Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Magtymguly – telekeçi şahyr

Türkmen halkynyň we tutuş Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň çendenaşa beýik, aňrybaş kämil, özboluşly bir weli, dana şahsyýetligi onuň örän işjeň telekeçiligi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.  Telekeçilige – «Telekeçi» sözüne bolsa, türkmen diliniň düşündirişli sözlüklerinde şu aşakdaky ýaly iki manyda düşündiriş berilýär[1]/[2]:

  1. Her bir zadyň aladasyny wagtynda edýän, her bir zady ýerbe-ýer edýän, aladaçyl adam[3].
  2. Söwda-satykdan, täjirçilikden we ş.m. haýyr, peýda görmek üçin meşgullanýan, iş alyp barýan, önüm öndürýän adam.

«Telekeçi» sözüniň bu iki manysy hem, Magtymguly atamyzyň pähim-paýhasa ýugrulan

şahsy durmuşynda, çuňňur many-mazmunlylygy bilen tapawutlanýan giň gözýetimli şahyrana dünýäsinde öz mynasyp ornuny we özboluşly bir çeper beýanyny tapypdyr.

«Telekeçi» sözüniň «aladaçy» diýen birinji manysy öz ýaşan zamanasynda  ata Watanynda «Berkarar döwletiň», «Ajap eýýamyň» wysal bolmagynyň,  «Türkmen binasynyň» gaýym – mäkäm gurulmagynyň arzuwyny we aladasyny – telekesini eden beýik akyldar şahyrymyzyň belent mertebesini, şahsy şahyrana dünýäsiniň özboluşlylygyny alamatlandyrýar.

«Telekeçi» sözüniň ýokardaky ikinji manysy bolsa, Magtymguly atamyzyň şahsy kesp-käri – zergärçilik işi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Beýik akyldar şahyrymyzyň zergärçilik käri bilen meşgullanandygy bolsa, Magtymgulyşynaslyk ylmynda mälim bolan birnäçe ylmy çeşmelerde aýan edilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly täsin kitabynda-da Magtymguly Pyragynyň zergärçilik bilen meşgullanandygy, onuň örän ussatlyk bilen ajaýyp şaý-sepleri ýasandygy barada aýratyn bellenilip geçilýär[4]. Alym Kakajan Ataýewiň «XVIII asyr türkmen edebiýaty» atly kitabynda bolsa, Magtymguly atamyzyň zergärçilik kesp-käriniň oňa eklenç çeşmesi bolup hyzmat edendigi barada beýan edilýär[5]. Zergärçilik käriniň eklenç çeşmesi bolsa, türkmen diliniň häzirki zaman düşündirişli sözlükleriniň dili bilen düşündireniňde zergärçilik ugry boýunça telekeçilik işi bilen meşgullanmaklykdyr, ýagny önüm öndürip, dürli görnüşli şaý-sepleri ýasap, söwda-satuw, täjirçilik amaly esasynda alyjylara ýerlemeklik bilen girdeji gazanmaklykdyr. Ýeri gelende aýtsaň, şol döwürde  kümüşçi ussalaryň, zergärleriň işleýän ýörite jaýy «dükan» diýlip atlandyrylypdyr[6].

Türkmen diliniň sözköki sözlüginde asyl manysynda[7], Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde bolsa, häzirki manysynda[8]  «Her hili harytlaryň satylýan söwda jaýy» diýmekligi aňladýan «dükan» sözüniň Türkmen diliniň hünärmentçilik leksikasynyň sözlüginde «kümüşçi ussalaryň, zergärleriň işleýän ýörite jaýy» manysynda düşündiriş berilmegi ýöne ýere däldir. Çünki, biziň pikirimizçe zergärleriň ussahanasynda buýurmalar boýunça ýerine ýetirilen işler telekeçilik amaly bilen eýesine gowşurulansoň, ýagny senetçilik jaýynda diňe bir şaý-sepler ýasalman, eýsem ýasalan şaý-sepleriň söwdasy hem edilensoň, halk köpçüligi bu ýere «dükan» diýip at berendir, belki. Muňa, alym Aşyrpur Meredowyň «Magtymgulynyň düşündirişli sözlügi» atly kitabyndaky «dükan» sözüniň birinji düşündirilişiniň, ýagny asyl manysynyň «Her hili haryt satylýan jaý» diýmekligi, ikinji manysynyň bolsa «Senetçilik ussahanasy» diýmekligi aňlatmaklygy[9] hem güwä geçýär.

Filologiýa ylymlarynyň doktory Amanmyrat Baýmyradowyň:«Magtymgulyny öwrenmekde halky çeşmeleriň, aýratyn hem çeper rowaýatlaryň çeşmelik hyzmaty uludyr.»[10] – diýen ylmy-nazary pikirine esaslansak, «Paşmadyk pirim», «Halas edilen gyz», «Hatly ýonalar», «Guşy gonanda tut», «Lebiz halal bolmalydyr», «Ýat bolar», «Bir düýe ýüki kitap»[11] atly halky kyssalarda Magtymguly atamyzyň zergärçilik kesbi bilen güzeranyny dolandyrandygy, dünanynda dürli görnüşli şaý-sepleri we ýona önümlerini ýasap, ondan girdeji gazanandygy, ýagny telekeçilik işi bilen meşgullanandygy mälim edilýär. Tanymal ýazyjymyz Taňryguly Taganowyň «Magtymguly» atly taryhy romanynda bolsa, Magtymgulynyň Gögeldaş medresesinde okan döwründe hem, okuwdan boş wagty tutuş Buhara meşhur ussat zergär Remezan ussanyň ýanyna gatnap, zergärçilik hünärini kämilleşdirendigi, şahyryň bu ýerde ýaşaýyş jaýy bolan hüjrä-de pul töländigi, onuň yzyndan bolsa bir dinaram iberilmändigi, öz gününi özi görendigi, ýagny el hünäri bilen şahsy güzeranyny dolandyrandygy barada anyk maglumatlar berilýär[12], beýik Pyragynyň ýaşan zamanasynyň durmuş hakykaty taryhylygy bilen örän çeper suratlandyrylýar.

Meşhur Magtymgulyşynas alym Amannepes Şyhnepesowyň «XVIII asyr türkmen edebiýaty» atly okuw gollanmasynda örän jaýdar belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň, onuň ýaşan döwründäki taryhy wakalara degişli taryhy maglumatlaryň, halk rowaýatlarynyň mantyk, ylmy pikirlenme usullary taýdan sazlaşykly bitewileşdirilmegi şahyryň ömür ýoluny detallaýyn bolmasa-da, umumy göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýär[13]. Hut şu nukdaýnazardan-da, Magtymguly atamyzyň zergärçilik kesbi bilen güzeranyny dolandyrandygy, dürli görnüşli şaý-sepleri we ýona önümlerini ýasap, ondan girdeji gazanandygy, ýagny telekeçilik işi bilen meşgullanandygy barada söz açýan ýokarky rowaýatlaryň, ýazyjy Taňryguly Taganowyň «Magtymguly» atly taryhy romanynyň taryhy hakykat bilen azda-kände ilteşiginiň bardygyna beýik akyldar şahyrymyzyň «Gözlär men» atly şygrynyň: «Haryt köp bazar gözlär men» – diýen, «Seda boldum» atly goşgusynyň: «Ne gazanja guwanjym, ne hoşwagtlyk malymga» – diýen,  «Galdy, neýläýin» atly şygrynyň: «Bazarym sowuldy, harydym galdy,/Dükanym eýesiz galdy, neýläýin» – diýen, «Bagtym garadyr» atly goşgusynyň: «Magtymguly, ýetmez ýyglap kararym,/Boş galdy dükanym, dargady barym» – diýen, «Bar meniň» atly şygrynyň: «Bazary weýran bolupdyr, uly dükanym bar meniň – diýen, «Gidip barmyş» atly goşgusynyň: «Bazarda gurdugym dükan,/Maly ýetmän batyp barmyş» – diýen şahyrana setirleri bilen professor Gurbandurdy Geldiýewiň: «Döwletmämmet Azady bilen Magtymguly Pyragynyň eklenç meselesinde-de ýagdaýlary erbet bolmandyr. Agzybir hojalyk öz güzeranyny rahat dolandyryp bilipdir, garyp-gasarlara-da kömek berip durupdyr.»[14] – diýen ylmy-nazary pikiri hem güwä geçýär. Ine, şu ylmy-nazary pikire esaslansak, Orta Aziýanyň, Eýranyň köp ýerlerine, Owganystana, Hindistana, Yraga, Siriýa, Astrahana, Kawkaza syhaýahat eden Magtymguly zergärçilik telekeçiligi bilen meşgullanansoň, jahan gezmäge, garyp-gasarlara goldaw-hemaýat  kömegini berip durmaga, mätäçlere ýardam etmäge mümkinçiligi bolandyr. Ol bütin ömrüni halkym diýip ýaşan adam, öz gazananyny halkyna siňdiren, halky bilen paýlaşan dana weli ynsan.

                                             Toýly JÄNÄDOW.

[1] Seret: Türkmen diliniň sözlügi. iki tomluk. II tom. K – Z. – A.: TDNG. 2010.  371-nji  sahypa.

[2] Seret: Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. İki tomluk. II tom. K – Z. – A.: TDNG, 2016. 396 – 397-nji sahypalar.

[3] Seret: Türkmen diliniň sözlügi. – A.: TYA-nyň neşirýaty. Aşgabat – 1962. 1226-njy sahypa.

[4] Seret: Berdimuhamedow G. Ynsan kalbynyň öçmejek nury. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014. 12-nji sahypa.

[5] Seret:  Ataýew K. XVIII asyr türkmen edebiýaty. – A.: TDNG, 2010. 130-njy sahypa. https://kitaphana.net/book/113

[6] Seret: Ataýew G. Türkmen diliniň hünärmentçilik leksikasynyň sözlügi. – A.: Ylym, 1982. 43-nji sahypa

[7] Seret: Atanyýazow S. Türkmen diliniň sözköki (etimologik) sözlügi, .: “Miras” merkezi. 2004. 128-nji sahypa.

[8] Seret: Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. Iki tomluk. I tom. A–Ž. – A.: TDNG, 2016. 310-njy sahypa.

[9] Seret; Meredow A. Magtymgulynyň düşündirişli sözlügi. I bölüm. A – J. Gonbed Kabus. 1997. 288-nji sahypa.

[10] Seret: Magtymguly hakyndaky rowaýatlar. – A.: TDNG, 2014. 191-nji sahypa.

[11] Seret: Magtymguly hakyndaky rowaýatlar. – A.: TDNG, 2014. 38-nji, 96-njy, 98-nji, 114-nji. 45-nji, 71-nji, 103-nji sahypa.

[12] Seret: Taganow T. Taryhy roman. – A.: Türkmenistan, 1992. 136-njy, 142-nji, 146-njy sahypalar.

[13] Seret: Şyhnepesow A. XVIII asyr türkmen edebiýaty (Tekstiň çeperçilik derňewi). – A.: TDNG, 2010, 106 – 107-nji sahypalar.

[14] Seret: Geldiýew G. Umumy orta bilim berýän mekdepleriň X synpy üçin okuw kitaby. – A.: TDNG, 2022. 17-nji sahypa.

 

Bellik: Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny şöhratlandyrmak, ýaşlary akyldar şahyra bagyşlanan kämil eserleri döretmäge höweslendirmek maksady bilen “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly döredijilik bäsleşiginden ötüri “galam hakly” döredijilik işini yglan edýär. Emeli Intellektiň mümkinçiliklerinden peýdalanyp geçirilýän döredijilik işi “Ak Tam” hojalyk jemgyýetiniň hemaýat bermeginde geçirilýär.

Şeýle hem ýakyn wagtda saýtymyzdan bu makalany iňlis we türk dillerinde  okap bilersiňiz. Emeli intellektiň üsti bilen ýörite wideo taýýarlap, “Atavatan Tv Youtube” kanalyna we www.atavatantv.com saýty bilen dünýäniň tomaşaçylar köpçüligine ýetireris. 

Ýene-de okaň

Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet baradaky taglymaty

Pyragy iňlisçe şirin ýaňlanýar

Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda keramatly şahslar barada

Ata Watan Eserleri

Magtymguly Pyragynyň şygyrlary milli terbiýäniň pähim akabasy

Baky gelen ýok diýseler ynanmaň!

  Göwün bir guşdur…