DÜNÝÄ

Stambulyň ilaty ilkinji gezek azaldy

Dünýäniň iň köp ilatly şäherleriniň biri hasaplanýan Türkiýäniň Stambul şäheriniň ilaty ilkinji gezek azaldy. Bu barada Türkiýäniň Statistika edarasy habar berýär. 2019-njy ýylda şäheriň ilatynyň sany 15 million 519 müň 267 adama deň bolan bolsa, 2020-nji ýylda 15 million 462 müň 452 adama deňeçär boldy. Şäheriň ilaty 2001-nji ýyldan bäri ilkinji gezek azaldy.

Türkiýäniň Statistika edarasynyň maglumatyna görä, Türkiýäniň ilaty 2020-nji ýylda 459 müň adam köpelip, 83 million 614 müň 362 adama deň boldy.

Degişli hasabat döwründe ýurduň umumy ilatynyň 18,49 göterimi Stambul şäherinde ýaşaýar. Şonuň üçin Stambul ýurduň iň köp ilatly ýaşaýyş nokadydyr. Stambulyň 15 millionlyk ilatynyň 7 million 750 müň 836-sy erkek, 7 million 711 müň 616-sy aýal maşgaladyr.

Ozalky ýyllara ser salanyňda, 2001-2019-njy ýyllarda Stambulyň ilaty yzygiderli artypdyr. 2000-nji ýylda 11 milliondan gowrak bolan ilat sany häzirki wagtda 15 milliondan gowrakdyr.

20 ýyldan soňra Stambulyň ilatynyň azalmagynyň esasy sebäpleriniň biri ýaşaýyş-durmuş çykdajylarynyň artmagydyr. Şeýle hem ilatyň köpdügi hem nazara alnanda, ilatyň belli bir bölegi şu sebäpden hem ýurduň başga şäherlerine göçüp gidipdir.

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

Ýene-de okaň

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat geçirildi

Aşgabat şäheriniň gününde 136 sany ýaşaýyş jaýy ulanmaga berler

Türkmenistan-Atom energiýasy boýunça halkara agentligi: hyzmatdaşlyk üçin täze teklipler

Türkmenistan Bahreýn Patyşalygyna ilçi belledi

Italiýa-Merkezi Aziýa daşary işler ministrleriniň duşuşygy bolar

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy Astanada geçiriler