25/01/2021 22:53
Home SÖHBETDEŞLIK Azat Dönmezow: Ýyldyzyň ýürek owazy

Azat Dönmezow: Ýyldyzyň ýürek owazy

Baýramçylyk söhbetdeşligi

Haçan-da ýakymly owazly aýdymlary diňlänimizde, aýdymçynyň sesine öz sesimizi goşup, hiňlenenimizi duýman galýarys. Bu elbet-de, aýdym-sazda nähilidir bir düşündirip bolmaýan jadyly güýjüň bardygyny görkezýär. Ýaş zehinli estrada aýdymçy, «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2019» döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi Azat Dönmezow hem özboluşly owaza ýugrulan ajaýyp aýdymlary bilen diňleýjileriň söýgüsini gazanyp gelýär. Biz Azady ýetip gelýän 2021-nji — Täze ýyl baýramy bilen gutlap, «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty üçin söhbetdeş bolduk:

 — Azat, geçen ýylyň bosagasynda 2020-nji ýyly ajaýyp üstünlik bilen garşylapdyňyz. Has dogrusy, 2019-njy ýylyň “Parlak ýyldyzy” bolupdyňyz. Täze ýylyň öňüsyrasynda tamamlanyp barýan ýylyň ýatdan çykmajak pursatlaryny ýatlamak ýakymlydyr!

Hawa, her Täze ýyl garaşylmadyk sowgatlary, ajaýyp pursatlary, ýakymly ýatlamalary bilen durmuşymyzy bezeýär. “Bagt duýdansyz gelýär” diýleni. 2020-nji ýyly “Parlak ýyldyz” bolup garşy almagym maňa ajaýyp toý sowgady bolupdy. Bäsleşigiň ýeňijisi diýlip adym tutulanda, ýüregimi hem begençli, hem tolgundyryjy, ýatdan çykmajak üýtgeşik duýgular gurşapdy. Şol pursatda bu ajaýyp ýurtda ak ýürekden edilen arzuwlaryň hasyl bolýandygyna, çeken ujypsyzja zähmetiň ýerine düşýändigine ýene bir ýola göz ýetirdim. Şowly pursatlar bilen garşylanyp, ajaýyp üstünliklere beslenip tamamlanyp barýan 2020-nji ýyl meniň durmuşyma-da ýatdan çykmajak bagtyýar pursatlary eçildi. Bu ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi, şeýle-de Türkmen döwlet medeniýet institutynyň bagtyýar uçurymy bolmak bagty miýesser etdi.

Gahryman Arkadagymyz aýdym aýdyp, saz çalmakda, şygyr döretmekde bize nusgalyk görelde.  Bize diňe Gahryman Arkadagymyzyň bildirýän ynamyny ödäp, halkymyzyň söýgüsini gazanjak täze-täze aýdymlary döredip, işläýmek galýar.

 — Aýdym-saz sungatyna ilkinji gadamlaryňyz dogrusynda gürrüň beräýseňiz! 

— Ejem-kakamyň aýdym-saz sungaty bilen meşgullanmagy, olaryň aýdymlaryny söýüp diňlemegim mende-de aýdymçy bolmak arzuwyny oýardy. Çagakam, öýde köplenç aýdyma hiňlenip gezerdim. 5-nji klaskam dutar çalyp başladym. Aýdym-saza bolan söýgimiň uludygyny duýan ejem, bu ugra gadam basmagymy goldady. Ol ilkinji halypam, hem ilkinji diňleýjim. Galyberse-de, aýdym-sazyň inçe syrlaryny öwrenmekde Döwlet Lallaýew halypalyk etdi.

Ilkinji aýdymyňyzy hem-de sungat ýoluňyzyň başlangyjyndaky üstünlikleriňizi ýatlaýsaňyz!

— 2003-nji ýylda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly döredijilik bäsleşigine gatnaşyp baş baýraga mynasyp boldum. Bäsleşikde Orazgeldi Baýçyýewiň sazyna ýerine ýetiren «Watanym» atly aýdymym ilkinji aýdymymdy. Soňra 2005-nji ýylda Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýesi boldum. Bu üstünlikler meni täze maksatlara  ruhlandyrdy.

Okap bilersiňiz  Aýdymçy şahyr Allaýar Çüriýew : Gel, obamyň lälesi

 — Azat, şu wagta çenli diňleýjilere ýetiren aýdym-saz albomlaryňyza näçeräk aýdymlary girizdiňiz?

— Söýgi aýdymlaryndan ybarat bolan ilkinji aýdym-saz albomymy 2009-njy ýylda «Elimden tut» ady bilen halka ýetirdim. Oňa 17 aýdym girizdim. Häzirki wagta çenli aýdym-saz albomlaryma girizen aýdymlarym 700-den gowrak. 2019-njy ýylda hem «Çal, gitara!» atly aýdym-saz albomymy çykardym.

— Siziň aýdymlaryňyzy halkymyz söýüp diňleýär. Olaryň aglabasynyň sözleri we sazy ýatda galyjy hem özboluşly. Aýratynam, söýgi hakyndaky aýdymlaryňyzda özboluşly şirinlik, kalbyňa ornaýan mylaýym äheň bar. Aýdymlaryňyzyň şowly çykmagynda kompozitoryň döredýän sazy bilen şygryň sazlaşygyna nähili garaýarsyňyz?

— Aýdymçy üçin biri-birine meňzemeýän özboluşly aýdymlary döretmek esasy

zat. Menem diňleýjileriň ýüreklerinde aýratyn täsir galdyrjak, ajaýyp heňli aýdymlary döretmegi özüme maksat edinip goýdum. Şonuň üçinem, aýdymlarymyň goşgusy üçin, esasan, ýatda galjak, akgynly, özboluşly owadan owazly sözleri gözleýärin. Aýdymlarymyň aglabasynyň sözleri özümiňki, sazlaryny kompozitor-sazandalar Begenç Hojaýew, Begli Begnazarow, Saparmyrat Teşnidow, Seýran Aşyrow, şeýle-de şahyr Arslan Kertikow bilen  işleýärin. Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini, mähriban Watanymyzy wasp edip döreden “Arkadag”, “Nurana Arkadagym”, “Arkadaga şöhrat!”, “Türkmenistan”, “Watan”, “Alkyşnama”, şeýle-de mukaddes söýgä bagyşlanan “Uçaly, gülüm asmana!”, “Ukym tutanok”, “Söýmeýän bolsaň…”, “Gelsene maňa!”, “Ýaraly ýürek”, “Ara daşdyr”, “Goýberme meni!”, “Elde bilezik”, “Äkit meni!”, “Näme üçin beýdýäň”, “Diňle söýgi sazym!”, “Göresim geler”, “Gözlerim ýolda”, “Diňle ýar!”, “Duýýaňmy?!”, “Men seň üçin”, “Düwme”, “Garaşýan”, “Para-para”, “Jana derman” ýaly aýdymlarymy diňleýjiler gyzgyn garşyladylar. Bu aýdymlaryň küpüsi “Türkmen owazy” teleýaýlymy tarapyndan şekile geçirildi.

Okap bilersiňiz  Gözel Öwezowa :Aýdymlary ady ýaly Gözeldir

Biz şu güne çenli söhbetdeş bolan sungat işgärlerimiziň köpüsinden meşhur bolmagyň nähili duýgudygyny sorapdyk. Bu sowala siz nähili jogap berersiňiz?

— Meşhurlyk aladaly duýgy. Sebäbi döredijiligiňe, eserleriň gymmatyna il baha berýär. Diňleýjileriň göwnünden turjak aýdymlary döretmegiň aladasy bilen ýaşaýaň. Şonuň netijesinde-de, ajaýyp aýdymlar döreýär.

 — Siz halypalaryň ýerine ýetiren halk aýdymlaryny, şeýle-de halk dessanlaryndan aýdymlary estradada, täzeçe öwüşginde ussatlyk bilen ýerine ýetirýärsiňiz. Bu siziň döredijiligiňiziň kämilleşmegine ýardam berýändir.

Okap bilersiňiz  Glen Gilmore – Turkmenistan has much to offer visitors

 — Halypalaryň her biriniň döredijiligi biz üçin uly mekdep. Halk aýdymlaryny täzeçe öwüşginde işläp halka ýetirmekde, bagşy Kerwen Aýdogdyýew  maslahatlaryny berýär.

«Şasenem-Garyp» dessanyndan «Şasenem», «Leýli-Mejnun» dessanyndan «Leýli gerek» atly aýdymlary täzeçe öwüşginde işläp, şekilli aýdyma geçirdik. Mundan başga-da «Tä men gelinçäm», «Garratma meni!», «Boý Bibi» ýaly halk aýdymlaryny, halypalaryň ýerine ýetiren “Meniň läläm suw almaga gelmezmi?!”, “Duran ýerleri”, “Söýen ýarym senmidiň?!” atly aýdymlary diňleýjilere ýetirdim.

Şu ýerde bir zady aýratyn belläsim gelýär. Milli aýdym-saz sungatymyzyň özeni bolan küştdepdiniň gazallaryny ýerine ýetirmek kalbyňa aýratyn ylham, joşgun eçilýär. Muňa 2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda Türkiýäniň meşhur aýdymçysy Mustafa Sandal bilen gazallary ýerine ýetirenimde hem göz ýetirdim.

— Siz «Türkmen owazy» teleýaýlymy tarapyndan surata düşürilen telefilmleriň birnäçesinde keşp janlandyrdyňyz. Bu siziň döredijiligiňizi täzelikler bilen baýlaşdyrandyr.

— Filme surata düşmek teklibi ilki meni aladalandyrdy. Kinofilmde keşp janlandyrmak, oňa teleýaýlymda tomaşa eden ýaly däl. Onda esasy zat ýerine ýetiýän keşbiň halkyň göwnünden turmaly. Özüm gadymy türkmen çeper filmlerine köp tomaşa etmegi halaýaryn. 2016-njy ýylda surata düşürilen «Umyt-Arzuwda» Pälwanyň keşbini janlandyrdym. 2017-nji ýylda «Zyýada» atly telefilmde baş keşbi — Didaryň keşbini ýerine ýetirdim. Keşplerimiň, olarda surata düşürilen şekilli aýdymlaryň şowly çykmagy meni ruhlandyryp, döredijiligimi täze gözlegler bilen baýlaşdyrdy.

  — Nähili aýdymlary döretmegi özüňize ýakyn görýäňiz?

— Pessaý äheňdäki aýdymlary.

 — Aýdymçy bolmadyk bolsaňyz…

— Lukman, ýa-da uçarman bolardym.

— Saglygyňyza nähili seredýärsiňiz?

Köplenç, sport-türgenleşik zallaryna gatnaýaryn.

— Aýdymçy üçin sesiňi bir durkunda saklamak zerur. Sesiňizi aýaýaňyzmy?

Kän lälik saklamaýaryn. Gaty köp üns berseň-de ses üýtgemek, ejizlemek bilen bolýar. Ýöne sesimi geregiçe goraýaryn.

— Täze ýylda ýakynlaryňyzdan nähili sowgat almagy halaýarsyňyz?

— Sowgat bermegi gowy görýärin.

Tamamlanyp barýan ýylda nähili aýdymlary döretdiňiz?

  • “Dolanaý!”, “Talyp, talyp”, “Söýemok diýme”, “Ýatla sen!”, “Aldy” ýaly
Okap bilersiňiz  Türkmen Sanatçısı Çınara : Ülkem ile gurur duyuyorum
Okap bilersiňiz  Akmuhammet Hanow: Bagtyma şaýat bolan Sungat

söýgi aýdymlaryny diňleýjilere ýetirdim.

 — Söhbetdeşligimiziň ahyrynda ýürek arzuwlaryňyzy beýan etseňiz!

— Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda toýlanylýan tutumly toýlara sungat işgäri hökmünde gatnaşmagymyz, şanly wakalaryň şaýady bolmagymyz biziň ylhamymyzy joşdurýar. Goý, Diýarymyzyň gujagy hemişe toý-baýramlara, aýdym-sazlara beslensin. Biz — aýdymçylara Arkadag Prezidentimizi, mähriban Watanymyzy, mukaddes söýgini wasp edýän täze aýdymlary halkymyza ýetirip durmak miýesser etsin!

Bize — ýaşlara sungat äleminde zehinimizi açyp görkezmäge ajaýyp mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! Täze — 2021 ýyl düşümli, rysgal-bereketli ýyl bolsun!

Beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Aýdym-saz äleminde hemişe üstünlikleriň hemra bolmagyny, täze aýdymlaryňyz bilen diňlejileri begendirip durmagyňyzy arzuw edýäris! Baýramyňyz gutly bolsun!

 — Sag boluň!

 Söhbetdeş bolan Aýjemal GAÝLYÝEWA,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.

 

Siz söhbetdeşlikler saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

Makul Sözlük: Akylly Sözlük

Mälim bolşy ýaly ýaňy ýakynda saýtymyz tarapyndan taýýarlanylan Türkmen dilinde “gepleýän” ilkinji Türkmençe-Iňlisçe sözlük –Makul Sözlük hyzmata girdi. Siz täze sözlük bilen tanyşmak üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Internet ulgamynda www.makulsozluk.com domaini bilen hereket edýän sanly we sesli Akylly sözlük taslamasy bilen tanşyň!

Beýleki Söhbetdeşliklerimiz:

Han Pälwanow: Aýdymym göwün şadym

Merdan Handurdyýew: Teatr jadyly dünýä

Ogulgerek Durdyýewa: Tutanýerliklikde Ýeten Maksadym…

 

Bahar Annaýewa: Aýdym-saz durmuşymyň bir bölegi

 

Gülälek Gulmyradowa: Käbäm bilen bile ýörän ýollarym!

 

Halk aýdymlary bilen adygan bagşy: Läle Begnazarowa

 

Meşhur sungat işgärleri Ata Watan Türkmenistanda myhmançylykda

Jemi 43 baýrak: Bäsleşigiň ýeňijileri belli boldy

Ýakymly ýatlama: Žurnalymyz BMG Resmi Twitter hasabynda

Türkiýede bilim almak üçin – “Atavatan Danışmanlık LTD”

 

Okap bilersiňiz  Aýdymçy şahyr Allaýar Çüriýew : Gel, obamyň lälesi

IŇ TÄZE HABARLAR

Lempardyň tälimçiligi tamamlandy

Angliýanyň “Çelsi” toparynyň baş tälimçisi Frenk Lempard wezipesinden boşadyldy. Bu barada toparyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär. Bu toparyň düzüminde oýnap, ençeme kuboklary gazanan 42...

Bilim-ösüşiň çeşmesi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň bilim ulgamy döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Şeýle-de bu pudagyň binýatlyk esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdyň...

Döwlet muzeýinde sergi geçiriler

Türkmenistanda bellenilýän şanly senelere Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi hem öz goşandyny goşýar. Muzeý 27-nji ýanwarda belleniljek Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Watan goragy mukaddesdir»...

Türkmenistanly talyplara Hindistandan teklip

Türkmenistanly talyplara Hindistanda hereket edýän bilim maksatnamalarynyň ikisi boýunça okamak teklip edilýär. Olar Hindi tehniki  we ykdysady hyzmatdaşlygy (ITEC) we Hindi medeni geňeşiniň (ICCR) maksatnamalarydyr. Bular...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

UEFA 2020-nji ýylyň nusgalyk düzümini yglan etdi

Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigi 2020-nji ýylyň iň gowy futbolçylaryndan ybarat nusgalyk düzümi kesgitledi. Düzümde Germaniýanyň «Bawariýa», Ispaniýanyň «Real», «Barselona», Angliýanyň «Liwerpul», «Mançester Siti», Italiýanyň...

Konor Makgregor – Dastin Porýe tutluşygy

24-nji ýanwardan 25-nji ýanwara geçilýän gijede Abu-Dabi şäheriniň ýörite Söweş adasynda “UFC 257” atly ençeme söweş tutluşyklary geçiriler. Merkezi tutluşykda Konor Makgregor bilen Dastin...

“Liwerpul” kubok ýaryşyndan çykdy

Angliýanyň Kubogyny (FA Cup) gazanmak ugrundaky ýaryşynyň 1/16 tapgyrynda “Mançester Ýunaýted” futbol topary “Old Trafford” stadionynda “Liwerpul” toparyny kabul etdi. Duşuşygyň 18-nji minutynda myhman...

Bilim-ösüşiň çeşmesi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň bilim ulgamy döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Şeýle-de bu pudagyň binýatlyk esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdyň...