ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Ýolaman Saryýew: goboý saz guralynyň maestrosy

Saýlan hünäri bilen özüni ykrar etdirip bilen adam halkyň beren mynasyp bahasynyň eýesi bolýar. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň goboý saz guraly boýunça ýokary derejeli mugallymy,Türkmenistanyň at gazanan artisti Ýolaman Saryýew hem öz hünäri bilen şeýle hormata eýe bolan halypalaryň biri. Ol ussat sazanda, özem ýewropa saz senedini çalmak boýunça halypa mugallym. Ýolaman mugallyma kärdeşleri, şägirtleri «Goboý saz guralynyň maestrasy» diýip, halkara dilde ýokary baha berýärler. Onuň sungatyna berilýän şeýle taryply sözler bolsa, döredijiligini içgin öwrenmäge gyzyklanma döretdi. Şonuň üçin Ýolaman mugallym bilen zähmet çekýän sungat ojagynda söhbetdeş bolduk. Ol özi hakynda gürrüň bermäge birbada diýseň ýaýdandy. Onsoň ondan ilki bilen terjimehalyny soradyk. Şeýdibem onuň özi hakyndaky beren gürrüňleriniň yzyna sowallarymyz öz-özi tirkelip söhbetdeşligimiz alşyp gitdi.

— Men 1949-njy ýylyň 25-nji fewralynda Mary welaýatynyň Murgap etrabynda doglan. Maşgalamyzda bir gyz, bir ogul perzendimiz, alty sany agtygymyz, bir sany çowlugymyz bar. 1961-nji ýylda sazçylyk mekdep-internatyna okuwa girdim. 1965-nji ýylda mekdep-internaty tamamlap häzirki Daňatar Öwezow adyndaky sazçylyk uçilişesinde okuwymy dowam edip, ol ýerde-de goboý saz guraly hünärinden bilim alyp başladym. 1968-1970-nji ýyllarda harby gullukda bolup, gullugymy tamamlamsoň, ýene okuwymy dowam etdirdim. 1971-nji ýylda-da okuwymy gutardym. Şol ýyl hem Daşkendiň Muhtar Aşrafy adyndaky döwlet konserwatoriýasyna goboý saz guraly hünäri boýunça okuwa girdim we 1976-njy ýylda tamamladym.Ýokary okuw mekdebinde dünýä belli halypa Melkamini Witaliý Lwowiç hänär mugallymym  boldy. Konserwatoriýanyň soňky kurslarynda ol maňa Özbegistanyň Simfoniki orkestrinde solist bolup işlemegi ynandy. Öň şol orkestrde onuň özi işleýärdi. Şeýlelik bilen okuwymyň gapdalyndan orkestrde solist bolup işlemegim hünär kämilligimi gün-günden artdyrdy. Okuwymy tamamlamsoňam şol orkestrde işe alyp galmak islediler, ýöne ata Watanymda işlemäge bolan höwesim dogduk Diýaryma dolady. Ýurdumyza gelemsoň Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi şol wagtky garamagyndaky Magtymguly adyndaky opera we balet teatryna orkestriň solisti wezipesi bilen işe ýollady. Bu işimiň gapdalyndan 1977-nji ýylda (öňki Türkmen döwlet sungat instituty) häzirki Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda mugallym bolup talyplara sapak berip başladym. 1991-nji ýylda maňa döwletimiz tarapyndan «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen at berildi — diýip gürrüň berdi.

Birnäçe ýyllap ýaşlar neşirlerinde işledim. Köplenç medeniýet we sungat ugrundan zehinli ýaşlaryň döredijiligi hakynda söhbetdeşlikler taýýarlamaly boldum. Şonda Ýolaman Saryýewden tälim alan ýaşlar bilenem gürrüňdeş bolmak miýesser etdi. Sebäbi onuň ýetişdiren sanardan kän şägirtleriniň köpüsi ýurt hem halkara derejeli bäsleşikleriň ýeňijileri boldular. Olar özleriniň gazanan her bir üstünliklerinde hünär mugallymlary Ýolaman Saryýewiň yhlasly zähmetiniň bardygyny buýsanç bilen aýdýardylar. Hat-da onuň şägirtleri Ýolaman mugallymyň diňe hünär taýdan däl, durmuş babatda-da ýakyn maslahatçy bolýandygyny aýtmaklary, halypa-şägirtlik ýolunyň juda ýürekdeş ýakynlygyny subut edýär. Bu babatda gürrüň gozganymyzda Ýolaman mugallym sadalyk bilen:

— Häzirki iş ýerim bolan mekdep-internadynda başlangyç bilimi Wladykin Sergeý Iwanowiçden, Daňatar Öwezow adyndaky sazçylyk uçilişesinde Agamyrat Rejebowdan, ýokary okuw mekdebinde dünýä belli mugallymlardan tälim aldym. Halypalarymdan öwrenen bilim-terbiýämi başardygymdan okuwçylaryma öwredýärin. Çaganyň başlangyç biliminde onuň saýlan hünärine bolan ukyp-başarnygyny açyp, dogry ýola gönükdirip bilseň, soň olaryň özi ýuwaş-ýuwaşdan kämilleşýärler — diýip, elleri saz gurally geçip barýan ýaşajyk sazandalara buýsanç bilen bakyp, olaryň geljegine bolan ynamynyň uludygyny aýtdy. Şol pursat oňa çagalyk döwrüniň ýatlamalaryndan gürrüň bermegini haýyş etdik.

— Biz iki oglan dogandyk. Doganym nebit-gaz ugrundan işledi. Ol geçen ýyl dünýeden gaýtdy. Men sungat ugruna höwesli boldum. 1961-nji ýylda şu wagtky iş ýerimde okaýarkam her ýyl tomusky dynç alyşda öýümize giderdim. Öýümiziň diwarynda SSSR-iň kartasy asylgy durýardy. Kakam gapdalynda oturdyp mekdepde geçýän okuw sapaklarym hakynda sorap, bilim derejäm bilen gyzyklanardy. Taryh, geografiýa sapaklarymdan geçýän temalarym hakynda gürrüň bererdim. Her tema boýunça aýdanymda ýer-ýurt atlary gabat gelse, kakam menden şol ýurtlaryň ýerleşýän ýerlerini kartadan tapdyrardy. Soňra bolsa olar hakynda giňişleýin düşündirerdi. Aslynda kakamyň käri hukukçydy, ýöne mugallym ýaly ähli sapaklarymdan başarnygymy synagdan geçirerdi. Soňra hünär öwrenýän saz guralym bilen gapdalynda oturdardy. Ol wagtlar her bir kompozitoryň täze döreden aýdym-sazlary nota ýazgysy bilen döwürleýin neşirlerde çap edilerdi. Kakam şol aýdym-saz ýazgylary çap bolan gazet-žurnallary ýygnap goýardy. Şolary öňümde goýup saz guralymda çaldyrardy. Kakamyň şeýdip gözegçilik etmegi okuwymda geçilen sapaklary gaýtadan öwrenilip berkidilen ýaly täsir ederdi. Onuň her bir pursatdaky terbiýe mekdebi durmuşymda ullakan sapak boldy. Özbegistanda ýokary okuw mekdebinde okaýan döwürlerimde dürli ýurtlardan bolan talyp deň-duşlarymyz bolup şol ýerdäki muzeýlere aýlanmaga kän giderdik. Şonda ol ýeriň ýerli ýaşaýjylary hem uly gyzyklanma bilen muzeýlere gezelenje barardylar. Käbir adamlar muzeý gymmatlyklaryny ýöne bir synlap: «Gowy zat eken» diýip deňinden geçerdiler. Käbirleri her bir gymmatlyk hakynda düýpli maglumatlary içgin öwrenip, muzeý işgärlerinden doly maglumat alýançalar öwrenýärdiler. Haçanda muzeýden dolanyp geleniňde olardan muzeýe gezelenji barada soranyňda, kimsi-hä «Aý, gowy zatlar kän eken» diýip çäkli jogap bererdi. Kimsi bolsa ol ýerde gören gymmatlyklary hakynda öwrenen täsin maglumatlaryny aýdyp, birek-birek bilen pikir alşardy. Hemem olary wagyz ederdiler. Olaryň gyzykly gürrüňleri myzeýlere gezelenç etmäge höwesiňi artdyrardy. Şonda kakamyň islendik ýere baranyňda-da, okanyňda-da öwrenýän zadyňy düýpli öwrenmek barada beren maslahatlary ýadyma düşerdi — diýip aýdan gürrüňleri nesil terbiýesi hakynda hemem bu ugurda ata-enäniň aýratyn orny hakynda oýlandyrdy. Ýolaman mugallymyň täsin gürrüňlerinden hemem iş otagynyň diwarynda asylgy duran suratlardan onuň halkara derejesinde geçirilen dürli çärelere kän gatnaşandygyny duýmak kyn däl. Bu babatda sowal berenimizde ol:

— 1989njy ýylda Odessa şäherinde üflenip çalynýan saz gurallarynyň halkara simpoziumy geçirildi. Şol simpoziumada soýuz respublikalaryň ählisinden hemem sosialistik respublika ýurtlaryndan wekiller gatnaşdylar. Ol halkara çärede  her bir gatnaşyjynyň bilim alýan saz senedinde ýerine ýetirijilik başarnygyny hemem onuň öz ýurdunda bilim ulgamynyň ýeten derejeleri we bu ugurda bar bolan meseleleri hakynda beýan ediş ussatlygyny çykyşy arkaly gözden geçirilýärdi. Şonda öz saz senedimiz hakynda, bu ugurdan ýetişdiren okuwçylarymyz hakynda hasabat berdik. 2-nji gün konsertde Çary Nurymowyň gazallary, Rejep Rejebowyň goboý üçin  konsertini ýerine ýetirdik. Konsert gutaransoň Moskwaly sungat wekilleriniň käbirini tanaýardym. «Türkmenistandan beýle zada garaşmadyk» diýdi. Şonda çykyş edenimde maňa roýalda deregi Türkmenistandan Wladimir Petko sazandarlyk etdi. Ol ir wagt aýdym-saz ugrundan häzirki ýörite sazçylyk mekdep-internadymyzda başlangyç bilimi alýar. Soň Moskwada aspiranturany gutaryp häzir Moskwada ýaşaýar we işleýär — diýdi. Ýolaman mugallym, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde çykyş edendigiňizden habarymyz bar, ýöne bular barada özüňizden eşitmek has täsirli. Ýene nähili ýatlamalar ýadyňyza düşýär? — diýenimden ol:

—1992-nji ýylda Türkiýe döwletiniň Stambul şäherinde türkmen kompozitorlarynyň eserlerinden konsert berdik. 2000-nji ýylda Angliýada Magtymguly Jemgyýetiniň başlygy ildeşimiz alym Ýusup Azmunyň çakylygy bilen Angliýa, Germaniýa gidip şol ýerde kompozitorlar Nury Halmämmedow bilen Çary Nurymowyň 60 ýyllyk ýubileýi mynasybetli konsert gurap ýewropa kompozitorlarynyň eserlerinden saz çaldyk. Şonda ýarym aý töweregi iş saparda bolup, Angliýanyň ýedi şäherinde konsert bilen çykyş etdik. 1998-nji ýylda Germaniýanyň Bonn şäherinde Lýudwig Wan Bethoweniň zalynda konsert berdik. Solist bolup çykyş etmek miýesser etdi. 2001-nji ýylda ýurdumyza Germaniýadan gelen dirižýor, skripkaçy solist myhman bilen Türkmenistanyň döwlet simfoniki orkestriniň taýýarlan konsertinde bile çaldyk. Konsertiň taýýarlyk wagty 40 minut  arakesmeden soň myhman ýanyma gelip: «Sizden soň çalyp bilemok» diýdi. Niresini oňarmadymkam diýdim. «Ýok-ýok, siziň saz çalşyňyzyň täsirinden çykyp bilemok» diýip, uly baha berdi we soňra onuň maslahaty bilen Germaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan şol konsertdäki çykyşym üçin maňa gymmat bahaly goboý saz guraly sowgat berildi. Şol saz guraly häzirem öýümde bar. Şunuň ýaly ýakymly ýatlamalar kän. 1982-nji ýylda türkmen kompozitorlarynyň VII Gurultaýy boldy. Şonda Gurultaýa doganlyk halklardanam kompozitorlar gatnaşmaga geldiler. Gurultaýyň birinji günündäki konsertde kompozitor Rejep Rejebowyň goboý hem orkestr üçin konsertini, ikilenji gününde kompozitor Akmyrat Tagyýewiň goboý hem orkestr üçin konsertini Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň baş dirižýory Türkmenistanyň ilkinji pianinoçy zenany Gözel Ataýewna Annamämmedowanyň ogly — häzir RSFSR-iň halk artisti Myrat Annamämmedowyň dirižýorlyk etmeginde ýerine ýetirdik. Çykyşymyza ýurdumyza gelen myhmanlar öz pikirlerini aýtdylar. Olaryň «Ajaýyp goboýçy» diýip, maňa beren ýokary bahasyny «Weçerniý Aşhabat» gazetinde çap edilen makalada aýratyn nygtap ýazylmagy meniň üçin hiç wagt ýatdan çykmajak ýatlamaryň biri boldy — diýip, gürrüňini dürli ýyllarda dürli wezipelerde işländigi hakyndaky gürrüňler bilen dowam etdi.

Türkmen kompozitorlarynyň ählisiniň goboý üçin ýazan eserlerini ilkinji bolup ýerine ýetiren halypa Ýolaman Saryýew häzirki Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda dekan, kafedra müdiri wezipelerinde işläpdir. Ol teleradioýaýlymlarda, baýramçylyk dabaralarynda kän çykyş edip türkmen kompozitorlarynyň hem-de ýewropa kompozitorlarynyň eserlerinden konsert berdi. 1996-njy ýylda ussat sazanda ýörite çakylyk bilen Russiýa döwletiniň Krasnoýarsk şäherindäki opera we balet teatrynda orkestriň solisti bolup işleýär. Işiniň gapdalyndan ol ýerde hem häzirki sazçylyk akademiýasynda talyplary okadypdyr.

Bir gezek şeýle waka bolýar. Ýolaman mugallym Krasnoýarsk şäherindäki opera we balet teatrynda işläp ýörkä Ýugoslawiýadan Žuzeppe Werdiniň «Trawiata» operasyndan Wiolettanyň rolunda çykyş etmäge belli aýdymçy iş sapary bilen gelýär. Ýolaman mugallym şoňa sazandarlyk edeninde zaldaky «Brawo» diýip ýaňlanýan sesler onuň ruhy ganaty bolup joşgun berýär. Aslynda her bir saz guralyň özboluşly owazy bar. Simfoniki orkestrde haýsydyr bir saz guraly solo çalmakda saýlanýar. Siziň üçin şol saz gurallaryň haýsy birini solo saýlansa gowy görýärsiňiz? — diýenimizde ol:

— Her saz guralyň öz tembri ýagny, ses öwüşgini bar. Saz guralyň erbedi ýok. XVIII asyryň dünýä belli kompozitory Iozef Gaýdn öz döwründe simfoniki orkestriň düzümini düzüp ugraýar. Şondan bärem kämilleşdirilip gelinýär. Kompozitor eseri ýazmakda baş temany alyp barýar. Şonda ol haýsy saz gurala solo bermelidigini saýlap şol saz gurala solo berýär. Ýerine ýetirijisini kompozitoryň niýetlän saz guralyna görä saýlanyp alynýar. Elbetde, meniň üçin öz ýykgyn edýän saz guralymda çalmak has ýakyn hem ýakymly — diýip düşündirdi. Halypa mugallymyň döredijiligi, häsiýet aýratynlyklary dogrusynda kärdeşleriniň, şägirtleriniň aýdan gürrüňleri bolsa, onuň işine berlen ussatlygyny, talabediji mugallymdygyny subut edýär. Onuň köptaraply zehini, sazanda hökmünde ussatlyk aýratynlygyny hakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Kompozisiýa we gurallama» kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor Suhan Tüýliýew şeýle gürrüň berdi.

— Goboý saz guraly diýlende Ýolaman Saryýew göz öňüňe gelýär,Ýolaman Saryýew diýlende goboý saz guraly ýadyňa düşýär. Ýolaman Saryýew goboý saz guraly üçin dünýä gelen ýaly. Ol on ýaşynda häzirki iş ýeri bolan mekdep-internadyna okuwa girýär. Ony ilki baýan saz guraly hünärinden okuwa kabul edýärler, emma ol kiçiliginden goboý saz guraly bilen bagry badaşan ýaly okuwçy deň-duşlarynyň goboý saz senedini alyp, şolaň çalýan sazlaryny öwrenýär. Bir gün goboýçy mugallym Kakageldi Abdyýew Ýolamany bir sebäp bilen synp otagyna çagyrýar. Şonda ol Kakageldi mugallyma «Meniňem goboý saz guralyny çalmagy öwrenesim gelýär» diýýär. Şeýdibem ol ýaşlykdan başlanan uly yhlasy bilen  goboýçy bolup ýetişýär. Ýolaman Saryýew öňki soýuz döwletleriň arasynda-da ökde goboýçy hökmünde tanalýardy. Häzir bolsa onuň ussatlygyna «dünýä derejesinde tanalýan goboýçy» diýsegem öte geçdigimiz bolmaz. Ýolaman Saryýew halkara bäsleşiklerde-de emin agzasy bolup gatnaşýardy. Sazandalyga baha berilende edil bagşynyň ýa-da aýdymçynyň kalbyňy gozgap bilýän labzynyň bolmalydygy ýaly, sazanda-da çalýan saz guralynyň ses öwüşginini tapmaly. Ýolaman Saryýew örän seýrek goboýçylaryň biri. Saz guralyndan ýokary ussatlyk bilen owaz almagyň hötdesinden gelýär. Onuň goboýdan alýan owazy goýulygy, dykyzlygy hem  batlylygy bilen tapawutlanýar.Ýolaman Saryýewiň ýene bir aýratynlygy bar. Goboý ýekelikde çalynýan saz guraly şeýle hem, orkestriň saz guraly hökmünde ýerine ýetirijilik aýratynlygy bar. Bu aýratynlyklaryň ikisindenem Ýolaman Saryýew gowy baş çykarýar. Onuň goboýdan alýan üýtgeşik labzy bar.

2002-nji ýylda gargy tüýdük we kirişli saz gurallary orkestri üçin 2-nji «Pendi nagmalary» eserini ýazdym. Bu eseri gargy tüýdüge derek goboýda-da ýerine ýetirip bolýar. Häzirki wagta çenli şol eserimi goboý hem kirişli saz gurallarda ýerine ýetirilip gelinýär. 2003-nji ýylda bu eserimi halypa Aşyr Hojatowyň dirižýorlyk etmeginde Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplar orkestri bilen Ýolaman Saryýew ýerine ýetirdi. Ýolaman Saryýew goboý saz guralynda-da edil gargy tüýdügiň owazy ýaly ses öwüşginler bilen bezäp türkmençe çalyp diňleýjä ýetirdi. Ussatlarça ýerine ýetirendikleri üçin minnetdar bolup 2-nji «Pendi nagmalary» eserimi dostlarym Aşyr Hojatow bilen Ýolaman Saryýewe bagyşladym. Dünýä tejribesinde ýerine ýetirijilik aýratynlyklary bolan şeýlebir çalmasy özboluşly sazlar bar. Mysal üçin fransuz kompozitory Feodor Lalleniň «Wenesiýa karnawaly» eserinde ýerine ýetiriji goboýda çalyp durşuna ol saz guralyna demi bilen yzygider, özem esli wagtlap üfläp durmaly. Şeýle ýagdaýda saz çalmak aýratyn ýerine ýetirijilik usuly talap edýär.Ýolaman Saryýew eseriň bitin dowamynda burnundan dem alyp, şol sazy ýerine ýetirýär. Ine, şeýle ukyp başarnygyny ol şägirtlerine-de öwretmegi başarýar.Ýolaman Saryýew diňe bir ussat sazanda däl, ol saz gurallaryny ussatlyk bilen bejerýän halypa. Şägirtlerine sazandalygy bilen deň-derejede ussaçylyk hünärini-de öwredýär. Muhammetçary Annamyradow, Rahat Çaryýew,Tahyr Ahmedow we başga-da birnäçe ýaşlar Ýolaman Saryýewiň ussa hökmünde ýetişdiren şägirtleridir — diýdi.

Halypa kompozitoryň gyzykly hem täsirli gürrüňlerinden soňra Ýolaman Saryýew hakyndaky söhbedimizi Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary» kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Muhammetçary Annamyradow bilen dowam etdik.Ol:

— 1991-nji ýylda konserwatoriýa okuwa gelenimde hünär mugallymym Ýolaman Saryýew birinji kursdan okadyp başlady. Ol şol wagtlar Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynda solist bolup işleýärdi hemem işi bilen utgaşyklylykda konserwatoriýada talyplara sapak berýärdi. Ýolaman mugallym  goboý saz guralyny çalmakda-da ussat, şägirtlere öwretmekde-de ussat. Üçünji ýyllyk talyp döwrüm Gazagystan Respublikasynda geçirilýän «Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallarynyň» halkara bäsleşigine gatnaşmaga gitmeli boldum. Şonda halypam Ýolaman mugallym diňe bir sapakda däl, «Bäsleşikde hökman ýeňiji bolaýmaly» diýen derejede meniň bilen gije-gündiz türgenleşik geçip şeýlebir taýýarlady. Şol Halkara bäsleşigiň ýeňijisi bolmagymy diňe halypamyň yhlasly zähmetiniň netijesi hasaplaýan. Ol ähli şägirtlerini-de şonuň ýaly taýýarlaýar. Şonuň üçin meniň bilýänlerimden dokuz sany ýeňiji bar. Onuň ýetişdiren şägirtleriniň ählisi diýen ýaly ýurt hem halkara derejesindäki bäsleşikleriň ýeňijisi. Olaryň arasynda mekdep okuwçylary-da, orta mekdebiň uçurymlary-da bar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň döwlet simfoniki orkestrinde solist bolup işläp ýören Didar Ýomudow, Döwletmämmet Ökdirow Ýolaman halypanyň ýetişdiren şägirtleri. Halypam her bir halkyň saz eserleriniň nähili ýerine ýetirilişiniň aýratynlyklaryny gowy bilýär we düşündirmäge ökde. 2017-nji ýylda oglum Maksat Annamyradow hem  ýeňiji boldy. Ol hem halypamyň elinden tälim aldy. Mundan başga-da, ol şägirtlerine durmuşda hem atalyk maslahatlaryny berýär. Öýlenenimde: «Sungatyňa dogry düşüner, özüň ýaly sungata düşünýän maşgala bilen durmuş gur!» diýip maslahat beripdi. Ol daşary ýurtlaryň ençemesinde uly-uly sahnalarda çykyş etdi. Daşary ýurtly sazandalar bilen, kompozitorlar bilen pikir alyşmagy diýseň gowy görýär. Munuň üstesine-de ol, birden saz guralyň näsazlyk tapaýan pursadynda ussatlarça ussaçylykdanam baş çykarýar.

Krasnoýarsk şäherindäki sazçylyk mekdepde işlän döwri ol gutardyş talyplaryň synag toparynyň başlygy bolýar. Ekzamen başlaýar welin, şol ýerdäki 80-85 adamlyk orkestriň öz goboýçysy bir sebäp bilen gelmändir. Onsoň Ýolaman mugallym türgenleşiksiz, duýdansyz sahnada solist bolup çykyş etmeli bolýar. Şonda konsert başlanan ýaly edýär-de, nätanyş dirižýor elindäki taýajyklary galdyryp solistiň ýüzüne seredýär-de, geň galyjylyk bilen saklanýar. Soňra ýene-de ol ýuwaşlyk bilen  öz işini dowam edýär. Çykyş tamamlanansoň welin, ol Ýolaman halypany uly hormat bilen gutlaýar.

Kompozitor Röwşen Nepesowyň Ýolaman Saryýewe bagyşlap ýazan konsertini maňa ilkinji bolup çalmak miýesser etdi — diýip gürrüň berdi.

Muhammetçarynyň gürrüňini kärdeşi, ussat sazanda Dürjemal Çaňlyýewanyň aýdan ynha, şu gürrüňleri bilen dowam edýäris. Dürjemal mugallym Ýolaman Saryýewiň döredijiligine juda uly sarpa goýup şeýle baha berdi. Ilki bilen ol Ýolaman Saryýewiň ýewropa saz guralyny çalýandygyny belläp:

— Ol halypa sazanda. Halkara dilinde «maestro». Sungaty bilen özüne hormat goýduryp bilýär. Üflenip çalynýan saz gurallaram beýleki saz gurallary ýaly irginsiz zähmeti talap edýär. Ýolaman Saryýew ökde mugallym bolansoň, özümem ondan sapak alýan. Ol dünýä belli mugallymlardan sapak alypdyr. Talyp döwri her gezek halypasy oňa diňe «horoşo» diýip gowy tarapdan baha berip durýan eken. Şonda ol «Mugallym, maňa ýöne «horoşo» diýip durman pugta öwrediň!» diýipdir. Şondan soň professor oňa şeýlebir sapak berýär. Ana, şonuň netijesini ondan görüp bolýar. Onuň özem birnäçe halkara derejeli ýeňijileri ýetişdirdi. Saz çalmak üçin aýratyn zehin gerek. Zehiniň bolaýanda-da ilkinji ädimlerde şol zehiniňi açyp, dogry ýola gönükdirmek üçin Ýolaman Saryýew ýaly halypa gerek. Synp otagymda Oraz Saryýew bilen Ýolaman Saryýew (hiç hili garyndaş däl) ikisiniň Çary Nurymowyň fleýta we goboý hemem kamera orkestr üçin döreden 1-nji destan konsertini Türkmenistanyň halk artisti Aşyr Hojatowyň dirižýorlyk etmeginde ýerine ýetirýän pursadynyň suraty bar.

Ýolaman mugallymyň häsiýeti gönümel, sagatly işlemek endigi bar. Bu diýdigim oňa sagat plançada plan ýerde görüşmeli diýen ýaly söz berdiňmi  garaşdyrman şol sagatda baraýmaly. Onuň özem şeýle, sözi bilen hereketi deň gelýär, diýen wagtyndan öň barýar ýöne, hiç kimi garaşdyrmaýar. Ýolaman mugallymyň ýene bir aýratynlygy juda köp okaýar. Onuň şeýlebir gyzykly gürrüňleri bar. Şol gürrüňleri bilenem bir zatlar öwredýär — diýip, ondan eşiden gyzykly gürrüňleriniň käbirlerini aýtdy. Makalamyzyň has uly bolmazlygy üçin ol gürrüňleri bu gezekki ýazgymyza goşmakdan saklandyk.

Akgül Saparowa.

 

 

 

Ýene-de okaň

Oguljeren Işangulyýewa:sungat durmuşynyň manysy

Nobatguly Rejebow: topragyň tagamy siňen eserler

Ata Watan Eserleri

Gylyçmyrat Kakabaýew:Watan baky aýdym

Ata Watan Eserleri

Ada Gutlyýew: ylahy zehiniň sergisi

Çary Geldimyradow: ylhamy ganatly halypa

Ata Watan Eserleri

Gurbanjeren Meredowa: kino terjimeçiliginden başlanan tanyşlyk