SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

28-nji iýul ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ!   Egerde  araňyzda  daşary ýurtda  bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň  terjimesi üçin  “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55

E: Mail :   makulhyzmat@gmail.com 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size  28-nji iýuldaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Günüň birinji ýarymy, hamallar üçin diýseň dartgynly bolar. Ýöne agşama ýakyn gün ýakymly täzelikleri getirer. Günüňizi deňagramly geçirmäge synanyşyň.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Bu gün işdäki we öýdäki kynçylyklar gowulaşar. Öz durkuňyz bilen beriljek täze taslama üçin umytlaryňyz bolar. Täze iş mümkinçiliklerine sabyrsyzlyk bilen garaşyň. Olardan peýdalanmagy başaryň.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Bu gün jöwzalar täzeliklere, garaşylmadyk ýagdaýlara taýyn bolmaly. Hemme zat meýilnamaňyza görä bolmaz, ýöne alada etmäň: üýtgeşmeleriň gowulyga tarap boljakdygy gaty ähtimal. Özüňizi ählitaraplaýyn kämilleşdirmäge çalyşyň.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Bu gün seretanlar hatda çylşyrymly el işlerini ýerine ýetirip bilerler. Şeýle hem bu gün, ýönekeý güýmenjiňizi durnukly girdeji çeşmesine öwrüp bilersiňiz. Täze girdeji çeşmelerini gözläň. Häzirki wagta bu babatda ykbal siziň tarapyňyzda.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
 Esetler şu günlerini kän zähmet çekmän, ýaltalyk bilen geçirerler. Göwnüçökgünlik, ýadawlyk sizi gurşap alar. Ähli işlerden yza çekilmek islegi dörär. Emma bu gün özüňizi işlemäge mejbur etmäň. Size megerem, biraz dynç gerek bolup biler.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Batyr boluň. Häzirki wagtda iň kyn meseleleri çözmekde adatdan daşary, özboluşly çemeleşiň. Şahsy durmuşyňyzda täze duýgular we adamlar peýda bolup biler. Ünsli boluň. Saglygyňyza we iýmitiňize gözegçilik etmegi ýatdan çykarmaň.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Bu gün mizanlar üçin birneme asudalyk we durnuklylyk güni. Siz bu gün biraz dynç almagy we rahatlygy islärsiňiz, şonuň üçin özüňizi işlemäge mejbur etmeli dälsiňiz. Iň esasy zat, özüňizi durmuşyň ýakymly pursatlary bilen gurşamakdyr. Bu gün hatda kiçijek, ownuk zatlar hem sizi begendirip biler.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Akraplar şu gün gyzykly tekliplere garaşýarlar. Pul tygşytlamak we hasap açmak üçin bu gün diýseň amatly. Zähmet pudagynda ösüşiň täze ugruny gözläň. Şeýle hysyrdyly iş günüňiziň daşynda, maşgalaňyza hem wagt sarp etmek diýseň möhümdir.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Kowuslar, bu gün islendik dawanyň ýüze çykan ýagdaýynda özüňizi mümkin boldugyça giň we mylakatly alyp barjak boluň. Duýgulara ýol bermäň we aragatnaşykda çäklerden çykmaň, sebäbi bu siziň keşbiňizi ep-esli derejede pese düşürip biler.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Bu gün jediler akyl we döredijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge mümkinçilik alýarlar. Bu gün siziň geljekde durmuşa geçirip başlamagy meýilleşdirýän köp pikirleriňiz peýda bolar. Esasy maslahat, pikirleriňiziň durmuşa geçirilmegini soňa goýmaň.

Daluw (gowa 21.01-20.02)
Bu gün daluwlar gerekli ýerde we gerekli wagtda bolup bilerler. Tötänleýin duşuşyk geljekde köp garaşylmadyk we bagtly pursatlary getirer. Bagtyňyze elden gidirmejek boluň.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Hutlar üçin bu gün gabat gelip biljek täze tanyşlar, professional maksatlaryňyzyň durmuşa geçirilmegine goşant goşar. Gün oňyn ýagdaýda, deňagramly geçer. Işewür meseleler bilen bir hatarda, şahsy durmuşyňyzdaky wakalar hem siziň göwnüňizden turar.

Ýene-de okaň

16-njy Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

15-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

14-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

13-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

12-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (10-njy -16-njy iýun)

Ata Watan Eserleri