ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Çary Geldimyradow: ylhamy ganatly halypa

Bir-iki hepdelikde kärdeşim Meretmämmet Hanmämmedow bilen jaňlaşdyk. Gürrüňdeşligimiz halypalar hakyndaky söhbede syrykdy-da, Çary agany ýatladyk. Ol: — Çary Geldimyradow köptaraply tejribeli halypa. Onyň pensiýa çykandygyny eşidip, baş redaktor wagtym «Dünýä edebiýaty» žurnalyna işe çagyrdyk. Zehinine, adamkärçiligine ýakyndan göz ýetirdim. Sypaýy, işjanly ýaşuly. Ilki neşiri goýberiji, terjimeçi, edebi işgär boldy, soňra ýene terjimeçilige geçdi. Ol žurnala täze-täze ideýalar bilen geldi. Okyjylaryň aýdyşy ýaly žurnalyň ýüzi täzelendi, sahypalaryny täze rubrikalar bezedi. «Kim näme terjime edýär?» rubrikasy Çary aganyň teklibi bilen açyldy. Ýurdumyzyň belli terjimeçileri Daňatar Berdiýew, Atajan Tagan, Kakabaý Gurbanmyradow dagy bilen özboluşly söhbetdeşlikler gurady. Annaly Berdiýew, Şadurdy Çaryýew, Aşyrberdi Kürt, Gurbannazar Ezizow, Kerim Gurbannepesow, Gurbandurdy Gurbansähedow, Aleksandr Aborskiý we başga-da meşhur terjimeçi, ýazyjy-şahyrlar barada ýakymly ýatlamalar bilen çykyş etdi. Ençeme ýaş terjimeçileriň romanlaryny, powestlerini, hekaýalaryny redaktirledi.

Bilýänsiňiz, «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň okyjylaryň terjimeçilere sowalnama bilen ýüzlenen rubrikasynda terjimeçileriň beren jogaplary bardyr. Şol rubrikany teklip eden hem onuň sowallaryny taýýarlan Çary Geldimyradow. Belli hem-de ýaş terjimeçiler anketanyň sowallaryna jogap berip,  terjime sungatyndaky tejribeleri bilen okyjylar köpçüligini tanyşdyrypdylar. Çary aganyň dili gowy, türkmen dilini gowy bilýär. Ol çeper terjime, sözme-söz terjime, erkin terjime ýaly bu sungatdaky duşýan ugurlar barada-da öz pikir-garaýyşlaryny öňe sürýän ençeme makalalar ýazdy. Şol makalalar terjime sungatyndaky derwaýys meseleleri ýüze çykarýardy. Şonuň üçin makalalar okyjylaryň arasynda gyzgyn seslenme döretdi — diýip gürrüň berdi.

Çary aganyň: «Çeper terjimäniň dürli ugurlary boýunça ýörite teoretiki gollanmalaryň ýazylmagyna wagt ýetdi» diýen pikiri ýadyma düşýä. Onuň terjimäniň köklerini yzarlap, bu barada kandidatlyk, doktorlyk işleri ýazylsa, munuň diňe bähbide boljakdygy baradaky teklibi-de dogrusy, terjimeçilik sungatynyň häzirki ösen döwrüne bap gelýär. Meretmämmet, öň Çary agany diňe ýazyjy, žurnalist hökmünde metbugatyň üsti bilen gaýybana tanaýardym. Agam Aşyrberdi Kürt köplenç «Çary jan» diýip ýatlaýardy. «Çary publisistik makalalary has gowy ýazýa, ýöne beýle dişli makalalary uzak ýazdyraýarmykalar oňa diýýärler» diýip aladalanýardy welin, o mahallar Çary agany ýakyndan tanamamsoň: «Agamyň özi ýaly gönümel adam bolmaly. Häsiýetleri deň gelýändir-dä» diýip pikir edýärdim. Onuň şo döwürlerdäki metbugat sahypalarynda çap bolan degişmelerinden, söhbetdeşliklerinden ýygnap goýanlary häzirem agamyň arhiwinde bar. Halypa terjimeçidigini soň bildim.

— Çary aga öňem terjime edýärdi, ýöne öň ol göwrümli eserleri terjime etmändi. Diňe göwnüne ýaran, ruhuna laýyk gelýän, onçakly çylşyrymly bolmadyk hekaýalary terjime edipdi. «Dünýä edebiýaty» terjime žurnaly. Şonuň üçin bu ýere işe gelensoň, terjimeçilige başgaça çemeleşip ugrady. Sebäbi döwür şony talap edýärdi. Sözme-söz, çig-çarsy terjimeleriň möwriti ötüp, bu sungatyň täze eýýamy başlanypdy. Işe başlan ilki günleri oňa Nobel baýragyna mynasyp bolan ýazyjy-şahyrlar baradaky makalalary terjime etmegi, soňra meşhur iňlis ýazyjysy Migel de Sewantesiň «Ispan gözeli» atly göwrümli nowellasynyň rusça nusgasyny terjime etmegi tabşyrdyk. Eser şowly çykdy. Onsoň italiýaly syýahatçy Marko Polonyň «Dünýäniň köpdürlüligi hakynda kitabynyň» terjimesini ynandyk.  Bu terjimeleri žurnalyň 2014-2015-2016-njy ýyllardaky sanlarynda okyjylara ýetirildi. Çary aganyň terjimeçilik derejesine uly baha berlip, 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň baýragy bilen sylaglandy. Şol ýylda Migel de Serwantesiň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren «Don Kihot» romanyny türkmen okyjylaryna ýetirmek makul bilindi. Belli terjimeçi Daňatar Berdiýewem bu eseriň bir babyny «Magaryf» neşirýatynyň haýyşy boýunça türkmençä terjime edipdi,  ýöne dolulygyna terjime etmegi boýun almandyr. Sebäbi roman hersi 600 sahypadan geçýän iki tomdan ybaratdy. Eser üç ýylda terjime edilmelidi. Çary aga birbada ýetişmerin öýdenem bolsa, tabşyrygy bellenen möhletinden iki aý öň tamamlady. Belki, ondanam öň tamamlardy, ýöne  arasynda redaksiýanyň başga ýumuşlaryny-da bitirmeli boldy.

— Şu aýdýan gürrüňleriňizdenem Çary aganyň zähmetsöýerligine göz ýetirip bolýar. Onuň «Watan» gazetinde işlän döwründe taýýarlan «Çaý başynda», «Şadyýan şenbe», «Watannama», «Hatlardan habar alyp…», «Edep», «Gözýetim» atly sahypalaryny häzirem wagtal-wagtal okaýan. Onuň Nazar Nurýagdy, Dörtguly Rejebow, Ata Mertebe, Goçly Mirim, Aşgabat Şäherli, Adyl Ýolly, Weli Sepidow ýaly lakamlary ulanandygyny köpler bilýänem däldir. Çary aganyň döredijiliginiň özüne çekijiligi diliniň sadadan halkylygy, makala ýazanda-da gurak sözlemler bilen däl-de, duýgy bilen ýazylýandygy, beýan edilýän wakalaryň pursatlar arkaly dürli maglumatlar bilen bezelmegi çeper eser ýaly täsir edýär. Okalanda ýeňil okalýandygy üçin, uly göwrümli makalalary-da dowamyny soň okaryn diýdirenok, soňuna nähili ýeteniňi duýman galýaň. Ol durmuş hem döredijilik ýolunda toplan tejribelerini, halypalardan öwrenenlerini okyjylara ýetirmek maksady bilen galama ýapyşýar. Köplenç jaň üsti bilen ýa-da ýolda-yzda sataşyp gürrüňdeş bolnanda, onuň bile işleşen kärdeşleri barada buýsanç bilen tolgunyp aýdýan ýatlamalaryndan hakyky zehinli adamlara juda arassa ýürek bilen hormat goýýandygyna göz ýetirip bolýar. Bir zatlar maslahat sorap sala salsaň, bilýänini  jany-teni bilen düşündirip, jomartlyk bilen öwredýär. Haçan jaň edip: — Halypa, pylan sözüň nähili manysy barka? — diýseň, «Häzir, wagtyň bolsa biraz garaş, sözlügi göreýin» diýer. Kitap tekjesinden gözlemelidir öýdersiň, emma dessine «Sözlügiň pylanynjy sahypasynda şeýle düşündiriş berilýär» diýip eglenmän jogap berýär. Onuň gerekli zatlarynyň eliniň aşagyndalygynyň özi «gije-gündiz irginsiz işleýän bolmaly» diýdirýär. «Don Kihotyň» terjimesiniň şowly çykandygy üçin Çary aga sag bolsun aýdyp jaň eden okyjylar kän boldy. Žurnalda ýygyrak çykyş edemsoň, şol redaksiýada işleýändir öýdüp, soň-soňlar maňa-da telim gezek jaň geldi. Käbir okyjylary bilen köneden tanyş ýaly bolduk, ýöne garaşylmadyk ýagdaýlar gabat geläýýär. Bir gezek onuň Mary welaýatyndaky okyjylarynyň biri Atajan Berdiýewe jaň aýladym. Ýaşulynyň el telefonyny gyzy aldy. Ol: «Kakam ähli kynçylyklary ýeňip bilýän adamdy, ýöne nägehan ajaly ýeňip bilmedi. Kakam «Dünýä edebiýaty» žurnalyny açylaly bäri ýazylyp okaýady. Indi yzyny özüm dowam edýän. Menem «Dünýä edebiýaty» žurnalyna ýazyldym» diýdi. Şonda Çary aga bu gürrüňi aýtdym welin ol: — Waheý, bolmandyr, Atajan agaň jaýy jennetden bolsun. Gaty okumyş kişidi. Esasy käri iňlis dili mugallymydy. Mundan başga-da birnäçe Ýewropa dillerini bilýädi. Aýdym-saza-da ökdedi. Ikimiz başda gaýybana tanyşdyk. Soň ýüzbe-ýüzem duşuşdyk. Onuň bilen agasy, belli türkmen aktýory, režissýory Annamyrat Berdiýewiň sadakasynda iki-üç  ýyl mundan ozal gabatlaşdyk. Atajan aga-da agasy ýaly köptaraply zehinlidi. Ol: «Nesip bolsa men size (Ol ýazyjy Atajan Tagan, terjimeçi Myrat Goşlyýew üçimizi göz öňünde tutup aýdypdy) pianinoda türkmen sazlaryny çalyp bererin. Oba geliň. Oturarys, dynç alarys, meýdana çykarys…» diýipdi. Atajan agaň gowy edähedi bardy. Ol «Dünýä edebiýaty» žurnalynda çykýan eserleri asyl nusgasy bilen deňeşdirip okaýady, terjimeleň üstün hem asgyn taraplaryna baha berip bilýädi. Özem türkmen diliniň aşygydy. Terjimelerde unudylaňkyrlan türkmen sözler gabat gelse, ýörite öýe til kakyp, minnetdarlyk sözlerini gysganman aýdardy. Şol del sözleri dile getirip (aznawur, gyltyz, dakyka, beýewbar, gulgula…), olary il-günüňem gaýtalap, täzeden sözlük baýlyklaryna girizýändigini gara çyny bilen aýdýady. Atajan agaň yzy dowamat bolsun. Onuň höwes bilen okan žurnaly nesilleriniňem elinden düşmesin! Žurnalymyz Atajan agaň ojagyny ýyladyp dursun, Atajan agany nesillerine ýatladyp dursun. «Atalaň ýoly — nesilleň ýoly» diýipdirler — diýip dileg etdi.

«Don Kihot» Çary Geldimyradowyň göwrümli terjimeleriniň çür depesidir — diýen okyjylar bar. Halypa ýazyjy Atajan Tagan «Ýazyjy hem ezber terjimeçi Çary Geldimyradowyň «Don Kihoty» düşnükli, sada, çeper türkmen diline geçirmek üçin çeken abyrsyz zähmetiniň ýerine düşendigine romanyň okyjysy hökmünde ynanýaryn» diýip baha berdi.

Çary aga ömrüni metbugata bagyşlan az sanly halypalaryň biri. Ol 5 ýyl Aşgabat etrabynyň «Zähmet» gazetinde, 25 ýyllap «Edebiýat we sungat» gazetinde, 18 ýyl «Watan» gazetinde, pensiýa çykansoň, 2013-nji ýyldan bäri «Dünýä edebiýaty» žurnalynda işläp gelýär. Zähmet weterany, «Magtymguly Pyragy» medalynyň eýesi.

— Öz döwründe SSSR Žurnalistler birleşiginiň, SSSR Ýazyjylar birleşiginiň agzalygyna kabul edilen halypa. O döwürlerde uly halypalaryň synagyndan geçmeseň «Edebiýat we sungat» gazetine işe girmegem aňsat däl eken. Çary aga onlarça ýylyň dowamynda türkmen ýazyjy-şahyrlarydyr sungat wekilleriniň birnäçesi bilen işleşip, ýakyndan duz-emek boldy. Milli edebiýatymyzda, sungatymyzda yz goýan halypalaryň köpüsi häzir aramyzda ýok. Olary ýagşylykda ýatlap, tirsegine galdyrmak sogap iş hem parzymyz. Çary aganyň olary ýatlap ýazýan uly-uly ýatlamalary biri-birinden täsirli. Ýaşlar üçin-ä hasam gerekli makalalar. Ötüp-geçen halypalaryň köpüsini suratlaryndan tanamak üçinem Çary aga ýaly halypalar gerek — diýip, Meretmämmet ýüregi bilen hormatlap pikirini aýtdy.

Ol mamla. Çary agany ýüzbe-ýüz tanap ýörenime 20 ýyl töweregi boldy. Ogly Eziz bilenem redaksiýamyz aýry bolsa-da bir edarada işledik. Diňe kakasy däl, ejesi Ogulsenem Taňňyýewa-da (gelnejäniň jaýy jennet bolsun) ýazyjy bolansoň, Eziziňem döredijiligi gowy. Indi biz olar bilen maşgalamyz bolup gatnaşýas. Ýygy-ýygydan jaňlaşyp hal-ahwal soraşýas. Çary aga Ýewgeniý Berezikowyň «Emir Teýmir» atly taryhy romany, Piter Şefferiň  «Amadeý» sahna eseri, Gerbert Uellsiň «Gaýyp» romany ýaly çap edilen hem-de indi çap edilmeli uly göwrümli terjimeleri hakynda sowal berýän. Öňde goýan maksatlary bilen gyzyklanýan. Halypanyň döredijilik etsem-goýsamlary kän, esasan terjime eserlerini, ýatlamalaryny, terjime bilen baglynyşykly makalalaryny, publisistik eserlerini bir ýere jemläp kitap görnüşinde taýýarlap ýör. Ol 1987-nji ýylda «Magaryf» neşirýatynda  çap bolan «Çykalga» atly gülküli hekaýalar ýygyndysyny, 1981-nji ýylda «Türkmenistan» neşirýatynda çap bolan «Lälik» atly satiriki hekaýalar ýygyndysyny, şeýle-de «Dünýä gülýär»  hem-de «Gören-eşidenlerimden habar bersem…» atly kitap görnüşde çapa taýýar edip goýan ýygyndylaryny  ýadygärlik ýazgylary bilen sowgat berdi. 1982-nji ýylda «Magaryf» neşirýatynda çap bolan «Rahatlyk» atly çagalar üçin hekaýalar ýygyndysyna: «Akgül! Şujagaz çaklaňja çagalar üçin ýygyndymy pensiýa çykyp, keýpiň tutan çagy, nesip bolsa, ogluňdan önjek agtyklaryňa okap berersiň,  ýagşy arzuw-niýetler bilen — awtordan ýadygärlik» diýen ýazgy ýazypdyr. Her gezek  okanymda kalbymda tolgunma duýgusy döreýär. Arassa ýürek bilen birek-birege ýakymly söz aýtmagyň özem ruhlandyrýar. Bu çaklaňja kitapdaky oba durmuşyndan ýazylan hekaýalary häzirki wagtda-da gaýtadan täze elipbiýde okyjylara ýetiribermeli. «Gören-eşidenlerimden habar bersem…» atly ýygyndysy bolsa, ençeme ýyl bile işleşen kärdeşleri, dost-ýarlary bilen bagly pursatlar hakynda ýazylan gysgajyk kyssalaryň toplumy.  Ondaky gürrüň berilýän manyly pursatlaryň özboluşly aýratynlygy bar. Birinde ussat terjimeçi (Anton aganyň) Annaly Berdiýewiň gazet sahypasynda berilýän makalalara gyssagly ýagdaýda giriş ýazmaga ökdedigi, ýene birinde milli saz sungatymyzyň sütün halypalarynyň biri Mylly aganyň kärdeşleriniň maşgala durmuşy barada aladalanyp, olara ýardam beren belent adamkärçiligi bilen bagly pursat, başga birinde meşhur «Aýgytly ädim» çeper filmindäki Aýnanyň hüwdüsini ilki ussat aýdymçy Medeniýet Şahberdiýewa ynanylandygy, onuň bolsa şol hüwdini mahmal owazly kärdeşi Güljan Hümmedowa ýerine ýetirse has şowly boljakdygyny salgy bermegi bilen bagly pursat ýaly dürli-dürli wakalar gysgajyk beýan edilýär. Şol kyssalaryň her birinden öwrenere zat kän.

Öňräk 4-5 ýyllykda kärdeşlerimiz bilen Çary aganyň terjimeçilik sungatynda bitiren işleri hakynda özara gürrüň etdik. Şonda halypalaryň biri terjimeçi ýazyjy Amangeldi Goşaýew: «Her gezek «Don Kihoty» terjime etmek hakynda gürrüň gozgalanda: «Allajanlarym, «Don Kihoty» türkmençe nähili gürletmeli borka?» diýip, öz-özüme sowal bererdim. Indi, görüp otursak, mundan kän bir gorkup hem oturmaly däl ekeni. Töwekgelçilikden çekinmeýän galjaň, her setire, her söze dümtünip oturmagy endik edinen adam dikdüşdi Don Kihotam, köpbilmiş Sanço Pansanam iň esasy-da, hakdan içen Serwantesiň ezber tilsimlerini türkmen okyjylaryna doly ýetirip biljek ekeni. Ýeke men däl eýsem, «Dünýä edebiýatyny» okaýanlar 2017-nji ýylyň başyndan bäri bu aýdylýanlaryň hakykatdygyny tassyklasalar gerek. Biygtyýar gülkimizi tutdurýan, birdenem durmuş, ömür hakda çuň oýa batyrýan ajaýyp kitaba (asyl, oňa dessan diýäýesiňem gelip dur!) ahyry gowşandygymyza begenýäris, terjimeçi Çary Geldimyradowa bolsa, ýadamada dowam et, enşalla, kesbiňden kemal taparsyň diýesimiz gelýär — diýip žurnalymyzda ýöne ýere ýazmadym — diýdi. Onuň gürrüňiniň üstüni zehinli  terjimeçi Maksat Bäşimow: «Romanyň diliniň üstünde aýratyn saklananyňa degýär. «Don Kihot» terzdäki kyssany terjime etmek üçin türkmen dilinde beýan edişiň täze-täze ýollaryny arçap, terjime sungatymyzda heniz ulanylmadyk usullara ýüzlenmeli bolýar.Tejribeli terjimeçimiz Çary Geldimyradow, meniň pikirimçe, bu işden ussatlyk bilen baş alyp çykypdyr. Çary aganyň terjimä girişmezden öň ýaýdanyp ýörşüni göremsoň, onuň bu işiň nähili uly jogapkärçiligi talap edýändigine turuwbaşdan düşünendigini bilýärdim, şoňa görä-de yhlasy ýerine düşdi. Terjimeçiniň ezberliginden, Sanço Pansanyňam ýaňralygyndan bir parçany mysal getirsek ýerlikli bolar: «— … Hany aýdyň, araňyzda Pelegiň çarhyna myh kakdym diýip öwnüp biljegiňiz barmydyr? Elbetde, ýokdur, onsoň, ha:tynyň «hawasy» bilen «ýogunyň» arasyna özüm-ä temençäň ujyny-da sokup durmazdym. Barybir sygmaz…

— Şeýtanyň jarçysyna dönen Sanço, sen sem boljakmy ýa ýok? — diýip, Don Kihot durup bilmän walalaýlady». Eser boýdan-başa şunuň ýaly nepis sözlerden dokalan. Şonuň üçin bu kitabyň entek-entekler möwriti ötmez, gaýtam, wagt degirmeniniň çarhy aýlandygysaýy adam aňynda elenip, hasam pähim-paýhasly görünse gerek — diýdi.

Kärdeşlerimizden Çary aganyň soňky ýyllardaky döredijiligine degişli şular ýaly öwgüli sözleri kän eşitdim. Bu gürrüňleri diňläp oturşyma onuň irki döwürlerdäki döredijiligine nähili baha berildikä? — diýen pikir kelläme geldi. Onsoň dürli ýyllarda çap bolan neşirlere ýüzlendim. Olardaky ýazgylardan ýazyjynyň has irki döredijiligine syn berlip, geljegine umyt bildirilip ýazylan makalalardan käbir parçalary ýazyp aldym. «Sowet edebiýaty» žurnalynyň 1977-nji ýylyň 1-nji sanynda filologiýa ylymlarynyň kandidaty Ahmet Bekmyradow: «Çary Geldimyradow satiriki hekaýalary ýazmaga ýykgyn edýär. Birneme ownukçyllykdan gaça durup, irginsiz işlese, gözlese onuň şu günki edebiýatymyzda rowaçlanybermeýän bu žanrda yz goýjagyna ynanýaryn. Aýratyn-da onuň hekaýalarynyň çeper dili göwnümden turýar» diýip ýazsa, ýazyjy Bazar Guzybaýew bu žurnalyň 1972-nji ýylyň 1-nji sanynda ýazan makalasynda:  «Prozaçy Çary Geldimyradowyň geljegine umydym uly.Ýazýan zatlary tüýs durmuş. Onsoňam, ol hekaýalarynda guraksy beýan etmän, «Etek alty, ýeň ýedi» herekete ýykgyn edenok. Gahrymanlaryny çuňňur psihologizme, şadyýan ýumora ýugrulan häsiýetler bilen bezemäge çalyşýar. Prozada-da häsiýet esasy zat» diýip ýazypdyr. Görşümiz ýaly halypalar onuň döredijiligine pikirlerini aýdyp, ýazyja ýaşlygyndan uly ynam bildiripdir.

Çary aga nesip bolsa, şu ýylymyzyň ahyrynda 75 ýaşa gadam basýar. Ol 1950-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Aşgabat şäherinde doglan. 1965- ýylda şäheriň 26-njy orta mekdebinde 7-nji synpy tamamlap, okuwyny 13-nji işçi ýaşlar mekdebinde dowam etdirýär hem-de şol ýylyň 1-nji iýunyndan Aşgabat etrabynyň «Zähmet» gazetinde korrektor bolup işe başlaýar. 1970-nji ýylda ol «Edebiýat we sungat» gazetine işe girýär we 1995-nji ýyla çenli dürli wezipelerde işleýär. 1995-nji ýylda ol «Watan» gazetine işe çagyrylýar. Şol ýerde-de hormatly dynç alşa çykýança edebi işgär, jogapkär kätibiň orunbasary, bölüm müdiri, jogapkär kätip bolup işleýär. Ol 1981-nji ýylda Aziýa we Afrika ýurtlarynyň raýdaşlygynyň sowet komitetiniň prezidumy tarapyndan hormat haty hem-de medal bilen sylaglanýar. Onuň döredijiligine dürli döwürlerde ussat halypalar öwgüli sözler bilen baha beripdirler. «Çary Geldimyradowyň satiriki-ýumoristiki hekaýalaryny üns berip okanymda, onuň tema saýlap bilşine-de, çeper dil bilen beýan edişine-de gaty pisindim oturýar. Ol mylaýym äheňli, ýiti duýguly hekaýalary gaty köp ýazypdyr. Durmuşyň derwaýys meselelerine-de içgin, duýgurlyk bilen ýüzlenmekligi ussatlarça başarýar», «Çarynyň hekaýalarynda özboluşlylyk bar. Dili gowy. Dogumlylygy bar. Ilkinji jümleden özüne çekýär», «Edebiýatda esasy zat — dil. Çary Geldimyradowyň obrazly dili bar. Ol taýýarlykly gelen ýazyjy. «Sagat bagy» hekaýasynda başlyga işgärleri sagat bagyň bir toparyny getirýärler. Şunda hem gülýäň, hem doýmaz-dolmaz adam göz öňüňe gelýär. «Şonda-da bir oýlanyşaly», «Wezipe ýelgini», «Barýarka düşünersiň» atly hekaýalary hakyky durmuşy wakalar. Oýlandyrýan meseläni gozgaýan «Garaşylmadyk ahwalat» diýen hekaýasy has-da oňat çykypdyr», «Çary Geldimyradowyň hekaýalary pakyrdap gülünýän hekaýalardan däl. Ol dogry  edipdir. Sebäbi pakyrdap gülünýän eserleriň mazmuny bolgusyz, ähmiýetsiz, boş wakalar bolup, ýöne gülüşdirmek üçin gep oýnatmak, ýa-da tutuş gödek, samsyk, wäşi hekaýalar bolýar. Çarynyň hekaýalarynda wakalar ýylgyrdýar, hem gynandyrýar. Hekaýalarynda ahlak meselesine köp üns berýär. Çylşyrymly, düýdansyz wakalary tapyp bilýär. Gahrymanlaryň häsiýeti, üzül-kesil aýratyn-indiwidual. Wakalary toslap tapanok. Göni durmuşyň bir parçasyny alýar. Töweregimizde günde bolup duran zatlardan many çykarýar. Eserlerinde satira, ýaňsylama, utandyrma agdyklyk edýär», «Çary Geldimyradow adam häsiýetindäki ýaramaz gylyklar hakynda guraksy gürrüň etmän, onda durmuşda, işde göze ilýän hereketlerini ynandyryjy delillendirip, olara köpüň ünsüni çekýär. Ýene-de bir gowy tarapy, ol okyjynyň aňyna güýçli täsir etmek ýa-da onda ýaramaz häsiýetlere aşa ýigrenç döretmek maksady bilen durmuş hakykatyndan üzňe, seýrek duş gelýän hadysalary ulanýar. Ýazyjynyň dili baý, ol meňzetmeleri, deňeşdirmeleri ýerlikli ulanýar», «Çary Geldimyradow sagdyn pikirli temalara köp üns berýär. Has gowy tarapam jemgyýetiň ösmegine päsgel berýän ýönekeýje kemçiliklerem gözden salmaýar. Eger onuň eserlerini şo hili adamlar okaýsa, onda onuň öz ýalňyşyna düşünip dogry ýola gönükmegi gaty mümkin zat. Bilşimiz ýaly kemçiliklerem iň ilki kiçijik zatlardan başlanýar. Çary şony duýýar. Bu hili inçeden yzarlap duýmaklyk bolsa, tüýs ýazyja gerek häsiýetdir», «Çary Geldimyradowyň hekaýalaryny höwes bilen okaýaryn. Sebäbi olarda durmuşy görýärin, olara ynanýaryn, gülýärin, gynanýaryn»…Ynha, şunuň ýaly ýazgylar başga-da kän. Döwlet derejesinde ykrar edilen halypalar Çary aganyň irki döwürlerdäki döredijiligine şeýle uly baha beripdirler. Halypalaryň bildiren ynamyny ödäp, durmuş tejribesiniň uly mekdebini geçen ýazyjy Çary aga durmuş synaglarynda taplanan ýaşuly. Ýaş döredijilere ömür menzilinde toplan baý tejribesini irginsiz öwretmekde uly hyzmat bitirýän halypalaryň biri. Haýran galýan. Käte: — Çary aga, bir zatlar ýazdym welin, wagtyňyz bolsa diňläýiň-dä! — diýip jaň üsti bilen okap berýän. Ýüz görmesi ýokdur. Okap başlanyňdan göwnüne ýarasa-ha soňuna çenli diňleýä. Sesinden duýup bolýa, halasa-ha berekellaňy ýetirip, çyny bilen begenýä. Halamadyk bolsa, bir agyz «Aý, ýok» diýensoň, okamaga miltiň ýokdur. Telefonda ýüzüni görmeseňem, sesiňi tapba kesip, kürtdürip durýaň. Oturan ýeriňde ýüzüň lap-lap gyzyp, özi birzatlar aýdýança gürlemäge ýaýdanýaň. Özem şeýlebir ünsli diňleýä. Gowy ýazylan makalaň bolsa-da, ýekeje bogun bilen sözlemiň büdreýändigini derrew duýýa. «Dur, pylan ýerini gaýtadan oka, ýa-da pylan sözüňi düzet!» diýip aýdýa. Kämilleşmegiň üçin bolsa, Çary aga ýaly arassa ýürekli, gönümel halypalaryň belligi hökman gerek. Çary agany ýüzbe-ýüz görmedik wagtymam ýazýan makalalaryndan onuň gönümel häsiýetlidigini aňýardym. Şeýle-de bolsa, onuň bilen gürrüňdeş bolasym gelýärdi. Ýalňyşmasam 2005-nji ýyldy öýdýän. Ol wagtlar Çary aga «Watan» gazetinde jogapkär kätip bolup işleýärdi. Bir gün onuň iş otagynyň gapysyny kakdym. «Giriberiň!» diýen ses eşidildi. Gapydan girişime salam berdim-de: — Saglyk-amanlyk soraşmaga geldim, Çary aga! Men Aşyrberdi Kürtüň jigisi — diýip özümi tanyşdyrdym. — Tanadym, Akgül, geliň, geçiň oturyň! — diýip mürähet etdi. — Öý-içeriler gurgunçylykmy, gün-güzeranyňyz  bir mydar barmy? Bizlik näme kömek gerek? Bagyşlaň, iş-güýç bahanasy bilen habaram tutmandyrys. Aşyrberdi aga bilen gadyrly gatnaşdyk, halyňyzdan özümiz habar almalydyk — diýip, bir topar pursatlar bilen agamy ýatlady. — Aşyrberdi aga ähli kitaplaryny maňa öz eli bilen söwgat berdi. Ol soňky gezek duşanymyzda: «Iş ýeriňe gelen wagtym «Biler bolsaňyz» atly kitabymy hem getirip bererin» diýipdi. Jaýy jennet bolsun, halypamyň — diýip ýagşy doga-dilegler etdi. Onuň türkmençiligiň inçe taraplaryny juda gowy bilýän, gepi-sözi ýerlikli, halypadygyna göz ýetirdim. Hoşlaşyp gaýtjak wagtym: — Çary aga, «Biler bolsaňyz» atly kitaby agam ýazdy. Arhiwini göreýin, eger şol kitapdan ikisi bar bolsa biri siziňki, eger biri bar bolsa onda şol kitap siziňki bolar. Agamyň sözi ýerde ýatmasyn, nesip bolsa iki günden hökman getirerin — diýip söz berdim. Bolsa-da, ýekejesi bar eken, diýen günüm eltip berdim. Şonda onuň söze bitinlige aýratyn hormat goýýandygyny duýdum. Onuň bilen ýakyndan tanyşdyk. Bir gün halypa ýazyjy Hemra Şirow bilen jaňlaşanymyzda Çary aganyň döredijiliginden söz açyldy. Şonda Hemra aga: — Çary «köne esger»-lerden galanlaryň biri. Ikimizem gazet işine iň pes işden başladyk. Ol Gurbandurdy Gurbansähedow, Ata Atajanow, Italmaz Nuryýew, Daňatar Berdiýew, Abdylla Myradow ýaly uly halypalaryň köpüsi bilen bile işledi, şolaryň mekdebini geçdi. Ýazyjylyk, žurnalistlik medeniýetini, redaktirlemek — jümläni jümle etmek sungatyny öwrendi. Çary ýazanyny okatdyryp başardýan ýazyjy. Terjimede eseriň asyl nusgasyna nähili türkmen sözleriniň laýykdygyny, eseriň asyl nusgasynyň haýsy akymdadygyny bilýär, şol eseriň žanr özboluşlylygyny saklaýar. Eseriň diňe wakasynda däl, her bir sözüň, jümleleriň oýnunyň aňyrsynda syrlar ýatyr. Ol terjimelerinde säwilikleri goýbermejek bolýar, yhlas edýär. Onuň ýazyjylyk ugurdan öz şowly eserleri bar. Diňe dil bezegi däl, ol gazet-žurnalyň ülňi bezegine-de ökde. 1992-nji ýylda   Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň metbugat serişdelerinde bezeg işlerini ýerine ýetirmek boýunça ýurtlar arasyndaky bäsleşikde «Edebiýat we sungat» gazetiniň bezeg işleri üçin I derejeli diploma hem-de hormat hatyna mynasyp boldy. Onuň her bir sahypany ýerbe-ýer bezemegä ökdeligi, ussat suratkeşler bilen tirkeşdi. Ol Aşyrberdi Kürtüň şägirdi. Çarynyň gülküli ownuk žanrlara ýüzlenip döreden degişmeleri metbugatda kän çykýardy. Ol Ilýa Ilf bilen Ýewgeniý Petrow ikisiniň bilelikde döreden «On iki oturgyç», «Altyn göle» romanlary ýaly uly eserleri-de döredip bilerdi, ýöne nahalyň boý almagy üçin şert bolmaly. Onuň Mylly aga bilen garyndaşlyk ýakynlygy bar, belki, şonuň üçindir aýdym-saz sungatyna gowy düşünýär. Çarynyň adamkärçiligem gowudyr, ýüregi arassa — diýip gürrüň berdi. Aýdylan gürrüňleri ýadymdan çykmanka başardygymdan kagyza geçirdim. Çary aga hakynda irde-giçde düýplüräk makala ýazaryn diýip, maglumat toplap ýördüm.

Bir gezek žurnalist Ýegenmämmet Taýlyýew oňa: — Halypa, terjimede esasy zat näme, öz terjimäňiziň şowly ýa-da şowsuz çykandygyny kesgitläp bilýäňizmi?— diýip sowal berdi.

—Terjimede esasy zat kän. Terjimeçi terjime edýän eseriniň içinde «ýaşamaly», onuň awtory bilen bir gulakdan gopmaly. Terjime «Men näme diýýän, tamdyram näme diýýä» bolmaly däl. Terjime sözme-söz gitmeli däl, çeper bolmaly, oňa şirin türkmen dilini siňdirmeli, mahlasy eser türkmençe gürlemeli. Mysal üçin, şeýleräk terjimäni alyp göreliň: «Dükanda çörek we bulka önümleriniň dürli görnüşleri bar eken, men bulka almagy arzuw etdim…». Şeýle seredeňde düşnükli, eýesi-habary ýerbe-ýer. Ýöne, hany, bärde owadan türkmen dili? Ynha, terjimeçi şuň ýaly gülkünç sözlemlere ýol bermeli däl. «Iki dilem gowy bilýän» diýip, terjimä haýdabereniň bilen işiň şowlajagy gümana. Terjime edýän eseriň çeperçilik taraplaryny saklamaga çalyşmaly. Döredijiligiň islendik görnüşinde çeperçilik täriniň nämedigine düşünmezden, guraksy sözlemler bilen «süýji tagam» taýýarlap bolmaýa. Terjime sungaty hasam irginsizligi talap edýä. Sebäbi asyl nusgadaky käbir köpmanyly, aýlawly jümlelere, sözlere aň ýetirmek, soňam olary ýerbe-ýer türkmen dilinde bermek oýun-oýunjak iş däl. Dürli taýlaryny agtarmaly, iň soňunda-da iň ygtybarlysyny saýlamaly.Terjime eden eseriňe, elbetde, kärdeşleň, okyjylar köpçüligi baha berse ýagşy. Öwrenje ýazyjy, öwrenje terjimeçi öz ýazan hekaýasynyň ýa-da terjimesiniň ibaly çykanyny-çykmanyny aňsat-aňsat kesgitläp bilmeýä. Muň üçin wagt gerek, ýyllar gerek, türgenlik gerek. Tejribe toplaňsoň, dil goruň baýlaşansoň, tekiz ýöreýäni ýa-da büdreýäni düýdurýa. «Aý, şu ýerde-hä ejizledim, şu ýerini-hä asyl nusgasyndanam gowy alyp çykdym!» diýdirýän gezekleri bolýa. Ýöne tutuş göwrümli eseri asyl nusgasynyň derejesindenem zyýat terjime etmek, aňsat-aňsat, başardaýanok. Özüm-ä asyl nusga bilen deňeçerräk ýöräp bilsem, armanym ýok — diýip kiçigöwünlik bilen jogap berdi. Makala gyzykly bolsun diýip terjimeçi, ýazyjy Amangeldi Goşaýewiňem:

— Kärdeş, haýsy dile degişli bolanda-da terjimeden terjime edilen eserler «çorbaň çorbasy» ýaly duýulýa. Ýurdumyzda ýaşlaň dürli dillerden baş çykarmaklary üçin örän uly mümkinçilikler döredilýä. Şunuň bilen bagly terjimeçilik sungatynda her bir eseriň asyl nusgasyndan terjime edilmeginiň täsiri barada pikiriňizi paýlaşsaňyz — diýen sowaly bilenem ýüzlendik. Şonda ol:

— Amangeldi, özüňiz gowy bilýäňiz. Bizde belli bir döwürde, esasan, rus dilinden terjime etmek ýörgünli boldy. Munuňam birgiden sebäbi bar. Doganlyk rus halky bilen ykbalymyz çatlyşdy, ençeme halk bolup, bir güzerden suw içildi, bir il bolup ýaşaldy. Şunlukda, rus dilini ymykly öwrenmäge şert döredi. Ýörite sözlükler düzüldi. Şol sözlüklerem elujy däldi, düýplüdi. Umuman, rus dili häzirem dünýäde esasy dilleň biri hasaplanýa. Şu dilden terjime edýänlerem kem-kemden ökdeledi, tejribe toplady. Ýöne munuň üçin wagt gerek bolupdy. Başda ýüzleý, öwrenje terjimelere-de ýol berlipdi, säwliklerem gidipdi, ýoýulmalaram duşupdy. Ýöne ýuwaş-ýuwaş kämilligem gelipdi. Onlarça ýyllaň dowamynda Bäşim Ataýew, Annaly Berdiýew, Daňatar Berdiýew, Sapargeldi Annasähedow, Şadurdy Çaryýew, Aşyrberdi Kürt… ýaly ussatlyga gol beren terjimeçiler ýetişdi. Terjimeçilik mekdebi döräpdi. Mekdep häzirem dowam edýä. Özüňizem şol mekdebiň uçurymy. Ýöne, näme üçindir, şol ýyllar gös-göni beýleki dillerden terjime etmäge kembaha garaldy. Dogry, türki dillerden, arap-pars dillerinden azda-kände, has dogrusy, ujypsyzja terjimeler edilýädi. Ýöne hytaý, hindi, ýapon, koreý, ispan, nemes, italýan… ýaly dilleri öwrenmek, şol dillerden göni terjime edip bilýänleri ýetişdirmegiň aladasy edilmändir. Şu babatda, umuman, terjime sungaty barada ussat terjimeçi dostumyz Kakabaý Gurbanmyradow bilen kän pikir alşypdyk. Ol terjimeçileň halkara derejesinde geçirilen çäreleriniň birnäçesine gatnaşypdy. Şonda ondan: «Asyl nusgadan terjime etmegiň ýagdaýy beýleki respublikalarda nähiliräk?» diýip sorapdym. Bu aýdýanlarym 1989-njy ýylyň gürrüňi…— diýenden, Çary aga, Kakabaý agaň terjimeçiligi babatda «Onuň orny häzirem oýulyp dur» diýýänler kän. Belki, şol gürrüňleriň käbiri ýadyňyzda galandyr? — diýdim.

— Şol ýyllar Belarussiýada dünýä edebiýatynyň dür däneleriniň ýüz tomlugyny neşir etmek ugrukdyrylyp ýör eken. Özem şoňa diňe asyl nusgadan edilen terjimeler alynmaly edilipdir. Litwada-ha dünýä edebiýatynyň ýüz ýigrimi tomlugyny çykarmak ýola goýlupdyr. Ýöne Kakabaý ikimiziň söhbetdeşligimizde onuň estoniýaly kärdeşinden eşiden gürrüňleri has ünsümi çekipdi. Olar baryp 1960-njy ýyllardan bäri asyl nusgadan terjime etmäge meýillileri dil öwrenmek üçin dürli ýurtlara iberipdirler. 20-25 ýyl geçensoňam, dünýä halklarynyň segsenisiniň dilinden gös-göni terjimä girişipdirler. Diňe arap, hytaý dillerinden terjime etmek iňlis dili arkaly ýerine ýetirilipdir. Estonlar şahyr Gurbannazar Ezizowyň şygyrlaryny-da gowy görüpdi. Häzirki ýaly ýadymda. Olaň terjimeçisi ýörite Aşgabada-da gelipdi. Netijede Ezizowyň şygyrlarynyň gös-göni türkmençeden terjimesi eston dilinde aýratyn kitap bolup çapdan çykypdy. Şol ýyllar käbir türki dilli halklaň eserleri diýäýmeseň, terjime edilýän eserleň hemmesi diýen ýaly rus diliniň üsti bilen biziň dilimize geçirilýädi. Ana, şolaram Aman Goşaň aýdyşy ýaly, «çorbaň çorbasy» bolupdy, «çorbaň çorbasam», köplenç halatda, ýuwundy bolýa. Dogrusy, arasynda şowly çykanlaram bar, olaram inkär etmeli däl. Mysal üçin, «Müň bir gijäni» alyp göreliň. Arapçadan rusça geçirilen. Rusçadanam türkmençä. Men bu täsin kitabyň rusça nusgasynam okap gördüm. Birhili büdredýä. Akgynly gidenok. Emma türkmençesi has şirin, öz dilimizde ýazylan ýaly. Elbetde, eseriň terjimesiniň göwnejaý çykmagyny Bäşim Ataýewiň ussatlygy bilen düşündirmek bolar. Ynha, şeýle tejribelerem duş gelýä ahyry! Wagt geler. Şuňa-da berk ynanýan. «Müň bir gije» arapçadanam türkmençä geçiriler. Ana, şonda bu gyzykly eseriň süňňi hasam sagat çykar — diýip jogap berdi.

Ýazyjy Goçy Annasähedow: — Çary, döredijilige täzeden başlamaly bolsaňyz haýsy ugry saýlardyňyz?— diýdi.

— Döredijiligi saýlap bolmaýa, onuň özi «üstüňe hopba bolýa». Inim, Goçy, şahyr-a menden çykmady. Dogry, goşgujyklar düzen boldum, ýöne olary çapa hödürlemäge milt edip bilmedim. Hekaýalar ýazdym, terjime etdim. «Ne ýazyjy, ne terjimeçi» diýdirmedik bolsam bolýa.  Döredijiligiňi okyjy kesgitleýä.

Çagalykda ilki surat çeken boldum. Nakgaş Bäşim Nuralyň ogly Seýran  synpdaşymdy hemem oglanlyk dostumdy. Olam kakasy ýaly surat çekýädi. Şolara öýkünen bolmagym ähtimal. Oglanjykkam bäş ýyllap dutar gurnagyna-da gatnadym. Çagalar toparymyz bilen ýurdumyzyň dürli künjeginde, Özbegistanyň, Täjigistanyň şäherlerinde konsertler bilen çykyş etdik. Elime Magtymgulynyň kitabyny alyp, şahyryň goşgularyna aýdyma-da zowlatdym. Zorruk sesim bilen goňşy-golamlary ürküzip, bizaryny çykaran bolmagym mümkin. Saz dünýäsine düýrmegim bilen berlendirin-dä. Şo döwür — onki-on üç ýaşlamda gysgajyk sazam düzen boldum. Goşgusyny kitaplaň birinden alypdym. Awtorynyň kimdigini bilemok. Degişme goşgudy. Sazynam, sözünem şu wagta deňiç ýatdan bilýän, ýöne menden nakgaşam çykmady, kompozitoram. Sungata bolan söýgi welin, ýüregimde baky orun aldy. Döredijilik hemişelik hemram boldy. Käbir pursatlar bolsa, ruhy ganat berdi.

1976-njy ýylyň başlarydy. Günlerde bir gün ýolda şahyr Nobatguly Rejebow sataşdy. Gadyrly görüşdik. Birden Nobatguly:

— Çary, buşlugyma näme berjek? — diýdi. Ör-gökden geldim: — O nämäň buşlugy?

— Hekaýaň çykypdyr, şoň buşlugy.

— Hekaýam onsuzam çykyp dur-a!

— Ahow, özbekçe hekaýaň çykypdyr. Özbek dostum bar. Şol: «Biz siziň ýazyjylaňňyzyň hekaýalaryny-da öz neşirimizde berýändiris görseň» diýdi. Oň diýýäni seň hekaýaň bolmaly.

Nobatguly oýun edýändir öýtdüm. Özbek neşirlerine hekaýa ibermesem näme? Özümem döredijilige ýaňy başlan uçurlarym, kim hekaýamy özbek dilinde çykarsyn? Gözüm bilen görmesem, ynanmajagymy aýtdym. Ertesi Nobatguly redaksiýa geldi. Elinde-de žurnal. Başky sahaby goparylypdyr. Soňky sahabam biraz tüýdülipdir. Bolsa-da, içi abat eken. Agdaryşdyryp 236-njy sahypasyna ýetenimde öz adyma gabat geldim. Çori Geldimurodow. «Uz işining ustasy». Terjimeçi Maşarip Safarow diňe bir hekaýamy däl, eýsem adymy, familiýamy-da «terjime edipdir». Hekaýam iki ýyl özal «Edebiýat we sungatda» çykypdy. Diýmek, Özbegistanda-da gazetimizi alýanlar, okaýanlar bar eken. Munuň özi garaşylmadyk sowgatdy. Nobatgulyň özbek dostunyň barlygam bir taň zat. Ýogsa, hekaýamyň «Şark ýulduzi» («Gündogar ýyldyzy») žurnalynda çykanyny bilmezligim-de mümkindi. Arman, şonda Nobatgulyň «buşlugyny» bermegi unudypdyryn. Gatyrak begenendirin-dä — diýip gürrüň berdi.

Çary aga-da täsin gürrüňler kän. Her gezek jaňlaşamyzda dürli temalardan gürrüň gözgaýas.

 — Çeper eser, köplenç gyzykly bolýa. Ýöne dokumental žanrlarda-da täsin wakalar duş gelýä. Ana, şolaram okyjylara ýetiresiň gelýä. Ýigrimi-otuz ýyl mundan ozal «futboluň şasy» diýlip ykrar edilen Pele hakynda çeper eseriň derejesindäki bir makala duş geldim. Maňzyma batansoň, durup bilmän, ony türkmençä geçirdim. Pele öz döwründe ýurdunyň baýlygyna deňelipdi. Ýewropa ýurtlarynyň belli futbol toparlary  braziliýaly bu hüjümçini öz hatarlaryna goşmak üçin pul baryny hödürleýäler. Emma Braziliýanyň şol wagtky Prezidenti ýörite perman çykaryp, Peläni ýurduň baýlygy diýip yglan edýä. Ýurduň baýlygyny bolsa, daşyna çykarmak gadagandy. Şol terjimeden bir parça:

«1970-nji ýylda Nigeriýada içerki agzalalyk dowam edýärdi. Taraplar biri-birine öçlüdi. Ýurda ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmek üçin «Santos» topary gelipdi. Elbetde, olaryň arasynda Pele-de bardy. Peläniň oýnaýşyny görmek üçin dawaly taraplar ýörite iki günlük ýaraşyk yglan edipdirler. Hawa, şahsyýet güýçli bolanda dawa-jenjelleri-de togtadyp bilýä.

1965-nji ýylda Pele «Meniň adym — Pele» atly terjimehal şekilli kitabyny çykartdy. Onda ady rowaýata öwrülen futbolçy öz durmuş ýoly barada gürrüň berýädi. Şol ýyllar Braziliýada çalasowat kişiler ýetik eken. Ana, şol adamlaram öz söýgüli futbolçularynyň ýazan kitabyny okamak üçin elipbiý satyn alyp, harplary hem-de kitaby okamagy öwrenipdirler. Munuň üçin Braziliýanyň Magaryf ministrligi futbolça ýadygärlik altyn medal gowşurypdy…»

Geň galdyran täsin maglumatly wakalary okaňda, olary ur-tut terjime etmegiň hyýalyna münýäň. Arada redaksiýaň bölümi dünýä belli rus ýazyjysy Lew Tolstoýyň bir hekaýasyny terjime etmegi tabşyrdy. Eseri okap çykdym. Din bilen azda-kände çatlyşýan ýeri-de bar. Öwüt beriji äheňli, rowaýata-da meňzäp dur. Hiç täsirine düşüp bilmedim. «Hany başlaýyn, soň yzyny alyp çykaryn-la!» diýibem gördüm. Teý elim barmady. Ahyry goýbolsun etdim. Terjime sungatynda şeýle ýagdaýlaram gabat gelýä. Ýogsa hekaýany ýazan hele-müçük adam däl. Belki, manysyny düýpden alyp bilen däldirin. Ýa-da «ruhuňa laýyk gelmese, terjime etmeli däl» diýilýäniniň jany bar bolaýmasa?

Ir döwürde halypalammyzyň biri Daňatar Berdiýew şeýle gürrüň beripdi: «Terjime etjek bolsaň, özüňe bil baglamaly, bahana gözlemeli däl. Lükgeligiň bilen daşyna geçmeli, başga hiç zadyň pikirini etmeli däl. Kynçylykly ýagdaýlar dörände, sözlüklerden, köpi gören, köp bilýän adamlardan haraý gözlemeli, soramaly. Özüm-ä şeýdýän, hatda eseri öňünden okabam göremok. Şeýtseň terjime edýän wagtyň onuň gyzygy gaçýan ýaly bolýa…» diýipdi. «Don Kihotam», terjime eden beýleki göwrümli eserlemmi-de öňünden okamadym. Aslynda hiç haçan roman terjime etmegiň tarapynda däldim. Ýassyk ýaly kitaplaň aňyrsyna çykmak üçin ýyllar gerek, sabyr-takatlylyk gerek. «Don Kihoty» türkmen diline geçirmek pikiri düýşüme-de girenokdy. «Oňararsyň» diýip boýnuma dakdylar. Ynam gowy zat, ýöne agyr terjime eken. Beýle çylşyrymly, ejirli terjimäni öňde-soňda göremok. Gowy tarapy, roman ruhuma laýykdy. Don Kihotyň sadalykdan gönümelligi, Sançoň ýomak gatyşykly mekirje gep oklamalary  öz döredijiligime-de ýakyndy. Käwagt öýdäki iş otagymyň üstünde «Don Kihotyň» iki jildinem münderläp goýýan welin, äpet bir zada öwrülýä duruberýä. Daşyndan hopukdyrýa. «Täzeden daşyna geç!» diýäýseler, gaty ýaýdandyrjak. Şol wagt soňuny saýman boýun alşyma, durup-durup haýran galýan. Elbetde, «Don Kihotda» türkmen dilinde ýok düşünjeler kän duşdy. Ýagdaý tapdygyňdan olara laýyk taý gözleýäň, hatda täzeräk sözem ýasalýa, şol täzeräk söz özüňe dürs görünse, ýasama çykmasa, okyjylar köpçüligi-de ony unaýa. Halys paltaň daşa degende, onda çykgytda şol sözüň düşündirişini bereniň ýagşy. Käbir mysallar: «Don Kihotda» «Полторы девицы» diýen iki söz gabat geldi. Gös-göni alsaň-a «Bir ýarym gyzlar» bolýa. Şeýdip alsaň, «Okan namazyň ürküzen gurbagaňa degjek» däl. Okyjylaram gözlerini mölerdip galjak. Şeýlelikde, «Don Kihoty» redaktirlän Maksat Bäşimow onuň manysyny eseriň türkçe neşirinden gözläp tapdy. Ol şeýleräk manyda eken: «Gyzlaň bir-ä horja, çepiksije, beýlekisem etli-ganly, dolmuş». «Don Kihotdan» ýene bir jümle: «Приключения в замке следи-и-бди очаровательны…». Elbetde, gala taryhy gala däl. Serwantes ony toslap tapypdyr.  Birhili degişmeräk äheňinde-de görünýä. Onsoň rusça geçiren terjimeçi-de ony manysyna göräräk öz dilinde ýasapdyr. Indi menem şeýtmelidim.Ýöne sazlaşyp duran şu iki sözi tapmak birbada hupbat ýamanyny  berdi. Ahyrynda-da  galaň adyny «Göz-gulak bol — hüşgär bol» diýip aldym. Boldum-boldum ediberildem. Ýöne çapa gitjek-gitjegiň öňüsyrasy «Şu iki sözüň başgarak taýy tapylmazmyka?» diýip öýe til kakdylar. Sähelçe wagtlygam puryja berdiler. Gyssalyp durulsa, derrew uç tapyljak eken. Onuň terjimesi sere derrew doldy: «Bek dur-sak dur». Rusça nusgasy sazlaşyklydy. Indi türkmençesem sazlaşdy duruberdi. Bogun sanlaryna çenli deň geldi. Terjime edýän eseriň bilen «ýatyp-turmasaň», onda senden terjimeçi bolmaz. Hatda ýekeje söz, ýekeje aňlatma günüňe goýanok, terjimäň taýynyň  makul däldigini bilip dursuň, emma şondan gowusy welin, kellä gelenok. Beýni gazanynda ýeterlik gaýnamadyk, heniz çig-çarsy söz günüňe goýmajak eken. Zol-zol beýniňi çokalap durýa. «Погонщик» sözüni «mal kowujy» diýip alsam gowumy ýa-da «mal sürüji»? Şundan gowy taýy bardyr diýip oýuma-da getiremokdym.  Sebäbi sözlükde-de «погонщик»  sözüne «sürüji», «погонщик скота» sözüne-de «mal sürüji» diýlip düşündiriş berilýädi. Ýöne elim boş öýde otyrkam, birden «sürekçi» diýen söz ýadyma düşdi. Nähili owadan söz. Eseriň süňňüne-de dürs gelip dur. Derrew «mal kowyjynyň» üstünden atanak çekip, «sürekçi» diýip düzetdim. Öz ýanymdan gala alan ýaly monça boldum. Hawa, terjimeçi işiň barşynda iki dilde oýlanýa, şonda ol öz halkynyň halky dilini tapmaga dyrjaşmaly. Rus dilinden terjime edilende, dogrudanam, sözleň tertibi üýtgeýä. Käwagtlar-a halys çoçgara-da çolaşýaň. Sebäbi dört-bäş sözlemdäki pikiriň dowamlylygyny saklamak isleseň, onuň manysynyň türkmençe nusgasyndaky yzygiderliligini-de saklamak isleseň, terjimäni bäşinji sözlemden başlamaly ýagdaýlaňňam bolýa. «Don KIhotda» itiň içegesi ýaly uzyn sözlemler kän duşdy. Okap aňyrsyna çykýançaň demiň tükenere gelýä. Aňsatjak tapan ýerimden bir mysal getirjek. Ýekeje abzas tas bir sahypany tutup dur. Barysy-da bir sözlemiň çygrynda. Şol sözlemde-de 40 sany kiçeňräk sözlem, 160 sanam söz bar. Terjime mahaly gözüň-başyň aýlanyp gidýä. Şulary türkmençede birsydyrgyn bermek mümkin däl. Onsoň, kiçijik sözlemleňňem, sözleňňem tertibini bozmaly bolýarsyň. Şeýle mysallary kitabyň eliňi uran ýerinden tapmak mümkin. Şondan ötri, her kim «biçüwi» özüne laýyklamaly. Asyl nusga daňlyp oturmaly däl. Ýogsa, biçen donuňyzyň bir ýeňi uzyn, bir ýeňi kelte çykar. Tejribeli terjimeçi hökman «gelşikli don biçmeli» — diýip gürrüň berse, käte ol çagalyk pursatlaryny-da ýatlaýa.

— 14-15 ýaşly ýetginjekdim. Ýer titremesinden soň wagtlaýyn gurlan obamyz ýuwaş-ýuwaş göçürilip ugraldy. Oglan döwrüňdäki dostluk başgaça bolýa. Hatda Ata diýen dostum Gowşuda göçende gözüme ýaş aýlapdym. Agaly diýen dostumyz-a bizden 4-5 ýaş uludy. Olar demir ýoldan gaýrada gurulýan täze oba göçüpdiler. Ony goşun gulluga üýşüp ugradypdyk. Günlerde bir gün «Agaly öýlerine görme-görşe gelipdir» diýen habar gulagymyza degdi. Derrew 7-8 sany oglan bolup üýşdük. Garaňky gatlyşyberipdi. Şonda-da topbagymyz bilen Agalylara ýüwürdik. Göçgünli döwrümiz. Gohumyza Agalyň kakasy Esen aga howla çykdy. Salam berdik. «Agaly gelipdir, görşäýjekdik» diýşip ýerli-ýerden jedirdeşdik. Esen aga bizi diňledi-de, soňam barymyzy öýe saldy. Ýekän-ýekän halymyzdan habar aldy. Köpimiz-ä ýüzümizdenem tanady. Onýança öňümizde saçak ýazylyp, çaý goýuldy. Biz Agala garaşýadyk, ony göresimiz gelýädi. «Agaly nirede?» diýip zol-zol soraýadyk. Az wagtdan saçaga üç-dört tabak mäş çekildi. Gapdalynda-da tamdyr nany.

— Hany, köşekler, işdä saklamaň-da, iýiň! Düýbünde goýmasy ýokdur, Agalam geler onýança — diýip, Esen aga mürähet etdi. Utandyrmajak bolubam, nahar iýşimize seretmän, ýüzüni keseräk sowup otyrdy. Şeýle süýji bişirilen mäşi hiç haçan iýip gören däldirin. Henize çenli tagamy agzymdan gidenok. Iýip-içip bolduk. Esen aga töwir galdyrdy. Soňam şeýle diýdi: — Agalyň geleni çyn, Gyzylarbatdan esgerlige çagyrylanlary ýygnamaga iberilipdir. Aýak üstünden oturyp gitdi. Ine-gana gürleşibem bilmedik. Ýene alty aýy galdy. Ýörite baggoýun saklap ýörün. Söwüş etjekdirin. Hökman geliň…

Ýetginjek döwrümdäki şu pursat, gel-gel, indi-indi ýada düşüp ýör. Eýsem-de bolsa, Esen aga bizi aýak üstündenem ugradyp bilerdi, muň üçin ondan öýke-kine-de edip oturmazdyk. Ýöne ol oglunyň dostlaryny oglundan kem görmedi. Agzy sary jahyllary töre geçirip, hödür-kerem etdi, diňe şondan soň ugradyp, myhmanparazlygyň nusgasyny görkezdi. Ine, şuna-da türkmençilik diýilýä! Durmuşda sapak edinäýmeli pursatlar başga-da kän duş geldi. Kakam ir döwürde iki sany ýetim garyndaşymyzy öýünde saklapdy, ikisinem öýli-işikli edipdi. Ýogsa, şo döwürde güzeran görmek beýle bir aňsadam däldi. Ýöne adamlarda türkmençiligiň howandarlyk duýgusy ösendi. Babam ýörite saman kepbe salyp, şo taýda ýetim-ýesirleri saklapdy. Şolaň hiç biri-de ýakyn hossary däldi. Akmämmet daýymam ýygy-ýygydan myhmançylyga gelerdi. Her saparam bize — çagalara bir kagyz guýguç köke ýa-da süýji getirerdi. Käwagt-a gaýdanda meni ýörite ýanyna alyp, ýolda buzgaýmak satyn alyp bererdi.

Käte oýlanýan. Menem durmuşda şularça bolup bildimmikäm? Şolardan, özüme, heý, bir zat ýokdumyka? Özüňe baha bermek kyn. Içimdenem: «Olar ýaly bolmak başardasy ýok-la» diýip oňýan. Biraz soňam: «Aý, bizem ile-güne ýagşylyk etmegi başarmasagam, göz-görtele ýamanlyg-a eden däldiris-le» diýip, öz-özümi köşeşdirýän — diýýä. Menem oňa — Çary aga, durmuşda, heý, ökünen ýeriňiz boldumy? — diýip, sowal baryny berýän.

— Dagy näme! Onda-da telim ýola. Ýekejesini ýatlaýyn. 1979-njy ýylda «Edebiýat we sungat» gazetinde işleýädim. Suratçymyz Omar Sähetgylyjow ikimiz Lebap welaýatyna iş sapara gitdik. Halaçdan Çärjewe (häzirki Türkmenabat) gaýtmalydyk. Wagt gyssaýady. Otla ýetişmelidik. Ulag tapdyranokdy. Ahyry ýol gözegçilik gullugynyň wekili ala taýagyny galdyryp, ýük maşynyny saklady. Omar ikimiz bärräkde durduk, ýük maşyndan bäbekli, görmegeý saryýagyz gelin düşdi. Ýol gözegçilik gullugynyň wekili bizi ulaga ündedi. Men Omaryň ýüzüne seredip, başymy ýaýkadym. Ol: «Inim, indiki ulaga garaşaýaly, çagaly gelni ýoldan saklamaly» diýdi. Ýol gözegçilik gullugynyň wekili: «Siz otludan galmaň! Men gelni yz ýanyňyzdan gelýän ulaga elin mündürip ugradaryn. Hatyrjem boluň…» diýip,  amanymyza-zamanymyza bakman, bizi ulaga mündürdi. Tä demir ýol menziline gelinçäk, sesimizi çykarman dymdyk. Otla petek tapdyrmady. Şonda-da eýdip-beýdip otla daklyşdyk, içinde-de ýer-jaý ýok. Tä Aşgabada çenli dik aýak üstünde diýen ýaly geldik. Gaty kösendik.

Çagaly gelin— keramat. Biz keramatyň üstünden ätläp geçmek isledik. Elbetde, ýöriteläb-ä etmedik. Ýöne, barybir, biz ýazykly. Ýalňyş hereketleň tutuş ömrüň dowamynda zol-zol böwrüňe hürsekläp ýatladyp durýa, içiňe girip, ýatara-turara goýanok. Adam çig süýt emen. Giç düşünýä. Şoň üçinem ahmyra ýol goýmajak bolmaly-da!— diýip maslahat berýä. Özem goňşymyz Mämmet aga ýaly küşt oýnamagy gowy görýä.

— Ýaş döwrümde küşti ürç edip oýnapdym. Häzir küştüň mallaryny elläp görmänime otuz ýyl dagy bolandyr. Küşti kakamdan öwrenipdim. Ol edarada («Türkmenistan» neşirýatynda) geçirilýän ýaryşlarda, köplenç baýrakly orunlary eýeleýädi. Bir döwürde günorta arakesmede «Türkmenistan» gazetinde küşt oýnamak ýoň boldy. Žurnalist, terjimeçi Mämmet Orusow küşt oýnunyň ussadydy. Barymyz şonuň daşyna üýşerdik. Oňa «Mämmet agaň küşt klubam» diýerdik. Küşt oýnamaga ussat gaty kän adamlar gelerdi. Ýazyjy, terjimeçi Sapargeldi Annasähedow, terjimeçi Orazdurdy Gaýybow, birinji razrýadly küştçi, žurnalist Batyr Hallyýew, žurnalist, türkmen dilinde erkin gürleýän Wladimir Kraşeninnikow..dagy «klubuň» ökde küştçüleri hasaplanýady. Bu ýere hatda ýurduň küşt boýunça ozalky çempionlary Amanmyrat Kakageldiýew bilen Anatoliý Kudrýaşow hem gelerdi. Tarap-tarap bolup üýşüp küşt oýnalardy. Şonda gyzykly pursatlaram ýüz berýädi — diýip küşt oýnunyň taryhy bilen bagly gürrüň berdi. Soňra-da — Ýakyn taryhymyzda-da ussat küştçüler kän. Şolaň biri-de asly büzmeýinli, käri boýunça suwçy bolan Täşli Taýlyýewdir. Ol halkyň içinden dömüp çykan ýiti zehinli küştçüdi. Küştüň teoriýasyny bütinleý bilmese-de, öz döwründe meşhur küştçüleri ýeňmegi başarypdy. Geçen asyryň ellinji ýyllarynyň başlarynda ol oba küştçüleriniň arasynda geçirilen bütinsoýuz ýaryşynyň ýeňijisi bolupdy. Birneme soňrak dünýäň ozalky çempionlary Mihail Botwinnik, Mihail Tal dagy dürli ýyllarda biziň ýurdumyza gelipdi, şonda Täşli Taýlyýew bilenem görşüpdiler. Özümde-de küşt teoriýasynyň gollanmalary, belli küştçüler hakynda ençeme kitaplar bar. Küşt hakynda makalalaram ýazypdym. Ussat küştçüler bilen baglanyşykly gysgajyk hekaýatlary türkmen diline geçiripdim. «Ömrüzaýa ýyldyzy» ýa-da Fişer küşt täjini hiç kime bermän gitdi» atly göwrümli makalam 2008-nji ýylda «Watan» gazetinde çykypdy. Küşt bilen gyzyklanýanlaň arasynda Fişeri tanamaýan ýok. Küşt ýurdumyzda-da iň söýgüli oýunlaň biridir — diýip, gyzykly gürrüňler berýä, ýöne terjimeçilik sungaty esasy gürrüňleriniň biri.

— Käwagt terjimede bilip duran zadyňda-da säwlik goýberilýä. Günlerde bir gün redaksiýada ýazyjy Döwletmyrat Nuryýew duşdy. Ol «Don Kihotyň» terjimesini okaýandygyny aýdyp, şeýle diýdi: «Terjimäň bir ýerinde «eşegi eýerledi» diýip alaýypsyň-la?» diýdi. Menem ýüzüniň ugruna: «Eşek eýerlenenok, eşege gaňňa salynýa!» diýip jogap berdim. Öz ýanymdanam şeýle göz-görtele ýalňyşlygy goýberşime haýran galdym. At eýerlenýä, eşek gaňňalanýa, düýe howutlanýa…

Ruslarda «Оседлать коня», «оседлать осла» — münmek babatda ikisinde-de tapawut goýulmansoň, oýlanmazdan, eşegi gaňňalaman, eýerlän bolmagym ähtimal.

Ýöne okyjylaram hil-hil. Ýönekeý söze — könelişen söze düşünmän, olaň näme many berýänini soraýanlaram gabat gelýä. Şunuň ýaly pursatlarda öňürti sözlükleri dörmeli, diňe şol ýerden ýitigiňi tapmadyk ýagdaýyňda terjimeçä talap bildirmeli.

Mysal üçin, go: la, garalla, neşe… sözleri. «Türkmen diliniň düşündirişli sözlügini» açaňda, bulara doly düşündiriş berilýä.

«1.Go:la — gurşundan guýlan kenek.

2.Garalla — garalla bilmek, kyn görmek.

3.Neşe — göçme manyda. Ýykgyn edilýän zat, ýoň, nysak, ýörelge. Soňky döwürde gaty köp maşynly gelin getirmek neşe bolupdyr».

Bir söz köp manyda gelip bilýä. Olardan dogry netije çykarmagy başarmagymyz gerek — diýip hem öwredýä hemem öz ýalňyşlyk goýberen ýerlerinem gizlänok.

      Çary aga ýazanda-da, gürrüň berende-de gülküli hem gussaly pursatlar bilen sazlaşykly bezäp gyzyklandyrýar. Onuň ýeňil geçmedik ykbal ýollarynyň şatlykly hem gussaly pursatlarynyň ýatlamalaryny bir makala sygdyrmak mümkin däl. Janyňyz sag, ömrüňiz uzak, döredijiligiňiz hemişe ganatly bolsun, HALYPA!

Akgül SAPAROWA.

Ýene-de okaň

Gylyçmyrat Kakabaýew:Watan baky aýdym

Ata Watan Eserleri

Ada Gutlyýew: ylahy zehiniň sergisi

Gurbanjeren Meredowa: kino terjimeçiliginden başlanan tanyşlyk 

Orazguly Annaýew: zamananyň çeper söz senediniň ussady 

Ata Watan Eserleri

Osman Saparow: kino sungatynyň kämil halypasy

Ata Watan Eserleri

Toýly Meredow: ýagşy adam ýatdan çykmaz