TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Hytaýda “iPhone” telefonlaryň satuwy dikeldilýär

“Reuters” habarlar gullugynyň habaryna görä, “Apple” kompaniýasy mart aýynda Hytaýa takmynan 2,5 million “iPhone” telefonlaryny iberdi. Bu görkeziji fewral aýyndan 5 esse köpdür. Bu hem bazaryň täzeden dikelýändiginiň alamatydyr. Geçen aýda Hytaýa “Apple”-iň 500 müňe golaý smartfony iberilipdi.

Smartfon öndürmekde öňdebaryjy bu kompaniýa Hytaýda koronawirus keseliniň ýatyşyp başlamagy bilen telefonlara bolan islegiň has-da artjakdygyny belleýär.

Hytaýyň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýasy akademiýasynyň berýän maglumatlaryna görä, mart aýynda Hytaýa iberilen smartfonlaryň möçberi 21 milliona deň boldy. Bu fewral aýy bilen deňeşdirilende, 3 esse ýokary. Ýöne geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bolsa, 20 göterim azdyr. Bilermenler Hytaýyň ykdysadyýetiniň täzeden dikelmegi üçin birnäçe aýyň gerek boljakdygyny belleýärler.

Koronawirus keseliniň ýaramaz täsirlerinden täsirlenen kompaniýalaryň hatarynda gelýän “Apple” 30-njy aprelde çärýekleýin maliýe netijelerini yglan eder.

Ýene-de okaň

Biržada nebit önümleri uly isleg bildirilýär

Türkmenistanyň Astrahandaky logistika merkezi Merkezi Aziýanyň Russiýa deňiz çykalgasy bolar

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjan Rumyniýa tebigy gaz iberer

Ata Watan Eserleri

Teswirle