymy?

 Jogap

Bu soragyň jogaby hem ýokardaky soragyň jogaby ýaly, ýagny, rugsatnamanyň möhleti dolmazdan Türkmenistana gelip, yzyna Türkiýe dolanmak islese, wiza almak zerurlygy ýokdur.

 Sorag

 Men Türkiýäniň üsti bilen beýleki ýurtlara syýahata gitmek isleýärin. Haýsy ýagdaýda transit wiza almaly?

Jogap

 Türkmenistanyň raýatlaryny, Türkiýe döwletine gelip, gysga wagtlaýyn galyp, beýleki döwletlere gitmek isleseler onda transit wizasyny almalydyr. Transit wizasy Türkiýe gelenden soňraky uçuş aralagyndaky möhlet üçin berilýär we bu möhlet 5 gündir.  Transit wizasyny alan wagtyňyz bu möhleti anyk soraň!

 Sorag

 Haýsy ýagdaýda transit wizasy almazdan, Türkiýeden beýleki ýurtlara geçip bilerin?

 Egerde Türkmenistanyň raýatlary, ilteşikli transit uçuşy bilen Türkiýeden beýleki döwlete uçýan bolsa, Türkiýe girmezden, bagajyny almazdan, howa menziliniň transit ýolagçylar üçin ýörite bellenen nokadyndan geçip beýleki döwlete uçýan bolsa onda transit wizasyny almazdan gönüden-göni Türkiýäniň üstünden beýleki ýurtlara uçup bilerler.

  Hormatly okyjylarymyz!

 Biz Siziň iberen käbir soraglaryňyza jogaplary ýetirýäris. Egerde şeýle soraglaryňyz bar bolsa, biziň jemgyýetçilik torlarymyzdan ýazyp iberiň, jogabyny anyk bilýän soraglaryňyza biz hökman jogaplar bereris we bu sorag-jogaplary halk köpçüligine ýetireris. Biz size öň, adaty gatnawlaryň başlamagy bilen Stambulda biometrik pasportyň hereket ediş möhletiniň uzadylyp uzadylmaýanlygy baradaky gelen köp sanly soraga jogaby ýetiripdik. Bu barada “Atavatan Tv You Tube” kanalynda jogaby tapyp bilersiňiz.

 

Mahabat:

Wiza almak hem-de daşary ýurtda okamak isleýänler resminamalaryň terjimesi üçin  “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55

E: Mail :   makulhyzmat@gmail.com 

Mahabat:

Stambulda ynanç haty, pasport, attestat we beýleki resminamalaryň terjimesi boýunça Aksaraýda ýerleşýän we eýýäm birnäçe ýyldan bäri esasan hem Türkiýe bilen Türkmenistan arasynda terjime köprüsi bolup durýän Atavatan Tercüme Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Atavatan  Danışmanlık ve Tercüme Merkezi diňe terjime we uniwersitetlere ýerleşdirmek  boýunça hyzmatlar berýär. 

Habarlaşmak üçin

+90 532 401 71 52 / +90 530 251 36 73

atavatantranslation@gmail.com 

 

 

 

Stambulda Biometrik pasportlaryň möhletiniň uzadylmagy dowam edýärmi?

Ýene-de okaň

«Belawiýa» awiakompaniýasy Türkmenistana uçar gatnawlaryny artdyrdy

Şäherara awtobus petekleriniň onlaýn satuwy

Daşoguzda täze saglyk öýi açyldy

Teswirle