DÜNÝÄ

Ýaponiýa tomusda Merkezi Aziýa döwletleri bilen sammit geçirmegi meýilleşdirýär

Ýaponiýanyň hökümeti şu ýylyň tomsunda Merkezi Aziýa döwletleri: Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Täjigistan we Türkmenistan bilen birinji ýokary derejedäki sammiti geçirmäge taýýarlyk görýär. Bu barada “Kyodo” ýapon habarlar gullugy habar berýär.

Habar berlişine görä, häzirki wagtda şu ýylyň awgustynda Gazagystanda ýokary derejeli duşuşygy guramagyň üstünde işlenilýär. Onuň anyk senesi soňra kesgitlener. Ýaponiýa tarapyndan Premýer-ministri Fumio Kisidanyň gatnaşmagyna garaşylýar. Garaşylyşy ýaly, bu sammitde ilkinji nobatda ykdysady hyzmatdaşlyk gatnaşyklary maslahatlaşylar.

Ýaponiýa 2004-nji ýyldan bäri Merkezi Aziýa döwletleri bilen daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary derejesinde yzygiderli duşuşyklar geçirip gelýär. Üstümizdäki ýylda bu formata 20 ýyl dolýar we taraplar onuň derejesini sammit derejesine ýokarlandyrmagy maksat edinýär.

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý parlamentara gatnaşyklary maslahatlaşyldy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat geçirildi

Aşgabat şäheriniň gününde 136 sany ýaşaýyş jaýy ulanmaga berler

Türkmenistan-Atom energiýasy boýunça halkara agentligi: hyzmatdaşlyk üçin täze teklipler

Türkmenistan Bahreýn Patyşalygyna ilçi belledi

Italiýa-Merkezi Aziýa daşary işler ministrleriniň duşuşygy bolar