SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

11-nji iýul ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ!   Egerde  araňyzda  daşary ýurtda  bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň  terjimesi üçin  “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55

E: Mail :   makulhyzmat@gmail.com 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size  11-nji   iýuldaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Bu günüňiz höwes bilen doldurylar. Bu bolsa söýgi başdan geçirmelerini we synaglary islejekdigiňizi aňladýar. Günüňizi mümkin boldugyça peýdaly zatlara sarp etmeklige çalyşyň.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Sowurlar özlerine bolan ynamy ýokarlandyrmaly. Sizsiz hem özüni gowy duýýan adamlara ýüklenmeli däldir. Kimdir biriniň senden daşlaşandygyny ýa-da gürleşmek islemeýändigini duýsaňyz, bu adamy ýeke goýuň.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Jöwzlar bu gün şeýle höwes bilen söhbetdeşlerine öz tarapyna çekjek gyzykly hem-de delilli maglumatlary aýdyp biler. Munuň telekeçilik bilen baglanyşygy bar bolsa gerek. Siz bu gün özüňiz bilen pikirdeş adamlary taparsyňyz.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Bu gün, seretanlar adamlary aňsatlyk bilen dolandyryp bilerler. Siz daş-töweregiňizdäkileriň içini aňsatlyk bilen duýarsyňyz, içki dünýäsine göz aýlarsyňyz we zerur karar bermeklerine itergi berersiňiz. Her bir işde düşünjäňizi diňläň.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Bu gün esetler özüne hemişe ýetmän duran zady alyp bilerler. Olar üns merkezde bolmaklygy diýseň gowy görýärler. Emma, näçe ünsde bolsalar hem, bu olar üçin azdy. Bu gün siz bu boşlugy ahyrsoňy doldurarsyňyz. Adamlaryň size bolan ünsünden lezzet alarsyňyz.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Günüň birinji ýarymyny işlemek we meseleleri çözmek üçin bagyşlaň, ýöne ikinji ýarymynda eýýäm dynç alyp bilersiňiz. Kitap okaň ýa-da film görüň. Şowhunly oturylyşyklardan saklanmak has gowudyr.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Jedelli ýagdaýa düşen bolsaňyz, diplomatiýany we wepalylygy görkeziň. Ähli meseleleri gürrüňdeşlik bilen çözüp bolýandygyny ýatdan çykarmaň. Gün aňsat we asuda geçer, şonuň üçin alada etjek zadyňyz bolmaz.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Akraplar üýtgetmek üçin açyk bolmaly. Durmuşyňyzy ep-esli gowulaşdyryp biljek bir zatdan gorkmaň. Köne zatlary goýalyň. Çünki geçmiş bizi käwagt düýbüne çekýär.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Bu gün dünýäniň ýüzüňize ýylgyryş bilen seretmägine mümkinçilik berýän gowy keýpde oýanarsyňyz. Siz mundan şeýle bir ylham alarsyňyz welin, täze belentlikleri döretmek, ýeňip geçmek we maksatlaryňyza ýetmek isleýärsiňiz.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Jedileriň analitiki pikiri bar, şonuň üçin bu gün iş bilen baglanyşykly bulaşyklary çözmeli bolarlar. Şeýle-de bolsa, tutanýerli we ünsli bolsaňyz, üstünlik gazanarsyňyz.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Daluwlar daşky görnüşi bilen synag geçirmegi karar edip biler. Bu gün munuň üçin amatly bolar. Şonuň üçin diňe bir daşky tarapdan owadan bolmak bilen çäklenmän, ruhuňyzy hem rahatlandyryp bilersiňiz.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu gün hutlar aşa duýgur bolarlar, şonuň üçin çynlakaý çaknyşyklara düşmek howpy bar. Size sowukganly bolmak we adamlara has mähirli garamak maslahat berilýär.

Ýene-de okaň

16-njy Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

15-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

14-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

13-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

12-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (10-njy -16-njy iýun)

Ata Watan Eserleri