SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Minsk-Türkmenbaşy ugurly ýörite gatnaw amala aşyryldy

Ozal habar berşimiz ýaly, “Türkmenistan” awiakompaniýasy tarapyndan amala aşyrylmagy göz öňünde tutulan Minsk-Türkmenbaşy ýörite uçar gatnawy ýerine ýetirildi. Bu gatnaw 8-nji aprelde boldy we köp sanly türkmen raýatlary bu gatnawdan peýdalandy.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com  saýtynda bar bolan maglumatlara görä, soňky aýlarda ýörite gatnawlar has-da işjeňleşdirildi. Moskwa we Stambul ugurly ýörite gatnawlaryň hataryna Minsk hem goşuldy.

Şu ýerde ýene-de bir zady bellemek gerek. Belarus ugry boýunça ýene-de bir sany ýörite uçar gatnawyň amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär. Bu barada gysga wagtda size saýtymyz arkaly habar bereris.

Mälim bolşy ýaly, “Türkmenistan” awiakompaniýasy tarapyndan Aşgabat-Moskwa ugry boýunça soňky 1 aýyň dowamynda  birnäçe gatnawlar amala aşyryldy. Bu gatnawlar 9-njy martda, 14-nji martda, 18-nji martda we 25-nji martda ýerine ýetirilipdi.

Şeýle hem Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy hem 9-njy martda Stambul-Aşgabat-Stambul ugry boýunça ýörite gatnawy amala aşyryp, 14-nji martda bolsa Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça uçuşyny ýerine ýetiripdi. Bellemeli zat, Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy şu ýylyň 8-nji aprelinde ýörite uçar gatnawyny ýerine ýetirdi.

Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda ýerleşdirilýän ýurdumyzyň täzelikleri, bäsleşikler, tenderler, uçar gatnawlary we beýleki habarlardan habarly bolmak isleseňiz, onda, mobil goşundymyzy şu aşakdaky linke basyp ýükläp alyp bilersiňiz.

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyñ syýahatçylyk agentlikleriniñ wekilleri Türkiýä saparlarynda Şanlyurfa we Gaziantepe baryp gördüler

Çagalaryň saglygy — döwletiň gymmatly baýlygy

Aşgabat-London ugurlaryna petekler onlaýn satuwa çykarylýar

Aşgabatdan Kuala Lumpura hepdede iki gatnaw ýola goýuldy

Aşgabat-London-Aşgabat gatnawy hepdede iki gezege çykaryldy

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň iň iri dag-lyža şypahanasy gurlar