BIZNES

Demirýol pudagynda Germaniýanyň “Deutsche Bahn Holding” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk ediler

Ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň hasabatyna görä, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” demir ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, elektrikleşdirmek, dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, hünärmenleri taýýarlamak boýunça işleri hem-de beýleki çäreleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň ýük daşamak we ýolagçy gatnatmak, logistika, demir ýollary döwrebaplaşdyrmak ulgamynda ýöriteleşen öňdebaryjy kompaniýalary bilen duşuşyklaryň geçirilendigi habar berildi.

Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde geçirilen Türkmen-german işewürlik maslahatyndaky çykyşynda “Deutsche Bahn Holding” kompaniýasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli demir ýol ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulýandygyny belläp, agentligiň ýolbaşçysyna Germaniýanyň degişli kompaniýasy bilen demir ýollar pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 40 milliard 230 million kubmetr tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Özbegistanyň esasy söwda hyzmatdaşy

Eýranda 1.7 million awtoulag öndüriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň serhet wekilleriniň ikinji duşuşygy

Türkmenistanda “akylly” gaz hasaplaýjy enjamlary gurnalar

“Sanly karz” ulgamy hyzmaty ornaşdyrylýar