No menu items!
8.9 C
Istanbul
13/08/2020 14:10
No menu items!
Home BILIM Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

  1. 1. Ti­kin önüm­çi­li­gi­niň teh­no­logi­ýa­sy.
  2. 2. Dok­ma önüm­çi­li­gi.
  3. 3. Teh­no­lo­gi­ki pro­ses­le­riň we önüm­çi­lik­le­riň aw­to­ma­ti­za­si­ýa­sy.
  4. 4. Sü­ýüm­le­ri egir­me­giň teh­no­logi­ýa­sy.
  5. 5. Buh­gal­ter­çi­lik ha­sa­ba al­ny­şy.
  6. 6. Mar­ke­ting.
  7. 7. Yk­dy­sa­dy­ýet we me­ýil­na­malaş­dy­ryş.
  8. 8. Dok­ma ma­te­ri­al­la­ryň hi­mi­ki teh­no­lo­gi­ýa­sy we ab­zal­la­ry.
  9. 9. Dok­ma se­na­ga­ty­nyň elekt­ro­abzal­la­ry we elekt­ro­he­re­ket­len­di­ri­ji­le­ri.
  10. 10. Mag­lu­mat­la­ry iş­läp taý­ýarla­ma­gyň we do­lan­dyr­ma­gyň aw­tomat­laş­dy­ry­lan ul­gam­la­ry.
  11. 11. Dok­ma we ýe­ňil se­na­ga­tyň ab­zal­la­ry­na teh­ni­ki taý­dan hyz­mat et­mek we be­jer­mek.
  12. 12. Stan­dart­laş­dyr­mak we ser­tifi­kat­laş­dyr­mak.
  13. 13. Di­zaýn.

Or­ta hü­när okuw mek­de­bi­ne Türkme­nis­ta­nyň umu­my or­ta bi­lim­li, ýa­şy 35-den geç­me­dik ra­ýat­la­ry gi­riş synag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça bäs­leşik esa­syn­da ka­bul edil­ýär.

Oku­wyň möh­le­ti 2 ýyl we tö­leg­li.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry Aş­ga­bat şähe­rin­de 2020-nji ýy­lyň 6-njy iýu­ly — 8-nji aw­gus­ty ara­ly­gyn­da ka­bul edil­ýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:

— bel­le­ni­len nus­ga­da di­rek­to­ryň ady­na ýa­zy­lan ar­za;

— bel­le­ni­len nus­ga­da­ky so­wal­nama (an­ke­ta);

— umu­my or­ta bi­lim ba­ra­da res­mina­ma­nyň asyl nus­ga­sy;

— Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy gora­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­ligi ta­ra­pyn­dan bel­le­ni­len nus­ga­da­ky sag­lyk ke­pil­na­ma­sy;

— soň­ky okan ýe­rin­den (iş­län ýerin­den, har­by bö­lüm­den) hä­si­ýet­na­ma;

— bel­le­ni­len nus­ga bo­ýun­ça okuw üçin tö­le­gi öz wag­tyn­da amal et­me­giň ke­pil ha­ty;

— 3×4 sm öl­çeg­dä­ki se­kiz sa­ny foto­su­rat;

— iş­le­ýän­ler üçin zäh­met dep­derçe­si­niň tas­syk­la­nan gö­çür­me­si;

— gi­riş sy­nag­la­ryn­dan üs­tün­lik­li ge­çen ýag­da­ýyn­da ar­tyk­maç­lyk­lardan peý­da­lan­ýan oku­wa gir­ýän ýylyn­da mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň ders­ler bo­ýun­ça döw­let bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri, umu­my­bi­lim ders­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra bäs­le­şik­le­ri­ne gat­na­şan Türk­me­nis­tanyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry şol ýag­daý­la­ry tas­syk­la­ýan de­giş­li res­mina­ma­nyň asyl nus­ga­sy­ny tab­şyr­ýar.

Bu­lar­dan baş­ga-da, oku­wa gir­mäge is­leg bil­dir­ýän­ler ýo­kar­da gör­ke­zilen res­mi­na­ma­lar bi­len bir­lik­de resmi­na­ma­la­ry ka­bul ed­ýän iş to­pa­ry­na aşak­da­ky­la­ry gör­kez­ýär­ler we nus­gala­ry­ny tab­şyr­ýar­lar:

— şah­sy pas­por­ty­ny;

— Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýçle­rin­de har­by gul­lu­gy ge­çen­ler harby şa­ha­dat­na­ma­sy­ny, har­by gul­lu­gy geç­me­dik ýi­git­ler ýa­zy­lyş şa­ha­datna­ma­sy­ny we ýa­şa­ýan ýe­ri bo­ýun­ça har­by we­kil­lik­den gü­wä­ha­ty­ny.

Da­laş­gär ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan peý­da­lanýan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýan beý­le­ki resmi­na­ma­la­ry gör­ke­zip bi­ler.

Nä­dog­ry ber­len mag­lu­mat­lar we res­mi iş ka­gyz­la­ry üçin da­laş­gär şahsy jo­gap­kär­çi­lik çek­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry we oku­wa ka­bul edil­mek 2020-nji ýy­lyň aw­gust aýynyň 11-12-si, 14-i we 15-i gün­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň Dok­ma se­na­ga­ty ministr­li­gi­niň Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki me­hani­ka-teh­no­lo­gi­ki or­ta hü­när okuw mekde­bin­de ge­çi­ril­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry äh­li hü­när­ler boýun­ça ma­te­ma­ti­ka, hi­mi­ýa, Türk­menis­ta­nyň ta­ry­hy ders­le­rin­den ge­çi­ril­ýär.

Ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň or­ta mek­dep­le­ri­niň okuw mak­sat­na­ma­la­ry­nyň esa­syn­da ge­çi­ril­ýär.

Ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry döw­let di­lin­de dil­den ge­çi­ril­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ter­ti­bin­de bel­lenen wagt­da sy­na­ga esas­syz se­bäp­le­re gö­rä ge­lip bil­me­dik­ler ýa-da ders­le­riň bi­ri bo­ýun­ça sy­nag­dan ge­çip bil­me­dikler soň­ky sy­nag­la­ra goý­be­ril­me­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri boýun­ça deň muk­dar­da ba­ha alan­lardan ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan aşak­da gör­kezi­len­ler peý­da­lan­ýar­lar:

— saý­lan hü­nä­ri bo­ýun­ça 2 ýyl­dan az bol­ma­dyk iş tej­ri­be­si bo­lan­lar;

— ça­gy­ryş bo­ýun­ça har­by gul­lu­gy ge­çen­ler.

Türk­me­nis­ta­nyň Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki me­ha­ni­ka-teh­no­lo­gi­ki or­ta hü­när okuw mek­de­bi­niň sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş., 2052-nji (Hy­dyr Der­ýa­ýew) kö­çe, 4, tel.: 36-49-20, 36-04-16.

IŇ TÄZE HABARLAR

Pareho “Wilýareala” geçdi

Ispaniýanyň “La Liga” çempionatynda çykyş edýän “Wilýareal’ topary Frensis Koklendan soňra “Walensiýa” toparynyň kapitany bolan Dani Parehony öz düzümine goşdy. Pareho topar bilen 4...

Matuidi Amerika barýar

Italiýanyň “Ýuwentus” toparynyň ýarymgoragçy Bleýz Matuidi bilen şertnamasynyň tamamlanandygy mälim edildi. Taraplar özara ylalaşyk esasynda şertnamany bes etdiler. Fransuz raýaty 2017-nji ýyldan bäri “Ýuwentus”-da çykyş...

Lihtştaýner futboly taşlady

Şweýsariýa futbol federasiýasynyň resmi web sahypasyda “Ýuwentusyň” we “Arsenalyň” öňki goragçysy Ştefan Lihtştaýner özüniň futbol ýoluny tamamlandygyny habar berdi. “Eziz janköýerlerim üçin şu wagta çenli...

Ýol hereketine gözegçiligi talaba laýyk guramak tabşyryldy

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 12-nji awgustda geçirilen mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow içeri işler ministri M.Çakyýewiň ünsüni ýol-gözegçilik gullugynyň alyp barýan işlerine çekdi. Döwlet Baştutany ministrligiň ähli...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

12 aýda 500 müň doza sanjym öndürer

Russiýa Federasiýasy tarapyndan koronawirusyň garşysyna “Sputnik-V” atly sanjymy barada häzirki wagtda dünýä derjesinde gyzyklanma döreýär. Bu sanjym haçan hassalara ýetişdiriler? Kompaniýa bir ýylda näçe...

Ronaldo “Ýuwentusdan” gidip biler

Italiýanyň «Ýuwentus» toparynyň portugaliýaly hüjümçisi Kristiano Ronaldonyň başga topara geçip biljekdigi aýdylýar. Bu barada “Foot Mercato” portaly habar berýär. Maglumata görä, Ronaldo “Ýuwentusdaky” geljegine çynlakaý...

Kazylar : Wezipä bellemek we wezipeden boşatmak

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekti.  Bu Karar bilen  kazylar wezipe bellendi we käbirleri wezipeden boşadyldy. Seýitjan Pirkulyýewiç Ýaňybaýewi...

Duýgur leňňeçler kimler

12 ýyldyzyň 4-njisi bolan seretan (leňňeç) — (22.06 —22.07) duýgur we akyllydyr.  Halaýan reňki —mämişi. Güli ak bägüldir. Üstünlik getirýän daşy merjendir.  Müneçjimleriň aýtmagyna...