BIZNES

Hytaýda “iPhone” telefonlaryň satuwy dikeldilýär

“Reuters” habarlar gullugynyň habaryna görä, “Apple” kompaniýasy mart aýynda Hytaýa takmynan 2,5 million “iPhone” telefonlaryny iberdi. Bu görkeziji fewral aýyndan 5 esse köpdür. Bu hem bazaryň täzeden dikelýändiginiň alamatydyr. Geçen aýda Hytaýa “Apple”-iň 500 müňe golaý smartfony iberilipdi.

Smartfon öndürmekde öňdebaryjy bu kompaniýa Hytaýda koronawirus keseliniň ýatyşyp başlamagy bilen telefonlara bolan islegiň has-da artjakdygyny belleýär.

Hytaýyň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýasy akademiýasynyň berýän maglumatlaryna görä, mart aýynda Hytaýa iberilen smartfonlaryň möçberi 21 milliona deň boldy. Bu fewral aýy bilen deňeşdirilende, 3 esse ýokary. Ýöne geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bolsa, 20 göterim azdyr. Bilermenler Hytaýyň ykdysadyýetiniň täzeden dikelmegi üçin birnäçe aýyň gerek boljakdygyny belleýärler.

Koronawirus keseliniň ýaramaz täsirlerinden täsirlenen kompaniýalaryň hatarynda gelýän “Apple” 30-njy aprelde çärýekleýin maliýe netijelerini yglan eder.

Ýene-de okaň

Angliýanyň ilkinji milliarder sazandasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halysynyň baýramyna taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda öndürilýän önümler «TIBCO-2024» sergisinde görkezilýär

Aşgabatda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi öz işine başlady

Russiýa bilen Merkezi Aziýanyň haryt dolanyşygy 44 milliard dollara deň boldy

Ata Watan Eserleri

USAID 13-nji Merkezi Aziýa söwda forumyny geçirýär