Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Magtymguly Pyragynyň şygyrlary milli terbiýäniň pähim akabasy

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

“…Eýsem Gündogaryň beýik akyldary, türkmeniň beýik şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň eserleri ähli döwürler üçin bahasyna ýetip bolmajak ruhy gymmatlykdyr” [1.191sah.].

Biziň halkymyz asyrlaryň dowamynda sünnäläp gelen milli medeni mirasynda söz sungatynyň täsirine aýratyn orun beripdir. Halk döredijiligi diýlip atlandyrylýan diýseň giň we çuňňur terbiýe mekdebini döreden milletimiziň bu ruhy hazynasy tutuşlygyna sözüň gudratyna daýanýar we bil baglaýar.

Şahsyýetiň kemala gelmegindäki ilkinji ädimlerden oňa sözüň üsti bilen täsir etmeklik belkem biziň halkymyzyň özboluşly aýratynlygy bolsa gerek?! Çaganyň öz duýgy-düşünjesini, pikir-garaýyşlaryny erkin beýan edip bilmek endigini terbiýeleýän bu usul häli-häzire çenli hem öz gymmatyny saklap gelýär.

Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň “Reýgan eýledi” şygrynda “Bäş ýylda bir kitap eden işimiz, Gyzylbaşlar alyp weýran eýledi” [2. 8 sah.] diýip belläp geçýär. Magtymguly Pyragynyň eserlerinden hiç biriniň golýazma görnüşinde biziň günlerimize gelip ýetmänligini ylmy taýdan subut edilen hakykat hökmünde kabul etsek, onda ýokarda görkezilen setirler bu ýitginiň sebäplerini aýdyňlaşdyrýan subutnamalaryň biridir. Emma öz şahyrynyň ýürek sözüni saza salyp uz edip bilýän millet, durmuşyň kynçylyklaryndan has üstün gelen milli ýoluň däpleýin dessurlaryna esaslanýan ýörelgesi bilen Magtymgulyny asyrlardan parran geçirip gelipdir. Bu ýörelge bolsa goşgyny ýat tutmak, ony çeperlik bilen labyzly beýan etmek. Goşgynyň üsti bilen adamlara täsir etmek, olary ol ýa-da beýleki bir ýagdaýlardan halas edip biljek, olara hemaýat berip biljek bir ruhy güýji döretmek ýörelgesidir.

Halkymyzda “Iki gep bir jady” [3] diýilýän nakyl bar. Sözüň jadylaýjy güýjüniň barlygyny, sözde göze görünmeýän bir gudratyň ýaşaýanlygyny “Adam ölse-de sözi galar” diýýän pähim hem subut edýär. Türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragy hakynda hem hut şu mazmunda näçe makala ýazsaň hem tükenmejek gor bardyr. Pyragynyň döredijiligi halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklary hökmünde garaýan we nesil terbiýesinde hökmany peýdalanýan beýik mekdebine öwrülipdir. Durmuşyň ähli ugurlaryndan we ulgamlaryndan toplanan hazyna bara-bar bu goşgular halkymyzyň dilinde dessan, ruhunda çyragdyr.

Ylmy seljermelerde Magtymguly atamyzyň şygyrlarynyň kätipler tarapyndan kän görnüşlerde göçürilendigi ençeme gezek subut edilen hakykatdyr. Kätibiň ylym derejesine, ussatlygyna baglylykda şol bir goşgynyň azyndan 2-3 sany nusgasy emele gelipdir. Şonuň üçin hem goşgulara Magtymgulynyňky hökmünde salgylanjak bolunanynda halkyň dilinden ýazylyp alynan nusgalaryň Pyragynyň ruhuna iň ýakynlary saýlanylyýar. Häzire çenli Magtymgulynyň kitaplarynyň çap edilen onlarça görnüşlerinde hem şol bir goşgynyň dürli nusgalaryna duş gelmek bolýar. Emma şygyrlaryň many ýordumy üýtgemeýär we onuň ynsan ruhuna ýetirýän täsiri birjikde kemelmeýär. Sebäbi bu goşgularyň süňňi sagat. Goşgy ýazylyş formasy babatynda aýdanymyzda hem, tehnikasy, usuly babatynda aýdanymyzda hem Pyragynyň goşgulary nusgalyk derejede juda ýokary ýerine ýetirilendir. Bu bolsa Pyragyny haýsy milletiň wekilidigiňe garamazdan ähli babatda nusga, halypa saýmaga doly esas döredýär. Muňa başgaça dünýewi dereje hem diýseň bolar, umumadamzatlyk diýseň hem bolar.

Biz bu gün Pyragynyň “Kaýda sen” atly şygrynyň üsti bilen milli terbiýä, şahsyýetiň kämilligine ýetirilýän täsiri barada söhbet açmakçy bolýarys. Bu goşgy hakynda öz nukdaýnazarymyzdan seljermämizi paýlaşmak bu makalamyzyň esasy maksadydyr.

Belkem şahsyýetiň terbiýesinde söýginiň hem mähriň tutýan ornuny hiç bir zat çalşyp bilmese gerek?! Bu hem biziň milletimiziň terbiýe bermek babatyndaky häsiýetli aýratynlyklarynyň biridir. Bu pikiri has kämilleşdirip aýtmaly bolsa, onda hakyky söýginiň baky nyşanyny döretmeli bolsa, onda birje pursadam ikirjiňlenmän balasyny bagryna basyp oturan enäniň heýkelini ýasasaň bolar diýip pikir edýäris. Ene öz ömrüniň bir bölejigini balasyna ömür edip berýär, galan ömrüni bolsa onuň bagtly ykbaly üçin sarp edýär. Özem bu hakykat ähli döwürleriň, ähli ömürleriň hakykaty. Dünýä edebiýatynda öz döreden şygyrlarynda enä ýüzlenmedik şahyr ýokdur diýip arkaýyn aýtsa bolar. Türkmen edebiýatynda-da bu kanun hereket edipdir, häzirem dowam edýär. Ynsany beýik maksatlara ruhlandyrýan, onuň ýaňy ýörjen-ýörjen bolup ene toprakda ädýän ilkinji ädimlerinden oňa ynamdan söýe bolýan, saýa bolýan esasy ynsan hem enedir. Şonuň üçin hem şol belent söýgiden mahrum bolmakdan agyr jepa bolup bilmeýär. Beýik halypamyz, şygryýet asmanynyň parlak ýyldyzy, dana şahyrymyz Magtymguly Pyragyda hem bu agyr hupbat, hut şol agyr pursat barada şeýle setirler bar:

Aýra düşmez käkilik, çölde goýuban balasyn,

Aglaýyr bilbil mydam, älemge ýaýyp nalasyn,

Ak maralyň owlagy çyksa golundan, neýlesin,

Şum pelekde ýok utanç, saldy-la pyrkat hilesin,

Walydam, Mekge-Medinäm, mähribanym, kaýda sen? [5. 56 s.]

Bu şygry Walydam sözüniň ornuna ejem jan diýen sözi goýup, gaýtadanam bir okap görüň. Ine, ýüregiňi elendirip barýan harasat, ine, akylyňy goýaldýan parasat, ine şu hakyky milli terbiýäniň gözbaşy. Türkmen halkynyň zannyna siňen mukaddes terbiýe bu. Juda ýaş mahaly ejesinden jyda düşen Magtymgulynyň:

Aýra düşüp käbeden, goýdum Pyragy adyma,

Il-ulus, hazynadan düşmez bir zerre ýadyma,

Gördi garakçy bu gün, gol urdy göwher zadyma,

Eredi daglaryň daşy, çydamady oduma,

Walydam, Mekge-Medinäm, mähribanym, kaýda sen? [5. 57 s.]

diýen setirlerini okap, entek eje hakyndaky ähli okanlaryň, ýazanlaryň hem döredenleriň aýtmaly, hem-de aýdyp bolaýjak zatlaryň iň bärkijesidigine düşünip galýarsyň.

Ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly Magtymgulynyň şygyrlarynyň hususy elýazmalary saklanyp galmanlygy sebäpli, olaryň birnäçe nusgalary bar. Ine şu goşgudaky “Aýra düşüp käbeden, goýdum Pyragy adyma” [4. 419 s.] diýýän sertirlerine ünsi çeken ýagdaýymyzda Pyragy tahallusynyň gözbaş alýan ýeriniň belkem şu goşgy bolup biljekdigini aýdyp bileris. Sebäbi eneden aýra düşmekligiň adam ogluna ýetirýän gaty agyr täsirleri bu goşguda iňňän ýokary derejede beýan edilýär. Käbeden aýra düşen Magtymgulynyň öz ykbalynyň göwher zadyny aldyranyndan soňra beýle ismi saýlap alandygyna akylyň ýetip, soňra ýene-de bir gezek ene diýen mukaddes ynsana bolan garaýşyň, hormatyň juda ýokary bolmalydygyna göz ýetirýärsiň. Ine bu hakyky kemally şahsyýetiň terbiýesiniň nusgasy. Enä gadyr, hümmet-hormat etmek biziň berip biljek iň beýik terbiýelerimiziň biridir. Enä gadyr goýulýan ýerde, öýde, milletde we ýurtda hemişe gülleýiş, ösüş bolýar. Dünýede şeýle bir teşnelik bar, ony hiç hili suwam, şerbedem, özge söýgem, yşgam gandyryp bilmeýär. Ol teşnelik derdine sezewar bolan adama derman tapylanok. Ol teşnelik mähire zarlykdyr. Enäniň berýän mähriniň öwezini hiç zadyň çalşyp bilmejekdigini ýaşaýyş her ädimde subut edýär.

Wadaryg-a, neýlerem men, mähribanym, kaýda sen?

Iki dünýä ýoldaşym, şähri-imanym, kaýda sen?

Gözlerimiň röwşeni, ýagty nuranym, kaýda sen?

Neýlerem bag-u çemeni, mahy-tabanym, kaýda sen?

Walydam, Mekge-Medinäm, mähribanym, kaýda sen? [5. 56 s.]

Durmuşda haýsy tarapdanam bola maslahat alasyň gelse, derdiňi egsesiň gelse Magtymgulynyň goşgulary dadyňa ýetişýär. Durmuşda ýaşadygyňça öwrenmmeli zadyň köpelip barýar.  Magtymguly Pyragynyň “Kaýda sen?” diýen goşgusyny okan adamlaram enäni söýmek babatynda entek hiç zady bilmeýän ekenligine akyl ýetirse gerek.

Mekdep okuwçylaryna, çagalar bagyna gatnaýan körpelere ilkinji bilen berilmeli terbiýe-de, ilki aňyna guýulmaly düşünje-de ene-atany sylamak, hormat goýmak düşünjesi bolup durýar. Bu ozallaram şeýle bolupdyr, häzirem şeýle, geljekde-de şeýle bolmaly. Biz has gadymy zat barada gürrüň etsek “Nuhuň tupanyndan galan” diýýäs. Diýmek, Nuh Pygamber ýaşaýşyň başlanan ýerinde birýerlerde ýaşap geçen hem bolsa, şol döwürlerde-de enäniň, atanyň hormaty diýseň belent bolupdyr. Biz  muny bir zat bilen delillendirip bileris, Nuh pygamberiň sargytlarynyň başy “Ene-atany arzylamak” diýen öwütden başlanýar. Oguznamada hem mukaddeslik hökmünde ýüze çykarylýan üç sany gymmatlygyň biri zenandyr. Zenana, enä hormat goýmagyň gaty aňyrdan gelýändigine goja taryh şaýat bola-bola gelýär. Ýurdumyzyň çäklerinde ýerleşen taryhy ýadygärlikderden arheologik gazuw-agtaryşlary netijesinde ýüze çykarylan heýkeljikleriňem aglabasy “zenan hudaýynyň” heýkeljikleri bolup durýar. Beýle diýmek bolsa, şol döwürlerde-de zenanlara dowamaty dowam edijiler, aýratyn keramatly adamlar hökmünde garalandygyny aňladýar.

Türkmen halky hemişe-de zenanyna “halalym” diýip ýüzlenipdir, ony ary- namysyna, tuguna deňäpdir. Häzirki Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyz, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan hem enä-de, çaga-da diýseň uly üns berilýär. Diňe öz käbesini ýürekden söýüp bilýän ynsan, enelere şeýle mähir bilen garap biler. Diňe özi perzendini mähir bilen gurşaýan ynsan ähli çagalary söýüp biler.

Biziň ýurdumyzda hiç bir çaganyň ene mähirine zar bolup galmazlygy üçin alada edilýär. Diňe bir öz ýurdunda däl,  eýsem-de goňşy döwletlerde-de çagajyklaryň hem eneleriň goragy, saglygy barada aladalanýan eziz Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesi biziň her birimiz üçin bahasyz mekdepdir. Şol bahasyz beýik mekdebiň gözbaşynda hem dana atamyz Magtymguly Pyragynyň dana pelsepesi bar. Şahyra goýulýan hormat, onuň ynsan kalbynyň göwher täjine deňelmegi bolsa, ajaýyp döwrümizde has hem täze derejelerede dabaralanýar. Pyragynyň şygyr setirleri bir eýýämler nakyllaşyp halkymyzyň milli medeni mirasynyň gorunda üýtgeşik hazyna hökmünde şugla saçýar.

Gülşirin Hanowa,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymy,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň dalaşgäri

EDEBIÝAT

  1. Serdar Berdimuhamedow. Ýaşlar Watanyň daýanjy. – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2023.
  2. – A.: “Türkmen döwlet neşir”. 1959.
  3. turkmengazet.com (09.05.2023)
  4. Saýlanan eserler – A.: “Türkmen döwlet neşir”. 1957.
  5. Eserler ýygyndysy I jilt. – A.: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty. 2013.

Bellik: Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny şöhratlandyrmak, ýaşlary akyldar şahyra bagyşlanan kämil eserleri döretmäge höweslendirmek maksady bilen “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly döredijilik bäsleşiginden ötüri “galam hakly” döredijilik işini yglan edýär. Emeli Intellektiň mümkinçiliklerinden peýdalanyp geçirilýän döredijilik işi “Ak Tam” hojalyk jemgyýetiniň hemaýat bermeginde geçirilýär.

Şeýle hem ýakyn wagtda saýtymyzdan bu makalany iňlis we türk dillerinde  okap bilersiňiz. Emeli intellektiň üsti bilen ýörite wideo taýýarlap, “Atavatan Tv Youtube” kanalyna we www.atavatantv.com saýty bilen dünýäniň tomaşaçylar köpçüligine ýetireris. 

Ýene-de okaň

Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet baradaky taglymaty

Pyragy iňlisçe şirin ýaňlanýar

Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda keramatly şahslar barada

Ata Watan Eserleri

Magtymguly – telekeçi şahyr

Baky gelen ýok diýseler ynanmaň!

  Göwün bir guşdur…