BIZNES

Hususylaşdyrmakda  ýokary ösüş depgini: 557 desga hususylaşdyryldy

Milli ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegini ösdürmegiň wajyp ugry döwlet eýeçiligindäki kärhanalary hususylaşdyrmakdyr. Häzirki wagta çenli Türkmenistan boýunça 2010-njy ýyldan 2021-nji ýyla çenli (2021-nji ýylyň 2 aýyny goşmak bilen) döwlet eýeçiligindäki hususylaşdyrylan kärhanalaryň (desgalaryň) sany 557-ä, maýa goýum bäsleşiginde, gazna biržasynda, kärendeçisine we salgyly satylan kärhanalaryň (desgalaryň) sany 155-e, bäsleşikli söwdada (auksion) satylan kärhanalaryň (desgalaryň) sany 402-ä ýetdi. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde ýerleşdirilen habarda bellenilip geçilýär.

Ýurdumyzyň oba hojalygynda, gaýtadan işleýän senagatynda, gurluşykda, söwda we ilata tagam taýýarlamakda ýüzlerçe kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmak maksatnamalaýyn esasda alnyp baryldy. Netijede, onlarça maldarçylyk we guşçulyk fermalary, senagat we azyk önümlerini öndürýän kärhanalar, naharhanalar, ýüzlerçe dükanlar we gaýry emläkler hususylaşdyryldy.

Ykdysady işleriň görnüşleri boýunça emläkleri hususylaşdyrmakdan býujete gelip gowşan serişdeleriň düzümi şeýle: girdejileriň 29 göterimi ulag işlerinden we ýükleri saklamakdan, 26,5 göterimi işläp bejerýän önümçiliklerden, 20 göterimi lomaý we bölek söwdadan, 7 göterimi gozgalmaýan emläk bilen bagly amallardan, 5 göterimi oba we tokaý hojalyklarynyň, balyk tutmagyň emläklerini we 5 göterimi gurluşyk pudagynyň emläklerini hususylaşdyrmakdan, galan 7,5 göterimi beýleki iş görnüşleriniň emläklerini ýerlemekden gazanyldy.

Sebitler boýunça emlägi döwletiň garamagyndan aýyrmakdan we hususylaşdyrmakdan býujete gelen serişdeler barada gazanylan netijeler şu ýagdaýda emele geldi: 32 göterimi Aşgabat şäheriniň, 8 göterimi Ahal welaýatynyň, 11 göterimi Balkan welaýatynyň, 10 göterimi Daşoguz welaýatynyň, 22 göterimi Lebap welaýatynyň we 17 göterimi Mary welaýatynyň paýyna düşdi.

Bu işleriň netijesinde, ýurdumyzyň paýtagtynda, welaýat we etrap merkezlerinde, oba ýerlerinde öňdebaryjy tehniki-tehnologik nusgalara laýyk enjamlaşdyrylan döwrebap zawod-fabrikler, önümçilik sehleri, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän, durmuş-medeni desgalar, söwda we dürli ugurly hyzmatlary ýerine ýetirýän kärhanalaryň ýüzlerçesi peýda boldy.

 

Koreý dilini öwrenmek isleýänler üçin : Amatly we elýeterli

 

 

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi öz işine başlady

Russiýa bilen Merkezi Aziýanyň haryt dolanyşygy 44 milliard dollara deň boldy

Ata Watan Eserleri

USAID 13-nji Merkezi Aziýa söwda forumyny geçirýär

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $2,5 milliarddan geçdi

Türkmenistan bilen Eýran tebigy gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyny ösdürer

Demirýol pudagynda Germaniýanyň “Deutsche Bahn Holding” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk ediler