JEMGYÝET

Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen-Mary bölegi açyldy

Şu gün Mary welaýatynyň çäginde ýurdumyzyň ulag-ýol düzüminiň iri taslamasy bolan Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen-Mary böleginiň açylyş dabarasy geçirildi. Açylyş dabarasyna “Ata Watan Media” topary hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň 109 kilometrden ybarat bolan Tejen-Mary bölegi ulanmaga berildi. Iri taslamanyň ulanmaga berilmegi mynasybetli Mary welaýatynda dabaraly çäreler guraldy. Dabaranyň çäklerinde Mary welaýatynyň ýaşaýjylaryna 200 sany ýolagçy awtobusy sowgat edildi.

Açylyş dabarasyna ýurdumyzyň hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtly ilçiler, paýtagtymyz Aşgabatda geçirilýän Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisine gatnaşyjylar, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, rektorlar, gazet-žurnallaryň redaktorlary, şeýle hem daşary ýurtly habarçylar gatnaşdy.

Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen-Mary böleginiň açylyş dabarasy gatnaşan hormatly Prezidentimiz bu ýerde myhmanlary öňünde çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda şu gün Mary welaýatynda taryhy wakalaryň bolup geçýändigini, hususan-da, Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen-Mary böleginiň, Mary şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, 59 sany 2 gatly kottežler toplumynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli çäreleriň guraljakdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda bu iri ulag taslamanyň Aşgabat-Tejen böleginiň 2021-njy ýylyň oktýabrynda açylyp ulanmaga berlendigini belledi. Iri ulag taslamasynyň 2-nji tapgyrynyň, ýagny Tejen-Mary böleginiň doly gurlup tamamlandygyny bellän hormatly Prezidentimiz bu ýerde sürüjiler hem-de ýolagçylar üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigini mälim etdi.

Döwlet Baştutanymyz 600 kilometrlik Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ýurdumyzyň paýtagty Aşgabady Ahal we Mary welaýatlarynyň üsti bilen Lebap welaýaty bilen birleşdirip, ulag we logistika ulgamynda ösüşleriň gazanylmagyna mümkinçilik berjekdigini belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu iri taslamanyň uzak aralygy gysga wagtda geçmäge mümkinçilik berjekdigini aýdyp, mundan beýläk-de ýurdumyzyň ulag düzümini has-da döwrebaplaşdyrmagyň dowam etdiriljekdigini belledi.

Soňra dabaranyň çäklerinde Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly barada wideofilm görkezildi. Onda taslama barada giňişleýin gürrüň berildi. 2019-njy ýylda bu taslamanyň 203 kilometrlik Aşgabat-Tejen bölegi, häzir bolsa, 109 kilometrlik Tejen-Mary bölegi ulanmaga berildi.

Halkara ülňülerine laýyklykda gurlan awtomobil ýolunyň Tejen-Mary bölegini “Altyn nesil” hojalyk jemgyýeti amala aşyrdy. Ýoluň ugrunda döwrebap desgalaryň birnäçesi guruldy. Aragatnaşyk ulgamy üçin 53 telefon nokady döredildi. Demir barýerler bilen üpjün edilen ýoluň kenarlar germew bilen gurşaldy.

Awtomobil ýolunyň ugrunda söwda we iýmit merkezleri döredildi we töleg terminallarynda dürli görnüşli töleg şertleri üpjün edildi.

Umuman, Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň birinji tapgyry täze düzüm desgasynyň degişli güwänamalara – awtomobil ýolunyň hiliniň ISO 9001 standartyna laýyklygy hem-de taslamany düzmek we gurluşyk boýunça işleriň halkara standartlaryna, hususan-da, “Ýol gurluşygyny taslamak” we “Gurluşyk işleri” standartlaryna laýyk gelýändigini, şeýle hem bu awtomobil ýolunyň ýokary derejede howpsuzlygyny we onuň gurluşygynda innowasion tehnologiýalaryň ulanylandygyny tassyklaýan güwänamalara mynasyp bolandygyny bellemek gerek.

Ýene-de okaň

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk çärelerine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda “Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi” atly forum geçirildi

Ata Watan Eserleri

«Magtymguly» atly kitap çapdan çykdy

Türkmenistanyň Prezidenti Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Magtymguly Pyraga bagyşlanan medeniýet ministrleriniň halkara maslahaty geçirildi

Ata Watan Eserleri

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, medeniýet ministrleri derejesinde geçirilýän halkara maslahata gatnaşyjylara