JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Aleksandr bagyndaky näbelli esgeriň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralara hormatly myhman hökmünde gatnaşan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aleksandr bagyndaky näbelli esgeriň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli Russiýanyň paýtagty Moskwa şäheriniň merkezindäki Gyzyl meýdanda dabaraly harby ýöriş geçirildi.

Harby ýöriş tamamlanandan soňra Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen bir hatarda  Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow we beýleki myhmanlar Gyzylmeýdandaky Aleksandr bagyndaky näbelli esgeriň ýadygärligine gül desselerini goýdy.

Näbelli esgeriň ýadygärligi  – harby şöhratyň ählumumy ýadygärligidir. Bu ýadygärlik 1966-njy ýylda Aleksandr bagyna ýerleşdiridi.

Ýene-de okaň

“Galkynyş” tans topary Türkiýede 2-nji orny eýeledi

Türkmenistanyň Mejlisi täze kanunçylyk namalaryny kabul etdi

Messili Argentina – Kopa Amerikanyň çempiony

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa – Ýewropanyň çempiony

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Donald Trampyň janyna howp salynmagyny ýazgardy

Ýewropanyň finaly: Angliýamy, Ispaniýa çempion bolar?