No menu items!
8.9 C
Istanbul
13/08/2020 13:41
No menu items!
Home BILIM Aşgabat maliýeykdysady orta hünär okuw mekdebi

Aşgabat maliýeykdysady orta hünär okuw mekdebi

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

  1. Buh­gal­ter­çi­lik ha­sa­ba al­ny­şy.
  2. Ma­li­ýe we karz.
  3. Yk­dy­sa­dy­ýet we me­ýil­na­malaş­dy­ryş.
  4. Yk­dy­sa­dy­ýet we san­ly mag­lumat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry.
  5. Sal­gyt­lar we sal­gyt sal­mak.
  6. Yk­dy­sa­dy­ýet we ho­ja­lyk hu­ku­gy.

Aş­ga­bat ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy or­ta hü­när okuw mek­de­bi­ne Aş­ga­bat şä­he­rin­de he­mi­şe­lik ýa­şa­ýan, umu­my or­ta bi­lim­li, ýa­şy 35-den geç­me­dik Türk­me­nis­ta­nyň ra­ýat­la­ry gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri boýun­ça bäs­le­şik esa­syn­da ka­bul edil­ýär.

Oku­wyň möh­le­ti 2 ýyl we tö­leg­li.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry Aş­ga­bat şä­herin­de 2020-nji ýy­lyň 6-njy iýu­ly — 8-nji aw­gus­ty ara­ly­gyn­da ka­bul edil­ýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:

— bel­le­ni­len nus­ga­da di­rek­to­ryň ady­na ýa­zy­lan ar­za;

— bel­le­ni­len nus­ga­da­ky so­wal­na­ma (an­ke­ta);

— umu­my or­ta bi­lim ba­ra­da res­mina­ma­nyň asyl nus­ga­sy;

— Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi ta­rapyn­dan bel­le­ni­len nus­ga­da­ky sag­lyk ke­pil­na­ma­sy;

— soň­ky okan ýe­rin­den (iş­län ýe­rinden, har­by bö­lüm­den) hä­si­ýet­na­ma;

— bel­le­ni­len nus­ga bo­ýun­ça okuw üçin tö­le­gi öz wag­tyn­da amal et­me­giň ke­pil ha­ty;

— 3×4 sm öl­çeg­dä­ki se­kiz sa­ny foto­su­rat;

— iş­le­ýän­ler üçin zäh­met dep­der­çesi­niň tas­syk­la­nan gö­çür­me­si;

— gi­riş sy­nag­la­ryn­dan üs­tün­lik­li geçen ýag­da­ýyn­da ar­tyk­maç­lyk­lar­dan peý­da­lan­ýan oku­wa gir­ýän ýy­lyn­da mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň ders­ler boýun­ça döw­let bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri, umu­my­bi­lim ders­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra bäs­le­şik­le­ri­ne gat­na­şan Türk­me­nis­tanyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry şol ýag­daý­la­ry tas­syk­la­ýan de­giş­li res­mina­ma­nyň asyl nus­ga­sy­ny tab­şyr­ýar­lar.

Bu­lar­dan baş­ga-da, oku­wa gir­mä­ge is­leg bil­dir­ýän­ler ýo­kar­da gör­ke­zi­len resmi­na­ma­lar bi­len bir­lik­de, res­mi­na­ma­la­ry ka­bul ed­ýän iş to­pa­ry­na aşak­da­ky­la­ry görkez­ýär­ler we nus­ga­la­ry­ny tab­şyr­ýar­lar:

— şah­sy pas­por­ty­ny;

— Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­lerin­de har­by gul­lu­gy ge­çen­ler har­by şaha­dat­na­ma­sy­ny, har­by gul­lu­gy geç­medik ýi­git­ler ýa­zy­lyş şa­ha­dat­na­ma­sy­ny we ýa­şa­ýan ýe­ri bo­ýun­ça har­by we­killik­den gü­wä­ha­ty­ny.

Da­laş­gär ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan peý­da­lan­ýandy­gy­ny tas­syk­la­ýan beý­le­ki res­mi­nama­la­ry gör­ke­zip bi­ler.

Nä­dog­ry ber­len mag­lu­mat­lar we res­mi iş ka­gyz­la­ry üçin da­laş­gär şah­sy jo­gap­kär­çi­lik çek­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry we oku­wa ka­bul edil­mek 2020-nji ýy­lyň aw­gust aýy­nyň 11-12-si, 14-i we 15-i gün­le­rin­de Aş­gabat ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy or­ta hü­när okuw mek­de­bin­de ge­çi­ril­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry äh­li hü­när­ler bo­ýunça ma­te­ma­ti­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy, jem­gy­ýe­ti öw­re­niş ders­le­rin­den ge­çi­ril­ýär.

Ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň or­ta mek­dep­le­ri­niň okuw mak­sat­na­ma­la­ry­nyň esa­syn­da ge­çi­ril­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry döw­let di­lin­de dil­den ge­çi­ril­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ter­ti­bin­de bel­le­nilen wagt­da sy­na­ga esas­syz se­bäp­le­re gö­rä ge­lip bil­me­dik­ler ýa-da ders­le­riň bi­ri bo­ýun­ça sy­nag­dan ge­çip bil­me­dikler soň­ky sy­nag­la­ra goý­be­ril­me­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça deň muk­dar­da ba­ha alan­lar­dan ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kukdan aşak­da gör­ke­zi­len­ler peý­da­lan­ýar­lar:

— saý­lan hü­nä­ri bo­ýun­ça 2 ýyl­dan az bol­ma­dyk iş tej­ri­be­si bo­lan­lar;

— ça­gy­ryş bo­ýun­ça har­by gul­lu­gy ge­çen­ler.

Aş­ga­bat ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy or­ta hü­när okuw mek­de­bi­niň sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş., (1987) Türk­me­nis­ta­nyň Gah­ry­ma­ny Ata­my­rat Ny­ýa­zow şa­ýo­ly, 112, tel.: 49-64-25, 49-64-29.

IŇ TÄZE HABARLAR

Pareho “Wilýareala” geçdi

Ispaniýanyň “La Liga” çempionatynda çykyş edýän “Wilýareal’ topary Frensis Koklendan soňra “Walensiýa” toparynyň kapitany bolan Dani Parehony öz düzümine goşdy. Pareho topar bilen 4...

Matuidi Amerika barýar

Italiýanyň “Ýuwentus” toparynyň ýarymgoragçy Bleýz Matuidi bilen şertnamasynyň tamamlanandygy mälim edildi. Taraplar özara ylalaşyk esasynda şertnamany bes etdiler. Fransuz raýaty 2017-nji ýyldan bäri “Ýuwentus”-da çykyş...

Lihtştaýner futboly taşlady

Şweýsariýa futbol federasiýasynyň resmi web sahypasyda “Ýuwentusyň” we “Arsenalyň” öňki goragçysy Ştefan Lihtştaýner özüniň futbol ýoluny tamamlandygyny habar berdi. “Eziz janköýerlerim üçin şu wagta çenli...

Ýol hereketine gözegçiligi talaba laýyk guramak tabşyryldy

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 12-nji awgustda geçirilen mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow içeri işler ministri M.Çakyýewiň ünsüni ýol-gözegçilik gullugynyň alyp barýan işlerine çekdi. Döwlet Baştutany ministrligiň ähli...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Her gün 10 müň örtük öndürilýär

Bereket şäherindäki tikin fabriginde her gün 10 müň sany lukmançylyk örtügi öndürilýär. Ýokary hilli ol örtükler welaýatyň saglyk ulgamynyň edaralaryna, söwda nokatlaryna hem-de edara-kärhanalaryna ugradylýar. «Türkmenistan»...

Ýewropa ligasynyň ¼ finalynyň duşuşyklary

Futbol janköýerleriniň arasynda uly gyzyklanma döredýän Ýewropa Ligasynyň kubogynyň ¼ finalynda duşuşjak toparlar belli boldy. Olar 1/8 final duşuşyklarynda garşydaşlaryny ýeňen “Baýer”, “Inter”, “Sewilýa”,...

Nurly günlere çakylyk

Günleriň birinde şeýle bir gözler maňa bakdy, ol gözler “bu ne gözel perizat, Wah arman” diýen sözleri okadym. Ol gözler gözlerime däl, kalbyma bakdy!...

13-nji awgust Halkara çepbekeýler güni

Halkara çepbekeýler güni her ýylyň 13-nji awgustynda bellenilip geçilýär. Bu çepbekeýleriň özboluşlylygyny we käbir tapawutlylygyny ýüze çykarmak maksady bilen döredildi. Bu sene ilkinji gezek...