JEMGYÝET

Onlaýn media forum makalasynda “Atavatan Türkmenistana” uly orun

Mälim bolşy ýaly, 17-nji aprelde ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp, wideokonferensiýa görnüşinde halkara mediaforum geçirildi. Oňa dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan žurnalistleriň 50-ä golaýy wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy.

Bu barada “Türkmenistan” gazetinde “Onlaýn mediaforum halkara habarlar giňişliginde” atly makala çap edilipdir. Şol makalada dünýä ýurtlarynyň habar beriş serişdelerinde we internet saýtlarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýetini dünýä ýaýmak maksady bilen guralan halkara mediaforumyň geçişi we onda ara alnyp maslahatlaşylan meseleler baradaky habarlara giň orun berlendigi bellenilip geçilýär. Munuň özi hemişelik Bitaraplygyň ykrar edilen taryhy senesinden bäri geçen çärýek asyryň dowamynda Türkmenistanyň toplan oňyn tejribesine dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma bildirilýändigini alamatlandyrmak bilen, hemişelik Bitaraplygyňşanly senesi mynasybetli guralýan çäreleriň halkara media giňişliginde-de giň goldaw tapýandygyny görkezýär.

Şol makalada Türkiýede neşir edilýän «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň internet saýtynyň halkara mediaforumda bilermen hökmünde çykyş eden daşary ýurtly alymlardyr akademikleriň hemişelik Bitaraplygyň ähmiýeti we onuň aýratynlyklary hakyndaky aýdan sözlerinden mysal getirip, Türkmenistanyň daşary syýasat derejesiniň syýasy, ykdysady we medeni jähtlerine, häzirki zamanyň möhüm halkara meselelerini çözmekde oňyn bitaraplyk ýörelgeleriniň ähmiýetli ornuna üns çekendigi mälim edilýär. Bu bolsa, «Bitaraplygyň özboluşly täze ýagdaýy has-da ösdürilmäge mätäçdir. Bitaraplygyňýörelgeleriniňylmy-amaly esaslaryny hem-de halkara işlerde iş ýüzünde peýdalanylmagyny kämilleşdirmek boýunça ulgamlaýyn işleri maksadalaýyk alyp barmak zerurdyr» diýen çagyryş bilen çykyş edýän milli Liderimiziň bu ugurdaky başlangyçlarynyň halkara giňişlikde mynasyp goldaw tapýandygyny ýene-de bir gezek äşgär etdi.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Russia Halal Expo” sergisine aýlanyp gördi

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Mintimer Şaýmiýew bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Kazanda möhüm başlangyçlary öňe sürdi

Aşgabatda TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparlaryň 10-njy mejlisi geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rustam Minnihanow bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Tatarystana bardy