SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

THY-den Aşgabat ugry boýunça goşmaça ýörite uçar gatnawy

Mälim bolşy ýaly, Türkiýe Respublikasynyň “Türk howaýollary” awiakompaniýasy Türkmenistan-Türkiýe ugry boýunça adaty uçar gatnawlaryny ýola goýdy. Bu gatnawlar mälim bolşy ýaly, Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça hepdede 2 gezek amala aşyrylýar.

Adaty gatnawlaryň amala aşyrylýan döwründe bu awiakompaniýa ýörite gatnawlary hem ýerine ýetirýär.

“Türkhowaýollary” awiakompaniýasynyň beren maglumatyna görä, Stambul-Aşgabat ugry boýunça 26-28-nji noýabr aralygynda ýörite gatnawlar guralar.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkiýäniň “Türk howaýollary” awiakompaniýasy,  2022-nji ýylyň dekabr aýyndan başlap Türkmenistan ugurly adaty uçar gatnawlarynyň sanyny artdyrýar.

THY, dekabr aýyndan başlap, hepdede 3 gezek Türkmenistan ugruna uçar. Bu awiakompaniýa, Türkmenistan ugruna adaty uçar gatnawlaryna üstümizdäki ýylyň noýabr aýynyň 2-sine başlapdy we häzirki ýagdaýda hepdede 2 gezek Türkmenbaşy ugruna adaty uçar gatnawlaryny amala aşyrýar. Bu meýilnama 2022-nji ýylyň dekabr aýynyň 2-sinden 2023-nji ýylyň mart aýynyň 24-ne çenli döwür üçin kesgitlenen.

Täze maglumata görä, Türkiýäniň “Türk howa ýollary” awiakompaniýasy, 2022-nji ýylyň dekabr aýyndan başlap bolsa, duşenbe, çarşenbe we anna günlerinde adaty uçar gatnawlaryny amala aşyrar.

Türkiýe gitmek üçin wiza ýagdaýy

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Türkiýe gitmek üçin Türkmenistan raýatlary üçin wiza almak hökmanydyr.  Şonda öň hem bar berişimiz ýaly, Türkiýede ýaşamak üçin ýa-da zähmet çekmek üçin hereket ediş möhleti dowam edýän rugsatnamasy bar bolsa, onda Türkmenistana gelip gidýän raýatlarymyz üçin wiza almak zerur däl. Şeýle hem, käbir ýagdaýlarda transit geçmek üçin hem wiza almak zerur däldigini biz öň saýtymyza ýerleşdiripdik. Bu habarymyzy okap bilersiňiz ýa-da Atavatan TV You Tube kanalyndan tomaşa edıp bilersiňiz.

Ýokaryda agzalan ýagdaýlardan başga Türkiýe gitmek üçin wiza almak zerurdyr. Türki wiza merkeziniň wizalaryň görnüşlerine görä, zerur resminamalaryň sanawyny saýtymyza öň ýerleşdiripdik.

Wiza almak üçin gerekli resminamalaryň toplumyny Aýtakow-Ýubileýniý çatrygynyň ugrunda, Rysgal bankyň ýanyndaky A blok binasynda ýerleşýän Makul Hyzmat Terjime merkezinden terjime edip hem biljekdigiňizi ýatlatmak isleýäris. 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyñ syýahatçylyk agentlikleriniñ wekilleri Türkiýä saparlarynda Şanlyurfa we Gaziantepe baryp gördüler

Çagalaryň saglygy — döwletiň gymmatly baýlygy

Aşgabat-London ugurlaryna petekler onlaýn satuwa çykarylýar

Aşgabatdan Kuala Lumpura hepdede iki gatnaw ýola goýuldy

Aşgabat-London-Aşgabat gatnawy hepdede iki gezege çykaryldy

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň iň iri dag-lyža şypahanasy gurlar