SÖHBETDEŞLIK

Täşli Tülegenow: “Ömrüm aýdyma berlen”

Biz bilýäris. Sungat adamlarynyň bu ýola, köplenç, çagalykdan gadam basýandygyny. Eger ol aýdymçy bolsa, diňleýjisini belli bir ýoly geçensoň tapýandygyny, biz bilýäris. Ýöne çagalar bagyna gatnaýan 5 ýaşlyja oglanjygyň aýdymlary bilen heniz çagalykdan saýlanmanka, eýýäm, köpleriň söýgüsini gazanmagyna, onda-da halypa bagşymyz Nurberdi Gulowyň  ýoluny dowam edip tanymallyga ýetişmegine näme diýersiňiz?! Bu, elbetde, tebigy zehiniň bilen ussatlyga ýol salmagyň ýaşa bagly däldigini görkezýär. 5 ýaşyndaky Täşlijikden ulalanda-da halkyň arasynda häzirem şol ady bilen tanalýan Seýitguly Tülegenow (Täşli) bu günki günde toý-baýramlarymyzy joşgunly aýdymlary bilen bezeýär. Ol häzirki wagtda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Medeni miras fakultetiniň Höwesjeň aýdym-saz toparyny guramak we dolandyrmak hünäriniň 2-nji ýyl talyby. Biz ýakynda Täşlini «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com  saýtyna söhbetdeşlik üçin çagyrdyk.

 — Täşli, heniz çaga wagtyňyz Nurberdi Gulowyň ýolundan aýdym aýtmak kyn düşmedimi?

— Özümi bilelim bäri, bagşy bolmak höwesim ýanymdan aýrylmady. Sebäbi ejem ýaşlykdan aýdym-sazy gowy görüp, mekdep döwründe aýdym aýdýan eken. Ulalansoň hem aýdymçy bolmagy arzuw edipdir. Maňa-da ejemiň yhlasy siňen bolmaly. Teleýaýlymda halypa bagşy Rejepguly Kerimowyň aýdym aýdyşyny synlap, onuň hereketlerini çaga yhlasym bilen gaýtalamaga, aýdymyna hiňlenmäge synanyşardym. Çagalar bagyna gatnaýan wagtym 3 ýaşymdakam ilkinji gezek “Aýjemal” atly halk aýdymy ýerine ýetirdim. Ol ýerdäki aýdym-saz mugallymlarym häzir hem gabat gelseler: “Şo mahallaram bagşy boljagyňy bilýärdik” diýip, çagalar bagyndaky çykyşlarymy ýatlaýarlar.

4 ýaşymda şäher derejesinde geçirilýän baýramçylyk dabaralarynyň birinde aýdym aýtdym. Şonda şäher häkimliginiň işgärleri at, familiýamy özlerine belläp alyp, ertir häkimlige bar diýip çagyrdylar. Şol günüň ertesi häkimlige bardyk. Maňa aýdym berdiler. 5 ýaşyma geçenimde Balkanabat şäherinde ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasynda aýdym aýdyp çykyş etdim. Şol çykyşymdan soňra meni Aşgabada konserte alyp gaýtdylar. Konsertdäki çykyşymy Türkmenistanyň halk artisti Jemal Saparowa diňläp, gowy görüp, öz ýanynda şägirtlige alyp galdy. Çagalykdan Jemal Saparowadan bagşyçylygyň inçe tärlerini öwrenip ulaldym. Ol meni diňe şägirdi däl, perzendi hökmünde görüp, tälim berdi. Şonuň üçin çagalykdan bäri halypama Jemal eje diýip ýüzlenýärin.

  — Rejepguly Kerimow bilen ilkinji gezek haçan duşuşdyňyz? 

— Bitaraplygyň 5 ýyllygy mynasybetli geçirilen döwlet derejesindäki konserte gatnaşdym. Şonda Rejepguly halypany ilkinji sapar ýüzbe-ýüz görşümdi. Konsertde halypa bilen bilelikde aýdym ýerine ýetirdik. Soňra-da birnäçe  konsertlerde, dabaralarda halypa bilen kän gabatlaşdyk. Ondan bagşyçylyk sungatynda kän zatlary öwrendim.

— Ilkinji döredijilik üstünlikleriňizi, bagtly pursatlaryňyzy ýatlaýsaňyz!

— 2000-nji ýylda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi boldum. Bäsleşikde «Gel oýnalyň!» atly aýdymy ýerine ýetirdim. 2002-nji ýylda Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýesi, 2005-nji ýylda ýurdumyzda geçirilen “Awaza — dostluk mekany” atly çagalaryň döredijilik festiwalynyň ýeňijisi boldum.

Mekdebi tamamlanymdan soňra 2014-nji ýylda Balkanabatdaky nebitçilik orta hünär okuw mekdebine okuwa girdim. Ony tamamlanymdan soňra, 2019-njy ýylda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň bagtyýar talyby boldum. Geçen ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi bolup, Şa serpaýyna eýe bolmak bagty miýesser etdi.

 — Näme üçin Seýitguly däl-de, Täşli?

— Çyn adym Seýitguly. Atam pahyryň Seýitguly atly gowy dosty bar eken. Ol gaty güýçli mergen bolupdyr. Özem şahandaz adam eken. Atam dostuny ýitiren gabatlary men dünýä inipdirin. Onsoň dostumyň adyny dakjak diýip, maňa Seýitguly dakypdyr. Doglan wagtym täjim bar eken. “Täşli” adyny köpräk tutsaň aýrylýar diýensoňlar, mamam tarapym Täşli ady köp tutýan ekenler. Mekdep döwrümde toýlarda aýdym aýdyp başlanymda-da, şol adym bilen tanalýardym.

— Täşli, çagalykdan meşhur bolmak nähili duýgy?

— Elbetde, meşhur bolmak islendik adamyň arzuwy. Ýöne çagalygymdan aňyma guýlan zat — üstünligiňi, meşhurlygyňy özüň duýmasaň gowy. Sebäbi adam üstünligini duýsa, eýýäm, öňküsinden başga häsiýetlere geçiberýär. Sungatyň kämilleşmegi üçin üstünlik gerek. Ýöne üstünligiňi daşyňdakylar bilse-de, özüň bilmeseň gowy.

— Ýolda-yzda sizi tanap, adyňyzy tutsalar, ýa-da Täşlini gördüm diýenlerini eşideniňizde nähili duýgyny başdan geçirýärsiňiz?

— Begendirýär, elbetde. Birazajyk tolgundyrýaram.

 — Türkmen halk aýdymlarynyň daşary ýurtlardaky diňleýjileriniň artmagyna siz hem zehin-yhlasyňyz bilen goşant goşýarsyňyz. Bu babatda geljekdäki maksatlaryňyz?

— Daşary ýurtlarda türkmen halk aýdymlaryny söýüp diňleýän diňleýjiler köp. Muňa  Belarus respublikasynda geçirilen Türkmenistanyň medeniýet günlerine gatnaşanymyzda hem göz ýetirdik. Bizi mähir bilen garşylan aňyrdaky türkmen doganlarymyzyň, Belarussiýanyň ýerli halkynyň baranymyzdan tä gaýdýançak halk aýdymlarynyň muşdagydyklaryna şaýat bolduk. Medeniýet günleriniň çäklerinde geçirilen dost-doganlyk konsertinde “Ogulbeg” atly halk aýdymyny ýerine ýetirenimde rus tomaşaçylaryna çenli aýdymyň sözlerine düşünmeselerde ýerlerinden turup, joşup aýdyma goşulyşlary, estrada aýdymy bolmasa-da tans edişleri aýratyn täsir galdyrdy. Konsert tamamlanandan soňra-da filarmoniýanyň zalyny dolduran tomaşaçylaryň şowhunly elçarpyşmalarynyň yzy üzülmedi.

Täşli “Zenitde” diňlenýär…

 

— Eýranyň milli ýygyndy toparynyň futbolisti, häzirki wagtda Russiýanyň “Zenit”  toparynda çykyş edýän muşdagyňyz Serdar Azmuny siz öňden tanaýarsyňyzmy?

— Futbol bilen gyzyklansam-da, öň Serdar maňa tanyş däldi. Ol aýdymlarymy 2015-nji ýyldan bäri diňleýän eken. Serdaryň “Sonam geldimi?” atly aýdymymy has gowy görüp diňleýändigini eşidenimden soňra onuň bilen gyzyklanyp ugradym. Dostum, Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynda çykyş edýän Mekan Saparow bilen Serdaryň tanyşlygy bar eken. Bir sapar Mekan Serdara” “Täşli dostum” diýip aýdypdyr. Şondan soňra Serdar bilen ýakyndan tanyşdyk. Ol meni myhmançylyga çagyrdy. Üç gün onuň öýünde myhman bolup gaýtdym. Şondan soňra biz birek-biregi ýakyndan tanadyk. Serdar “Zenit” toparynyň “Sonam geldimi?” aýdymymy diňläp türgenleşik geçýändiklerini buýsanç bilen belläpdi.

Men entek özüm şägirt

— Siziň şägirdiňiz barmy?

— Men entek özüm şägirt. Sungatyň aňyrsyna çykyp bolmaýar. Şu gün gowy ýerine ýetirdim diýýän aýdymyňy, ertir ondanam başgaça aýdyp bolýar. Şonuň üçinem, aýdyma berlen ömrümde zehinimi zähmetim, yhlasym bilen kämillige tarap alyp gitmek esasy maksadym.

— Döwürdeş şahyrlaryň sözlerine aýdymlary işleýärsiňizmi?

— Hawa, döwür hem-de durmuşy temalardan goşgulary halypalaryň döreden halk aýdymlarynyň sazlaryna döwrebap äheňde işleýäris. Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Nurgözel Gozlyýewanyň goşgularyna çagalykda köp aýdymlary ýerine ýetirdim. Häzirki wagtda şahyrlar Didarberdi Allaberdiýewiň, Kerim Hallyýewiň sözlerine halk aýdymlaryny sazandalar toparymyz bilen bilelikde maslahatlaşyp işleýäris. Ol aýdymlary şeýle-de halypalaryň halk aýdymlaryny institutymyzda geçirilýän dabaralarda folklor toparymyzyň goýýan tanslary bilen bilelikde ýerine ýetirýärin.

Türkmenistanyň halk artisti Jemal Saparowanyň özboluşly ýerine ýetiriş ussatlygy, öz ýoly bar. Halypaňyzyň ýolundan ýerine ýetirýän aýdymlaryňyz bardyr?

— Gahryman Arkadagymyzy, mähriban Watanymyzy wasp edýän aýdymlarymy döwrümiziň waspçysy Jemal Saparowanyň ýolundan sazandalarymyz bilen işläp, ýerine ýetirýärin. Toparymyzda 6 sazanda bar. Klawişi Musagylyç Gylyçtaganow bilen Şirhan Babaýew, dutary Serdar Sähedow, gyjagy Begenç Gurbyýew, akkardeony Guwanç Şammyýew, depregi Begenç Muhammedow çalýar. Aýdymlarymy diňe janly sesde ýerine ýetirýändigim üçin, sazandalarym bilen hemişe diýen ýaly bilelikde çykyş edýärin. Olar köpi gören halypalar bolansoň işleşmek ýeňil. Olaryň ýanynda aýdym aýdanymda özümi arkaýyn duýýaryn.

— Hormatly Prezidentimiz “Ile döwlet geler bolsa…” atly ajaýyp kitabynda: “Türkmen topragy sungaty halkyň buýsanjy bolup durýan köp sanly bagşy-sazandalary döredipdir” diýip belleýär. Şol ussatlardan ýomut-gökleň bagşyçylyk ugrunyň Balkan şahasynyň görnükli halypalarynyň biri Nurberdi Gulowyň döreden “çopan ýoluny” siz mynasyp dowam edip gelýärsiňiz! Häzirki wagta çenli halypanyň aýdymlarynyň aglabasyny diňleýjilere ýetirdiňiz. Bu babatda halypalaryň maslahatlary size ýolgörkeziji bolýandyr!

— Jemal ejem hemişe aýdym öwrenjek bolsaň, asyl köküni diňlemelidigini nyg-

taýar. Halypamyň bu sözlerinden nusga alyp, Nurberdi aganyň aýdymlaryny hemişe diňläp gezýärin. Onuň aýdymlary mydama başujymda. Nurberdi agany diňläp köp zat öwrendim. Häzirki güne çenli halypanyň aýdymlarynyň 90 göterimini ýerine ýetirdim. Halypanyň aýdymlaryny hökman özüniň aýdyşyny diňlänimden soňra ýerine ýetirýärin ýa-da sözlerini kitapdan tapyp, okap görýärin. Nurberdi aganyň islendik aýdymyny ýerine ýetirjek bolanymda, ilki bilen halypam Jemal Saparowa bilen maslahatlaşýaryn. Jemal ejem diňe aýdymda däl, durmuş babatynda-da maslahatlaryny gysganmaýar. Islendik işiň başyny tutjak bolsam, hökman ondan maslahat soraýaryn. Nurberdi halypanyň “Aşyk Çaňly” dessanyndan parçalaryň, aýdymlaryň birnäçesini ýerine ýetirdim. Nesip bolsa geljekde, halypanyň “Aldy janymy”, “Degse maňa degsin, ýara degmesin”, “Leýliň gezen ýerleri”  ýaly aýdymlarynyň üstünde işlemekçi.

Türkmen halk aýdymlary halkymyzyň milli ruhundan gaýdýar. Nurberdi aganyň döreden “çopan ýoly” hem durşy bilen millilige ýugrulup, sähraýy halkymyzyň gözel göwnünden gözbaş alýar. Bu ýol beýleki ýollardan ýerine ýetirilişi taýyndan tapawutlanýar. Islendik bagşy ondan aýdyp bilmeýär. Rejepguly Kerimow hem çopan ýoluny dowam edip, bu ýolda öz şiresini, özboluşly şiwesini galdyran halypa. Siz hem Nurberdi aganyň ýoluny özboluşly ýerine ýetirişiňiz bilen dowam edýärsiňiz. Bu, elbetde, halypalaryň ýoluna öz goşandyňy goşmak bolýar.

— Türkmeniň saz sungatynda birnäçe mukamlar bar. Her bir halk aýdym şol mukamlaryň bir böleginden dörän. Çopan ýolundan aýdym aýdanyňda damagyň şyggyldysyna salmasaň bolanok. Bu ýoluň aýratynlygy şonda. Her bagşynyň öz şirejigi bolýar. Rejepguly halypanyň hem ussatlygy Nurberdi aganyň ýoluny öz heňi bilen mynasyp dowam edenliginde. Şonuň üçinem, bu iki ussadam diňläp, çopan ýoluna öz goşandymy goşmaga çalyşýaryn. Käwagt aýdymlary dutarda hem aýdýaryn. Nurberdi aganyň döwründe dutardan başga saz gurallarynda ýerine ýetirmek mümkinçiligi bolmandyr. Häzirki wagtda dürli görnüşdäki saz gurallaryň islendigi elýeterli. Olaryň netijesinde, halk aýdymlaryny estradada hem täzeçe öwüşgin çaýyp ýerine ýetirýäris.

Nurberdi aganyň ogly Gulmergen aga, ýegeni Gürgen aga, Seýden aga, Arazberdi aga dagy çopan ýolundan halk aýdymlaryny ýerine ýetirmegiň ussatlary. Aramyzda ýaşaýan bu halypalardan bize öwrenere zat köp. Olaryň sungaty biz ýaş şägirtler üçin taýsyz mekdep.

Gulmergen aga “çopan ýoluny” kakasynyň maldarçylyk bilen meşgullanyp, çopan taýagyny kakyp hiňlenip döredendigini gürrüň berýär. Nurberdi aga: “Nurberdi seň ýoluňa näme ýol diýýärler?” diýenlerinde, ol: “Biziňki şol bir çopan ýol” diýer eken.

Nurberdi aga häsiýeti babatda-da görelde almaga mynasyp adam bolupdyr.

Halkyň armasyny ýetirmek, toýlarynda aýdym aýdyp märekäni begendirmek üçin ýeriň uzagyny-ýakynyny saýlamandyr. Oba ýaşulularynyň gürrüň bermegine görä, Nurberdi aganyň toýa gelýändigini eşitseler, ähli obalardan adamlar diňlemäge barar ekenler. Olar halypany hiç ýere turman diňläpdirler. Nurberdi aga il arasynda hormatynyň uludygyna garamazdan, gaty pespäl, kiçigöwünli adam eken. Toýda aýdyma başlasa ýadamagy, märekäni garaşdyryp dynjyny almagy bilmez eken. Bilini guşap, bar yhlasyny siňdirip daňa çenli aýdym aýdypdyr. Nurberdi aga halypam Jemal Saparowa ejesiniň ady hem Jamal bolany üçin “ejem” diýýän eken.  Jemal Saparowa Nurberdi aganyň ýolunyň dowam etmegine mynasyp goşant goşup gelýär. Jemal ejem hemişe  bagşynyň elmydama halk bilen bagşydygyny, Nurberdi halypa ýaly sada, pespäl, adamkärçilikli bolmagy nygtaýar.

— Aýdymçylykdan başga näme bilen meşgullanýarsyňyz?

— Aýdymdan daşgary, çagalygymdan bäri at saklaýaryn. Mamamlara haçan barsam atýatakdaky atlary görüp gaýdardym. Galyberse-de, ejemiň körpe dogany seýis bolansoň mende-de at saklamaga höwes döredi. 3-nji synpdan bäri at çapýaryn.  Indi atsyz kararym hem tutanok. On gün dagy yzygiderli aýdym aýdanymdan soňra bir gün açyk meýdanda ata münüp gezelenç edip, dynç alýaryn. Olardan ylham alýaryn. “Sazanda” atly atym bar. “Ogulbeg”  aýdymym hem türkmen bedewi bilen şekile geçirildi.

— Ýakyn günlerde diňleýjilere nähili aýdymyňyz garaşýar?

— Ýakynda “Dildar” atly aýdymyň üstünde işledik. Bu aýdymyň heňini Kerwen Aýdogdyýew işledi. Häzirki wagtda “Türkmen owazy” teleýaýlymy tarapyndan şekile geçirýäris.

 — “Parlak ýyldyz — 2020” bäsleşiginde birinji orna mynasyp bolduňyz. Bäsleşikde nähili aýdymlary ýerine ýetirdiňiz?

— Bu bäsleşige 2019-njy ýylda hem gatnaşyp 3-nji orny eýeledim. Geçen ýylda gatnaşanymda “Ogulbeg”, “Uzak ýaşa Arkadag!” atly aýdymlarym bilen birinji orna mynasyp boldum.

— Size meşhurlyk getiren aýdymlar?

— “Güljan bilen Baljan”, “Ogulbeg”, “Sonam geldimi?”, “Köşgünde”, “Bibiniň” ýaly aýdymlarym diňleýjileriň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolup, meşhurlyk getirdi.

— Maşgalaňyz, olaryň sungata garaýyşlary dogrusynda gürrüň beräýseňiz!

— Maşgalada üç dogan. Göwher bilen Leýla atly iki sany gyz jigim bar. Olaryň aýdym-saza söýgüsi uly. Hasam kiçi gyz jigim aýdymy gowy aýdýar.Ýanýoldaşym bilen 2015-nji ýylda durmuş gurdum. Bir oglum, bir gyzym bar. Gyzym Feride 5 ýaşynyň, oglum Mukam 3 ýaşynyň içinde. Yzymy ýöretmegini arzuw edip ogluma Mukam adyny dakdym. Maşgalamyň sungatyma hormaty uly.

 — Siz häsiýetiňiz boýunça nähili?

— Gaty duýguçyl. Meselem, bir adama biri käýäp duran bolsa, şoňa derek özüm käýesim gelýär. begensem ýa-da gynansam derrew aglaýan. Iň bärkisi, atym çapuwa gatnaşanda, beýleki atlardan ozup, pellehana birinji bolup gelýändigini görenimde gözüme begenç gözýaşlary dolýar. Duýguçyllygym maňa ejemden geçipdir. Kakam bize çagalykdan halal, dogruçyl ýaşamagy öwretdi. Häsiýetim boýunça öýkelegräk. Sebäbi azan atam öýkelek eken.

 — Öňüňizde nähili maksatlary goýýarsyňyz? 

— Nesip bolsa, geljekde-de halypalaryň ýoluny dowam etmek, bagşyçylyk ýolunda yz goýup, halkymyzyň milli aýdym-saz sungatynyň dünýä çykmagyna mynasyp goşant goşmak maksadym bar.

— Milli aýdym-saz sungatymyzyň ägirtlerine belent sarpa goýýan, biz ýaşlara zehinimizi, ukyp-başarnygymyzy açyp görkezmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç alsyn!

— Täşli, wagt tapyp, saýtymyza söhbetdeşlik üçin myhmançylyga gelendigiňiz üçin köp sag bolsun aýdýarys! Ajaýyp owazyňyz göwün joşduryjy milli äheňli mukamlara garylyp, toýlarymyzyň bezegine öwrülip belentden ýaňlansyn!

Doglan wagty we ýeri: 1994-nji ýylyň 26-njy dekabry, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheri.

Okan mekdebi: Balkanabat şäherindäki Rejep Toýjanow adyndaky 16-njy orta mekdep

Ilkinji ýerine ýetiren aýdymy: “Aýjemal”

Iň soňky ýerine ýetiren aýdymy: “Aýtsana!”

Iň täze işlän aýdymy: “Dildar”

Çalyp bilýän saz guraly: akkardeon

Meşgullanýan sporty: futbol

Boş wagtlary: tebigata çykyp, ata münüp gezelenç etmegi halaýar

Gowy görýän reňkleri: asman gök, sary

Maşgalaly, Mukam atly ogly, Feride atly gyzy bar.

 

Söhbetdeş bolan Aýjemal GAÝLYÝEWA,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň 5-nji ýyl talyby.

 

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

Makul Sözlük (www.makulsozluk.com ) özüniň “Android” ulgamynda hereket edýän täze applikasiýasyny-Makul Sözlük applikasiýasyny hödürleýär. Toparymyz  düýn Kompýuterlerdäki  “Chrome Browserde” ulanmaga mümkinçilik berýän täze “Browser goşundysyny”-Makul Sözlük goşundysyny  ulanmaga taýýar eden bolsa, şu gün “Android” applikasiýasyny herekete girizdi. Şeýlelikde, köp sanly “Makul Sözlük” ulanyjylary, diňe www.makulsozluk.com saýtyna girmek bilen bu sözlükden peýdalanman, eýsem, kompýuterlerinde “Makul Sözlük” goşundysyny, Android ulgamyndaky mobil telefonlarynda bolsa “Makul Sözlük” applikasiýasyny ulanyp bilerler. Ýakynda IOS ulgamynda hereket edýän Applikasiýamyz hem hereket edip başlar.

Ähli Söhbetdeşliklerimiz:

 

 

 

Leýli Ökdirowa :Ýyldyza öwrülen zehin

 

Azat Dönmezow: Ýyldyzyň ýürek owazy

Han Pälwanow: Aýdymym göwün şadym

 

Merdan Handurdyýew: Teatr jadyly dünýä

 

Ogulgerek Durdyýewa: Tutanýerliklikde Ýeten Maksadym…

 

Bahar Annaýewa: Aýdym-saz durmuşymyň bir bölegi

 

Gülälek Gulmyradowa: Käbäm bilen bile ýörän ýollarym!

 

Halk aýdymlary bilen adygan bagşy: Läle Begnazarowa

 

Meşhur sungat işgärleri Ata Watan Türkmenistanda myhmançylykda

Ýene-de okaň

Aly Agamyradow: Fransiýa, woleýbol we çempionlyk – aýratyn duýgular

Ruslan Mingazow: Messi bilen söhbetdeş bolmak aýratyn duýgy

 Babajan Rozyýew: Aýdymym – ruhy dünýämiň beýany

Jemile ŞASAPAROWA: Kalbymyň namasy aýdym-sazymda

Maýsa Myradowa: ýaşlygyma ýoldaş bolan sungatym

Gözel HOJAÝEWA: kalbymyň namasy aýdym-sazymda