BILIM

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ENERGETIKA INSTITUTY

2020/2021-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri we bakalawrlary taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

Hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary (hünärleri):

  1. Elektro we ýylylyk energetikasy (hünärler: elektroenergetiki ulgamlar we torlar; ýylylyk elektrik stansiýalary; senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň elektrohereketlendirilişi hem-de awtomatikasy; elektroenergetika ulgamlarynyň rele goragy we awtomatikasy; elektrik üpjünçiligi; gazturbina desgalary we hereketlendirijileri; adaty däl we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri; elektrik we ýylylyk energiýasyny öndürmegiň tehnologiýasy; ýylylyk elektrik stansiýalarynda suwuň we ýangyjyň tehnologiýasy).
  2. Maşyngurluşyk (hünärler: metallary işläp bejermegiň tehnologiýasy we maşynlary; elektrik we elektromehaniki enjamlaryň tehniki ulanylyşy, hyzmat edilişi we abatlanylyşy; tehnologiki maşynlar we enjamlar).
  3. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünärler: ykdysadyýet we dolandyryş (energetika pudagynda); buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (energetika pudagynda)).
  4. Elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary (hünärler: senagat elektronikasy; mikroelektronika we ýarymgeçirijili abzallar).
  5. Maglumat howpsuzlygy (hünär: awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň maglumat howpsuzlygynyň toplumlaýyn üpjünçiligi).
  6. Tehniki ulgamlarda dolandyryş (hünär: awtomatika we tehniki ulgamlarda dolandyryş).

Bakalawrlary taýýarlamagyň ugurlary:

  1. Elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary (taýýarlygyň ugry: infokommunikasion tehnologiýalar we aragatnaşyk ulgamlary).
  2. Elektro we ýylylyk energetikasy (taýýarlygyň ugry: elektroenergetika we elektrotehnika).

Iňlis dilinde bakalawrlary taýýarlamagyň ugry:

  1. Maglumat howpsuzlygy (taýýarlygyň ugry: maglumat howpsuzlygynyň menejmenti). Bu ugur boýunça bakalawrlar üçin okuwyň möhleti 5 ýyl; 1 ýyl – dil taýýarlygy, 4 ýyl – hünär taýýarlygy.

Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Institutda okuwlar tölegli esasda alnyp barlar.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2020-nji ýylyň 6 — 19-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwä hatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Kabul ediş topary zerur bolan ýagdaýynda dalaşgär barada goşmaça maglumatlary talap edip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Mary şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Mary welaýaty — iýul aýynyň 22-23-i, 25-i we 27-si günleri;

Lebap welaýaty — iýul aýynyň 24-i, 26-sy we 28-i günleri;

Aşgabat şäheri — iýul aýynyň 27-si, 29-y we 31-i günleri;

Balkan welaýaty — iýul aýynyň 28-i, 30-y we awgust aýynyň 1-i günleri;

Ahal welaýaty — iýul aýynyň 31-i, awgust aýynyň 2-si we 4-i günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 1-i, 3-i we 5-i günleri.

Giriş synaglary hünärmenleri we bakalawrlary taýýarlamagyň ähli ugurlary boýunça fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Bakalawrlary taýýarlamagyň Maglumat howpsuzlygy ugry boýunça dalaşgärler üçin giriş synaglary iňlis dili, matematika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— saýlan ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk önümçilik tejribesi bolanlar;

— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Türkmenistanyň Döwlet energetika

institutynyň salgysy: Mary ş., Baýram han köçesi, 62, tel.: 5-75-02, 5-75-17.

Ýene-de okaň

Ylymlar gününde geçiriljek çäreler

Ýaponiýa talyp hakly okuw maksatnamalaryna çagyrýar

Türkmen wekiliýeti “THE Aziýa baýragy- 2024” sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

ÝB Türkmenbaşy şäherinde energiýany iň köp tygşytlaýan mekdebi sylaglady

Hýubert Hamfri adyndaky maksatnama kabul edişlik başlaýar

“Çoganly” ýaşaýyş toplumynda täze mekdep gurlar