SPORT

Dünýä çempiony 58 ýaşynda futbola dolandy

1994-nji ýylda Braziliýanyň ýygyndysy bilen dünýä çempiony bolan 58 ýaşyndaky Romario özüniň ýolbaşçylyk edýän “Amerika” toparynyň futbolçysy hökmünde hasaba alyndy.

Rio-de-Žaneýro şäheriniň bu toparynda oýnan Romario 2009-njy ýylda bu toparda futbol karýerasyny tamamlady. Şol ýyl toparyň ýolbaşçysy wezipesine saýlandy. 2010-njy ýylda Romario Milli kongressiň aşaky palatasynyň düzümine saýlnayp, 2014-nji ýylda senator boldy.

Onuň 30 ýaşyndaky ogly Romarinýo häzirki wagtda özüniň ýolbaşçylyk edýän “Amerika” toparyna geçdi.

58 ýaşyndaky Romario ýurduň Karioka ştatynyň ikinji diwizionyndaky çempionatyň duşuşyklaryna doly gatnaşmagy meýilleşdirýär. Ol öz ogly bilen ýene-de birnäçe duşuşyklary geçirmegi arzuw edýär.

Romario 1994-nji ýylda dünýä çempiony boldy we FIFA tarapyndan iň gowy futbolçy boldy. Ol Braziliýanyň ýygyndysy bilen Konfederasiýa kubogyny, 2 gezek Amerikanyň kubogyny eýeledi.

Braziliýanyň ýygyndysy 71 duşuşykda 55 gol geçiren Romario “Wasko da Dama”, “PSW” hem-de “Barselona” toparlarynda oýnapdy.

Ýene-de okaň

“Baýer” topary ýeňilmän çempion boldy

Ronaldo Saud Arabystanyda galyp biler

“Ýuwentus” topary 15-nji gezek Italiýanyň kubogyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Waran “Mançester Ýunaýted” toparyndan gidýär

“Mançester Siti” toparynyň çempionlygyna bir duşuşyk galdy

Dünýäniň iň gowy toparlarynyň sanawy düzüldi