SPORT

59 ýyllyk rekord bilen finala çykdy

Ýewropa futbolynyň rekordyny goýan Germaniýanyň “Baýer” topary 49 duşuşykdan bäri ýeňilmän gelýär. 59 ýyllyk rekord bilen german topary UEFA Ýewropa ligasynyň finalyna çykdy.

59 ýyldan bäri Portugaliýanyň Benfika toparyna degişli bolan 48 duşuşyga deň bolan ýeňilmezek rekordyny 49 duşuşyk bilen öz adyna geçiren “Baýer” topary Ýewropa ligasynyň ýarym finalynda öz meýdançasynda Italiýanyň “Roma” toparyndan 2:0 hasabynda utulyp barýandygyna garamazdan, 90+7-nji minytda hasaby 2:2-e ýetirip, rekordyň eýesi boldy.

Mundan 59 ýyl ozal, ýagny 1963-nji ýylyň dekabry-1965-nji ýylyň fewraly aralygynda Portugaliýanyň Benfika topary yzygiderli 48 duşuşykda ýeňilmändi.

Bu rekordy Germaniýanyň “Baýer” topary 49 duşuşyk bilen täzeledi.

193 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek çempion bolan Germaniýanyň “Baýer” topary UEFA Ýewropa ligasynyň kubogyny hem-de Germaniýanyň Kubogyny gazanan halatynda, möwsümi 3 kubok bilen tamamlar.

Germaniýanyň “Baýer” topary UEFA Ýewropa ligasynyň kubogynyň finalynda Italiýanyň “Atalanta” topary bilen 22-nji maýda Irlandiýanyň Dublin şäherinde duşuşar.

Ýene-de okaň

“Real Madrid” – dünýäniň iň gymmat topary

Ýamalyň goly Ýewropa çempionatynyň iň owadan goly boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň üçünji aýlawy 16-njy awgustda başlanar

Mbappe: men bagtly oglan, “Realda” oýnamak arzuwym hasyl boldy

Ata Watan Eserleri

Garet Sautgeýt Angliýanyň tälimçisi wezipesinden gitdi

“Real Madrid” topary Kilian Mbappeni tanyşdyrdy

Ata Watan Eserleri