No menu items!
8.9 C
Istanbul
13/08/2020 15:00
No menu items!
Home BILIM TÜRKMENISTANYŇ INŽENER-TEHNIKI WE ULAG KOMMUNIKASIÝALARY INSTITUTY

TÜRKMENISTANYŇ INŽENER-TEHNIKI WE ULAG KOMMUNIKASIÝALARY INSTITUTY

2020/2021-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

  1. Gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary (hünärler: gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolandyrylyşy; awtomobil ýollarynyň, köprüleriň we tonnelleriň gurluşygy, ulanylyşy we tehniki abatlanylyşy; ýörite maksatly inžener ulgamlary we desgalary; demir ýollaryň gurluşygy, ýol we ýol hojalygy; inžener ulgamlary we torlary).
  2. Binagärlik (hünärler: landşaft dizaýny; ýaşaýyş jaý hojalygy we jemagat infrastrukturasy).
  3. Maşyngurluşyk (hünär: önümçiligi we tehnologiki prosesleri awtomatlaşdyrmak).
  4. Elektro we ýylylyk energetikasy (hünär: elektrik üpjünçiligi).
  5. Tehnosfera howpsuzlygy we tebigy abadanlaşdyryş (hünär: tehnosfera howpsuzlygy).
  6. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (hünär: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary).
  7. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünärler: ykdysadyýet we dolandyryş; buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit; logistika).
  8. Ýerüsti ulagyň tehnikasy we tehnologiýalary (hünärler: awtomobiller we awtomobil hojalygy; awtomobil ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak; demir ýol ulagynda gatnawlary guramak we hereketi dolandyrmak; portlaryň we ulag menzilleriniň ýükleýiş-düşüriş enjamlarynyň ulanylyşy; ýerüsti ulag-tehnologiki serişdeleri; demir ýollaryň hereket edýän düzümi).
  9. Aeronawigasiýa we awiasion hem-de raketa-kosmiki tehnikalaryny ulanmak (hünärler: howa hereketiniň dolandyrylyşy; uçuş enjamlarynyň we hereketlendirijileriniň tehniki ulanylyşy; howa gämileriniň awiasion we radioelektron enjamlaryny tehniki taýdan ulanmak; howa ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak).
  10. Gämi gurluşygynyň we suw ulagynyň tehnikasy we tehnologiýalary (hünärler: gämi sürmeklik; gämileriň energetiki desgalarynyň ulanylyşy; gämi gurluşygy).

Institutda okuwlar tölegli esasda alnyp barlar.

Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2020-nji ýylyň 6 — 19-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

“Aeronawigasiýa we awiasion hem-de raketa-kosmiki tehnikalaryny ulanmak” ugruna okuwa girýänler uçujy-dispetçer we inžener-tehnik wezipelerinde işleýänler üçin niýetlenen Gollanmanyň düzgünlerine laýyklykda lukmançylyk barlagyndan geçýärler.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Daşoguz welaýaty — iýul aýynyň 22-si, 24-i we 26-sy günleri;

Ahal welaýaty — iýul aýynyň 23-i, 25-i we 27-si günleri;

Aşgabat şäheri — iýul aýynyň 27-28-i, 30-y we awgust aýynyň 1-i günleri;

Lebap welaýaty — iýul aýynyň 29-y, 31-i, we awgust aýynyň 2-si günleri;

Mary welaýaty — awgust aýynyň 2-3-i, 5-i we 6-sy günleri;

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 4-i, 6-sy we 7-si günleri.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

landşaft dizaýny hünäri — surat we grafika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

galan hünärler — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— saýlan ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk önümçilik tejribesi bolanlar;

— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we

ulag kommunikasiýalary institutynyň

salgysy: Aşgabat ş., Büzmeýin etrabynyň Senagat köçesi, 51,

tel.: 33-52-33, 39-26-47, 39-26-48.

IŇ TÄZE HABARLAR

Russiýa halkara uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Koronowirus pandemiýasy sebäpli, ara düşen uzak arakesmeden soňra, Russiýa Federasiýasy awiagatnawlary amala aşyrýan döwletleriniň sanawyny köpeltmekçi. Metbugat maglumatlaryna görä, 1-nji sentýabrdan başlap, Gazagystan, Täjigistan...

Pareho “Wilýareala” geçdi

Ispaniýanyň “La Liga” çempionatynda çykyş edýän “Wilýareal’ topary Frensis Koklendan soňra “Walensiýa” toparynyň kapitany bolan Dani Parehony öz düzümine goşdy. Pareho topar bilen 4...

Matuidi Amerika barýar

Italiýanyň “Ýuwentus” toparynyň ýarymgoragçy Bleýz Matuidi bilen şertnamasynyň tamamlanandygy mälim edildi. Taraplar özara ylalaşyk esasynda şertnamany bes etdiler. Fransuz raýaty 2017-nji ýyldan bäri “Ýuwentus”-da çykyş...

Lihtştaýner futboly taşlady

Şweýsariýa futbol federasiýasynyň resmi web sahypasyda “Ýuwentusyň” we “Arsenalyň” öňki goragçysy Ştefan Lihtştaýner özüniň futbol ýoluny tamamlandygyny habar berdi. “Eziz janköýerlerim üçin şu wagta çenli...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Russiýada täze okuw ýyly 1-nji sentýabrda başlaýar

Russiýada 2020-2021-nji täze okwu ýyly 1-nji sentýabrda ähli sanitariýa çäreleri göz öňünde tutulyp, doly başlaýar. Bu barada Russiýanyň bilim ministri Sergeý Krawsow Russiýanyň Prezidenti...

“Elephone” brendli täze telefon

“Elephone” brendi hem soňky aýlarda täze modelleriň, ulgamlaryň hem-de dizaýn taýdan tapawutlanýan akylly telefon önümçiligine goşant goşmakda has-da işjeňleşdi. Häzirki wagtda şereket täze bir...

Her gün 10 müň örtük öndürilýär

Bereket şäherindäki tikin fabriginde her gün 10 müň sany lukmançylyk örtügi öndürilýär. Ýokary hilli ol örtükler welaýatyň saglyk ulgamynyň edaralaryna, söwda nokatlaryna hem-de edara-kärhanalaryna ugradylýar. «Türkmenistan»...

Awtoulag pudagynda german-hytaý hyzmatdaşlygy

Germaniýanyň «Mercedes-Benz» awtoulag öndüriji kompaniýasy bilen Hytaýyň «Contemporary Amperex Technology Co. Limited» (CATL) akkumulýator öndürýän şereketi geljegiň akkumulýatorlaryny işläp düzmek babatda hyzmatdaşlygyny giňeltmegi maksat...